Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Günorta Afrikada tapylan 'aladaly' COVID görnüşinden soň gyssagly maslahat edýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Günorta afrikaly alymlar sanjymlardan sowa geçmäge mümkinçilik berýän gaty köp mutasiýa, özgerme ukyby bolan aşa ýokanç koronawirus görnüşiniň tapylandygyny aýdýarlar.

Bütindünýä saglyk guramasy wirusyň täze wariantyna gözegçilik edýär we onuň pandemiýa hem-de sanjymlar babatynda nämäni aňladýandygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 26-njy noýabrda gyssagly maslahat geçirmegi meýilleşdirýär.

"Bu ýerdäki alada, mutasiýa köp bolsa, onuň wirusyň gylyk-häsiýetine täsir edip biljegi bilen bagly” diýip, BSG-nyň COVID-19 boýunça tehniki ýolbaşçysy Mariýa Wan Kerhow 25-nji noýabrda geçirilen wirtual metbugat ýygnagynda aýtdy.

Häzirki wagtda B.1.1.529 diýlip kesgitlenen wariant şu wagta çenli tapylan iň agyr mutasiýa ukyby bolan wirus görnüşi hasaplanýar. Bu wariant esasan Günorta Afrikanyň iň köp ilatly sebiti bolan Gautengde jemlenen, bu sebit Johannesburgy we paýtagt Pretoriýany hem öz içine alýar.

Günorta Afrikadaky epidemiýa garşy göreş we innowasiýa merkeziniň müdiri, professor Tulio de Oliweýra täze wariantyň “mutasiýa derejesinde hakykatdanam aladalydygyny” we beýleki wariantlardan tapawutlydygyny aýtdy.

Wirusolog brifingde bu wariantyň 50 mutasiýasynyň bardygyny aýtdy.

Iňlis hökümeti, muňa jogap hökmünde, 26-njy noýabrdan başlap Günorta Afrikadan we beýleki günorta Afrika ýurtlaryndan gelýän uçar gatnawlaryny gadagan edýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG