Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Prezidentiň abraýyny zaýalaýar." Prezidentiň ogly dükanlardaky azyk nobatlaryna garşy çykýar


Azyk dükanyndaky nobat, Aşgabat, maý, 2020-nji ýyl. 

Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ykrar edilmeýän azyk krizisi barha agyrlaşýar. Adamlar esasy azyk önümlerini satyn almak üçin boş duran döwlet dükanlarynyň daşynda birnäçe hepdeläp garaşyp durýarlar. Hususy söwda nokatlaryndaky bahalaryň ýokarlanmagy, gitdigiçe has köp adamy döwlet dükanlaryndan azyk satyn almaga mejbur edýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň häkimiýetleri azyk krizisini çözmegiň we ilaty zerur iýmit bilen üpjün etmegiň ýerine, nobatlary ýok etmek üçin çäreleri güýçlendirýärler we dürli ýollary oýlap tapýarlar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satyjylar nobatlary azaltmak üçin, käbir ýagdaýlarda alyjylar bilen ylalaşýarlar. Dükanlaryň birinde satyjy aýallar alyjylaryň telefon belgilerini ýazýarlar we subsidirlenen önümler getirilende satuwyň başlanjak wagtyny alyjylara telefon arkaly habar berjegini wada berip, nobatlary sowmaga howlukýarlar. Şeýdip, olar alyjylaryň dükanyň gapysynda hatara durmagynyň öňüni alýarlar.

Azatlygyň çeşmelerine görä, häzir nobatlaryň döremegine garşy çäreleriň güýçlendirilmegi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen baglanyşykly.

"Serdar Berdimuhamedow söwda ministrinden raýatlaryň dükanlaryň töweregine ýa-da öňünde ýygnanmazlygyny talap etdi. Ol märekäniň prezident kakasynyň abraýyny zaýalaýandygyny aýtdy" -diýip, Söwda ministrligindäki çeşme adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi we Serdar Berdimuhamedowyň buýrugyndan soň indi dükan ýolbaşçylarynyň dükanlaryň töweregindäki ýagdaýa gözegçilik edip, nobatlary dargatmaly bolandygyny belledi.

Şeýle-de, çeşme soňky wagtda Serdar Berdimuhamedowyň gara reňkli awtoulagly paýtagta ýygy-ýygydan aýlanyp, adamlaryň ýygnanýan ýerlerini syn edýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Söwda ministrliginden we Aşgabadyň häkimliginden resmi taýdan habar alyp bilmedi.

39 ýaşly Serdar Berdimuhamedow üçin fewral aýynda hökümet baştutanynyň orunbasary wezipesi goşmaça döredildi, ol Howpsuzlyk Geňeşinde orun aldy, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasyna başlyk bellendi. Ýaňy-ýakynda oňa Daşary işler ministrliginiň başlygynyň käbir ygtyýarlyklary berildi we ol Türkmen Alabaý birleşigini dolandyrmagyny dowam etdirdi.

Çörek, un, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga nobatlary ýurtda 4 ýyl bäri saklanyp galýar. Harytlaryň adamlara ujypsyz möçberde satylýandygyna garamazdan, hemmä ýetmeýär. Şeýlelik bilen, adamlaryň uzyn nobatlarda durmagy azyk satyn aljagyny kepillendirmeýär. Soňky birnäçe aýyň dowamynda krizis hasam güýçlendi. Indi adamlar köplenç boş dükanlaryň öňünde ýygnanyp, önüm satuwynyň başlamagyna garaşmaly bolýarlar.

Oba ýerlerinde azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy hasam ýaramaz. Köp obalara un we ösümlik ýagy ýarym ýyla çenli wagtyň dowamynda getirilmeýär.

Bu aralykda, Marynyň ýaşaýjylary iki hepde bäri döwlet dükanynda etiň satylmagyna garaşdylar.

Et 13-nji aprelde Mollanepes köçesinde ýerleşýän Gök bazarda döwlet bahasyndan satylypdyr. Ýerli habarçymyzyň maglumatyna görä, et adatça hepdede iki gün satylan bolsa, soňky wagtda asla satuwda bolmandyr we adamlar ätiýaçdan günde gijelerine sagat 2-de nobata durup, daňdana çenli garaşypdyr.

Marydaky habarçymyz 13-nji aprelde et nobatynyň 1000 adama ýetendigini, her kime diňe 2 kilogram doňdurylan etiň bir kilogramy 36 manatdan satylandygyny gürrüň berdi.

Habarçy etiň özboluşly ýakymsyz ysynyň bardygyny belledi we onuň näme etdigi, nirede öndürilendigi barada berlen sowallara satyjylaryň belli bir jogap berip bilmändigini aýtdy. Muňa garamazdan, et satyn almak isleýänler köp bolup, haryt hemmä ýetmändir. Hususan-da, 13-nji aprelde 50 töweregi adam et satyn alyp bilipdir, sebäbi irden 5: 30-da başlanan söwda ýarym sagatdan soň tamamlanypdyr. Nobatda duranlaryň köpüsi eli boş gaýtmaly bolupdyr.

Bu aralykda hususy dükanlarda etiň bir kilogramynyň bahasy 70 manat çemesi.

Bahalaryň çalt ýokarlanmagynyň, azyk önümleriniň ýetmezçiliginiň, gytçylygyň we nobatlaryň fonunda ýeter-ýetmezçilikden ýadan we esli wagtlap garaşyp durýan adamlaryň arasynda dawalar, ýakalaşyklar ýüze çykýar. Häzirki wagtda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri bolmagy çak edilýän raýat geýimli adamlar nobatlardaky dawa-jenjellere syn edýär we olary surata düşürýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Gök bazaryň derwezeleri ýarym sagatlyk söwda gutaryp, ir sagat 6: 00-da ýapylansoň, gaharly adamlar derwezeleri kakyp, prezidente aç-açan käýinip başlapdyr.

"Prezident adamlaryň çagalary bilen bilelikde açlykdan gyrylmagyny isleýär diýip gygyrdylar. Şol wagt birnäçe polisiýa işgäri gelip, käbirleriň ellerini arkasyna gaňryp başlady we polisiýa eltmäge synanyşdy. Emma mähelle polisiýa garşy durdy we tussag edilenleri gorady" - diýip, Azatlygyň habarçysy 13-nji aprelde aýtdy. Onuň sözlerine görä, tutulan adamlary goramaga girişenlere gygyryp başlan bir polisiýa işgärini märeke ýere ýykypdyr. Netijede polisiýa işgärleri şol ýerden gitmäge mejbur bolupdyr.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary azyk krizisi ýaly agyr sosial-ykdysady problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmegiň ýerine, ýagdaýyň agyrlaşmagyndan nägile bolýan ilata basyş etmäge synanyşýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG