Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ogluna nebit-gaz pudagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa ýurduň nebit-gaz toplumyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada hökümetiň "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

Türkmenistan dünýädäki iň uly tebigy gaz gorlaryndan birine eýe bolup, gaz üpjünçiliginde dünýäde dördünji orunda durýar.

Uglewodorod söwdasy ýurduň býujet girdejileriniň iň möhüm maddasy bolup durýar. Emma adam hukuklaryny goraýan “Crude Accountability” guramasynyň maglumatyna görä, energiýa eksportyndan alnan puluň 80 göterimine çenli gümürtik ykdysadyýete, şol sanda prezident Berdimuhamedowyň we onuň maşgalasynyň şahsy hasaplaryna gidýär.

Türkmenistanyň býujet girdejileri tapgyr birnäçe ýyl bäri azalýar, ýurt agyr ykdysady krizise sezewar boldy, emma ýolbaşçylar muny ykrar etmeýär.

Ýurduň ykdysadyýetine hökümetde fewral aýyndan bäri kiçi Berdimuhamedow jogapkär; ol özi üçin ýörite döredilen orna, kakasynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Serdar Berdimuhamedowyň wezipe basgançaklaryndaky ösüşi kakasynyň oňa mirasdüşer hökmünde seredýändigini açyk görkezýär.

Ol Moskwadaky ilçihanada işledi, Diplomatik akademiýada, soňra Ženewada okady. Kiçi Berdimuhamedow bir ýyl ozal senagat ministri wezipesine bellendi we birnäçe halkara ýygnaga gatnaşyp, Türkmenistana wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly resmi habarlarda "halkyň ogly" diýlip häsiýetlendirilse, onuň kakasy bilen köpçüligiň öňünde peýda bolmagy "nesilleriň dowamlylygynyň nyşany" diýlip atlandyrylýar.

XS
SM
MD
LG