Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" kölegesi. Serhet ýakasyndaky täjikler nähili ýaşaýarlar we nämeden howatyr edýärler


Täjik serhetçileri
Täjik serhetçileri

Penç derýasy dar, käbir ýerlerde onuň ini 20 metrden giň däl. Eger ol ýerden Owganystanyň hem Täjigistanyň serhedi geçmeýän bolsa, derýadan geçmek asla kyn bolmazdy. Derýa Täjigistanyň günorta-gündogar sebiti bolan Daglyk-Badahşan awtonom welaýatyny Owganystandan bölýär. Öň bu derýa Täjigistanyň serhetçileri tarapyndan gözegçilik edilmedik bolsa, soňky aýlarda, "Talyban" Owganystandaky häkimiýete gaýdyp gelensoň, resmi Duşenbe üçin bu serhet başagyryly meselä öwrüldi. Söweşijiler şahadatyň şekili çekilen ak baýdagyň astynda, Penç derýasyndan geçip gelmezlermi?

Daglyk-Badahşan ýowuz şertlerde ýerleşýär, ol ýaşaýşa beýle bir amatly däl. Tutuş sebiti diýen ýaly Pamir daglary gurşaýar. Ýeke-täk kadaly ýer – Penç derýasynyň jülgesi bolaýmasa, suw ýetmezçiligi yzygiderli duýulýar. Derýanyň iki kenarynda ýerli ilat – Badahşan pamirlileri gür ýerleşipdir.

Emomali Rahmonyň gorkusy

Awgust aýynyň ortalarynda, “Talyban” goşunlary Kabuly basyp alanda, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Owganystanyň täze hökümet ýolbaşçylaryny birnäçe gezek tankytlady. Rahmon goňşy ýurda “ähli taraplary öz içine alýan hökümetiň” döredilmegini we etnik täjikleriň rolunyň ykrar edilmegini talap edýär (täjikler Owganystanyň ilatynyň 20-35%-ni düzýär). Rahmonyň pikiriçe, häzirki wagtda täjikler “Talyban” gurluşlarynda gaty gowşak wekilçilik edýär: bu gurluşda aýgytly roly

puştunlar eýeleýär. Şonuň bilen baglanyşykly Duşenbe yzarlamalardan gaçyp, Täjigistana gelen birnäçe ýokary derejeli owgan resmilerine başpena mümkinçiligini berdi, olaryň arasynda wise-prezident Muhammet Zahir Akbar hem bar.

Prezident Emomali Rahmonyň portreti, ol Täjigistanyň ähli şäherleriniň aýrylmaz bir alamaty.
Prezident Emomali Rahmonyň portreti, ol Täjigistanyň ähli şäherleriniň aýrylmaz bir alamaty.

Täjigistanyň häkimiýetleri "Talybana" diňe ýüz tutmak bilen çäklenmeýär. Olar Duşenbe we Bohtar şäherinde ýerleşýän rus goşunlaryny öz içine alýan türgenleşikleri gurnaýarlar. Oktýabr aýynyň ahyrynda, Owganystan bilen serhetden 25 km. golaýlykda ýerleşýän “Harb Maýdon” türgenleşik bazasynda nobatdaky harby okuw geçirildi. Şonda Täjigistan we Orsyýet goşunlary hamana "terroristleriň" çozmagyna garşylyk türgenleşigini geçdiler. Täjigistan ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, türgenleşige 100 müňden gowrak täjik armiýasynyň esgerleri gatnaşdy.

Beýle harby türgenleşik käbir rus hem günbatarly bilermenleri geň galdyrýar. Sebäbi öňki sowet respublikasyna, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agzasy bolan ýurda “Talybanyň” häzir hüjüm etmegine esas örän az. Käbir Täjigistan häkimiýetlerine ýakyn analitikler hem täjik serhedinden geçip, çynlakaý hüjüm guramak üçin "[Talyban] hereketiniň güýji we mümkinçiligi ýok" diýýärler. Şonuň üçin Moskwadaky Karnegi merkeziniň bilermeni Timur Umarowyň pikirine görä, Täjigistan lideriniň hereketine halkara jemgyýetçiliginiň goldawyny gazanmak synanyşygy hökmünde garamaly hem-de çylşyrymly halkara kontekstinde ýeke-täk dogry çykalga hökmünde öz graždanlaryny prezidentiň töweregine jemlemek diýip düşünmeli.

Garyp ýurduň baý häkimleri

Emomali Rahmonyň ilatyň goldawyny gazanmak synanyşygynyň sebäpleri köp. Birinjisi, ýaşaýjylar onuň uzak wagtlap dolandyryşyndan ýadadylar: Rahmon 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda. Ikinjisi, Täjigistanyň çynlakaý ykdysady kynçylyklary bar. Duşenbäniň ykdysady ösüş baradaky sözleriniň ygtybarlydygyna hatda ýerli bilermenlerem şübhelenýärler. Esasan Russiýada işläp pul iberýänleriň maşgalalaryndan başgalar zerur harytlaryň bahasynyň çalt ýokarlanmagyndan alada galýar. Iň aýdyň mysal, ýylyň başyndan bäri benziniň bahasy takmynan iki esse ýokarlandy.

Horog şäheriniň bir köçesi
Horog şäheriniň bir köçesi

Täjigistanyň ykdysadyýetine COVID-19 pandemiýasy hem agyr zarba urdy. Ýurduň jemi içerki önüminiň 28%-ini emele getirýän migrantlardan iberilýän puly 2020-nji ýylda takmynan üçden birine azaldy. Bu ýyl iberilen serişdeleriň mukdary ýaňadan köpelip başlady, ýöne bu Russiýa işlemäge giden täjik raýatlarynyň sany bilen baglanyşykly, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýyl Orsyýede 2 milliondan gowrak Täjigistan raýaty barypdyr (ýurduň umumy ilaty 9 million).

Ýene bir agyr mesele, prezident Rahmonyň maşgalasynyň ýurduň ykdysady baýlyklaryna eýeçilik etmegidir. Beýleki zatlaryň arasynda halkara howa gatnawy, iň uly hususy gatnaw bolan Somon Air prezidentiň giýewisi Hasan Asadullozoda degişlidir, ýöne “WikiLeaks”-iň maglumatyna görä, oňa Emomali Rahmon gönüden-göni gözegçilik edýär. Esasy howa ýollaryna eýeçilik edýän monopoliýa sebäpli howa biletleriniň bahasy Täjigistanda goňşy Özbegistandan we Gyrgyzystandan has gymmat.

2012-nji ýyldan başlap, halk hojalygynyň ykdysadyýetiniň ep-esli bölegini prezidentiň başga bir giýewisi Şamsullo Sahibowyň “Faroz” kompaniýasy arkaly dolandyrylýar. Soňky döwürde adyny üýtgetse-de, beýleki zatlar bilen bir hatarda, bank işleri, metallurgiýa, magdançylyk we derman önümçiligi senagatlary şol holdinge girýär. Şeýle hem ol Täjigistanyň serhedindäki gümrük terminallarynyň köpüsini dolandyrýar.

Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň köpüsinde ýurduň haýsydyr bir girdejili pudagy bolsa, ol göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda, prezidentiň ýakynlaryna degişli diýen düşünje bar. Şeýle ýagdaýlaryň fonunda Duşenbäniň alyp barýan işjeň daşarky syýasatynda “Talybana” garşy göreşi şübhe döredýär: döwlet ýolbaşçylarynyň sözlerinde we hereketlerinde päsgelçilikleriň sebäbi ýurduň öz içinden däl-de, daşardan gözlenýäne meňzeýär. Aýratynam Daglyk-Badahşan awtonom sebitinde ynamsyzlyk güýçlenýär. 1992-1997-nji ýyllarda Täjigistanda bolan raýat urşy döwründe, merkezi häkimiýetlere garşylyk ojaklaryndan biri şol sebit bolupdy.

Penç derýasynyň iki kenary

Badahşandaky daglara syýahatçylary gatnadýan sürüji Kodiri harby çärelere şübheli garaýanlardan biri. “Biziň goşunymyz diňe bir topar ykmanda, häzir olar iň bolmanda kadaly geýinýärler, 90-njy ýyllarda ýyrtyk eşikde kire batyp gezýärdiler. Russiýanyň 201-nji diwiziýasy bolmadyk bolsa, "Talyban" bireýýäm bu ýerde gezerdi" diýip, ol hiç çekinmän aýdýar.

Hakykatdan-da, Penç derýasynyň boýundaky patrullaryň esasy bölegi egni Kalaşnikow awtomatly iki ýa-da üç ýaş esgerden ybarat, olar topur ýolda çalt akýan derýanyň garşylykly kenaryna seredýärler. Ýöne iki kenarda-da ýagdaý örän asuda.

Gunt derýasynyň üstünden gurlan köpri, Täjigistan.
Gunt derýasynyň üstünden gurlan köpri, Täjigistan.

Horokda ýerleşen “Pamir Plaza” söwda merkezinde geýim satýan Şodihon: "1937-nji ýyla çenli biz bir millet ýaly ýaşadyk, serhetden erkin geçip gelýärdik. Soňra Sowet hökümeti bizi ikä böldi, tä 90-njy ýyllara çenli hatda sowet raýatlary-da ýörite rugsatsyz serhet zolagyna gelip bilmedi. Daşary ýurtlularyň gelmegine, elbetde, doly gadaganlyk bardy. Emma biziň hemmämiziň beýleki tarapda garyndaşlarymyz galdy, meniň özümiň ol ýerde mamam bar. Ýöne indi birek-birege ýat bolduk" diýip, ol sebitiniň taryhyny ýatlaýar.

"Talyban" Owganystanda häkimiýeti ele geçirenden soň, Täjigistanyň ýaragly güýçleri serhede gözegçilik etmek üçin infrastruktura döretmekde has işjeňleşdi. Harbylaryň köpüsi häzirki wagtda Penç derýasynyň boýunda goýlan demir wagonlarda ýaşaýar. "Talyban" hereketiniň çalt özgermegi netijesinde dörän howlukmaçlyk sebäpli, desgalaryň köpüsiniň töwereginde duýduryş bellikleri goýmaga ýa-da diwarlar gurmak üçin ýeterlik wagt bolmady. Şeýlelikde, Täjigistan goşuny tarapyndan ýapyk diýlip yglan edilen ýere tötänleýin aralaşmak aňsat.

Täjigistan bilen serhetdäki Penç derýasynyň alkymyndaky owgan obasy
Täjigistan bilen serhetdäki Penç derýasynyň alkymyndaky owgan obasy

Balhiýor atly polisiýanyň leýtenanty bilen söhbetdeşlik hem şol meselä gönükdi: Penç derýasyndan geçýän serhetden howp abanyp bilermi? Leýtenant howsala bilen: “Siz biziň kim bilen iş salyşýandygymyzy bilmeýärsiňiz! Ol tarapda häzir, aýdaly, hökümet ýok, harbylaram, polisiýa-da ýok diýeliň. Olardan haýsydyr birini [“Talyban”] jogapkärçilige çekmek mümkin däl. Bu, elbetde, howply! " diýip, Balhiýor, hamana, öň ýat tutulan teksti aýdýan ýaly äheňde gaýtalaýar.

Analitikleriň pikirine eýerilse, serhetçileriň borjy esasy bölegi daglyk ýerlerden geçýän 1500 kilometre golaý araçägi goramak, emma bu ýerde esasan Merkezi Aziýanyň iň gowşak goşuny ýerleşdirilipdir. Global Fire Power merkeziniň maglumatlaryna görä, öwrenilen 140 ýurduň arasynda, umumy harby güýji boýunça Täjigistan 99-njy orunda durýar. Bu ýagdaý Duşenbäniň özüne ýaran gözlemeginiň zerurdygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Teleýaýlym täsirleri

Ýaşaýjylar bu kyn şertlerde haýsy ugruň dogrudygyny nädip saýgaryp bilýärler? Olaryň aň-düşünjelerini hem hormatyny gazanmak ugrundaky göreş birnäçe ýurtdan teleýaýlymlary tarapyndan alnyp barylýar. Sebitde eýýäm sowuk agşamlar başlanansoň, adatça agşamlyk naharynyň yzyndan, köp maşgala haly düşegiň üstünde telewizoryň öňüne jemlenýär. Adatça owgan teleýaýlymlarynyň käbirini açýarlar – dil päsgelçiligi bolmansoň, ýerli ýaşaýjylar owgan teleýaýlymynda täzelikleri we türk teleseriallaryna aňsatlyk bilen tomaşa edýärler. Owganystandan berilýän teleýaýlym ýa-ha täjik dilinde, ýa-da täjiklere düşnükli bolan pars diliniň şiwelerinde berilýär. Muňa garamazdan, düşnüksiz puştu dili has kyn. Sebitde eýranyň teleýaýlymlary-da meşhur.

Daglyk-Badahşandaky ýerli telewideniýe bölüminiň binasy
Daglyk-Badahşandaky ýerli telewideniýe bölüminiň binasy

Daşary ýurt telewideniýesine tomaşa etmek üçin, badahşanlylar hemra antennasyny enjamlaşdyrýarlar, olaryň pikiriçe, ýerli telewideniýä tomaşa etmekden ol has gowy bolýar. Ýerli telewideniýäniň agşamky habar gullugynda adaty suratlary – prezident Emomali Rahmonyň, mysal üçin, Täjigistanyň sebit merkezleriniň birinde halk döredijiliginiň we senetçiliginiň sergisine nobatdaky sapary barada. Häkimiýetler 2019-2021-nji ýyllary obany ösdürmegiň, syýahatçylygy we halk senetçiligini ýokarlandyrmagyň ýyllary diýip yglan edensoň, bu mowzukdaky materiallar täjik telewideniýesinde yzygiderli peýda bolýar.

Täjigistan telewideniýesiniň beýleki bir gürrüňi golaýda geçen Konstitusiýa güni barada, teleýaýlymy alyp baryjy tomaşaçylara Esasy Kanunyň möhüm düzgünlerini düşündirýär, şeýle hem Täjigistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny ýatlap geçýär, halkara ynsan hukuklary guramalary bolsa Täjigistany dünýäde iň bir erkin däl ýurt hasaplaýar.

Syýahatçylary gatnadyjy sürüji Kodiri goňşy ýurduň syýasatynyň jikme-jikliklerini yzarlaýan tejribeli tele tomaşaçy. Owganystanyň 1TV kanalynda bir türk seriýasyndan soň, "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihulla Mujahid bilen geçirilen söhbetdeşligi ýatlaýar. Kodiri oňa beletdigini düşündirýär: "Ol edil özi – Zabihulla, olaryň metbugat gatnaşyklary boýunça wekili. Ony diňläniňde pikir edýäň: “Talyban” diňe parahatçylyk üçin! Umuman aýdylanda, owganlaryň teleýaýlymy kadaly, eger ‘prezident kezzap’ diýesiň gelýärmi – muny hiç kim saňa gadagan etmez. Şonuň üçinem biz oňa seredýäris. Rus telewideniýesinde aýdylýany bolsa şol bir zatlar, diňe ýarag hakda, olaryň aýdyşyna görä, onuň dünýäde taýy ýok!" diýip, Kodiri telewideniýede syn edenlerini paýlaşýar.

Şeýle-de bolsa, halkara barlagçylary pamirlileriň Owganystandaky metbugat azatlygy baradaky ýokary pikirini tassyklamaýar. Russiýa barada aýdylanda, oňa bolan garaýyşlar dürli-dürli, ol tapawut köplenç adamlaryň ýaş aýratynlygy bilen baglanyşykly. Uly ýaşly ilatyň arasyndan, Russiýanyň tele kanallarynyň muşdaklaryny tapyp bilersiňiz. Horogly pensioner Alimamad rus kanalynda görenleri barada gürrüň berýär: "Russiýany her kimiň diňlemegi gerek – olaryňky ýaly güýçli ýarag dünýäniň hiç ýerinde ýok. Olar bizi goraýarlar. Men "Вести" kanalyna seredýän, şondanam bolup geçýän bar zat bilen habarly” diýip, ol aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG