Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidentiniň garyndaşlarynyň Moskwadaky emläkleri baradaky maglumatlar 'ýaşyryn' boldy


Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň maşgalasynyň Moskwadaky gymmatbaha emläkleri baradaky maglumatlar Rosreestrden aýryldy diýip, rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň topary aýtdy.

2-nji dekabrda çap edilen wideo-derňewde aýdylmagyna görä, prezidentiň ogly Timuryň we öňki aýaly Nadežda Tokaýewanň kwartiralary baradaky maglumatlar, rus resmileriniň we aňtaw gullugynyň işgärleriniň gozgalmaýan emläkleri baradaky maglumatlar bilen birlikde, gizlin maglumatlaryň hataryna geçirildi.

Nawalnynyň toparynyň görkezen dokument nusgasy, görnüşinden emläk eýeleriniň ýazgysynyň göçürmesi bolup, prezidentiň 37 ýaşly ogly Timur Tokaýewe degişli kwartira baradaky maglumatlary, Moskwanyň Hamowniki etrabynda ýerleşýän jaýyň 196 inedördül metrden gowrak meýdanynyň bardygyny görkezýär. Bu emlägiň eýeçilik hukugy 2010-njy ýylda hasaba alynypdyr.

Şeýle-de, derňewde Moskwanyň Meşanskiý etrabynda ýerleşýän 167 inedördül metrlik jaýyň dokumenti görkezilýär; bu emläk, oppozisiýa toparynyň habaryna görä, 2000-nji ýyldan bäri Nadežda Dawydowna Tokaýewanyň eýeçiligi bolup durýar.

Gozgalmaýan emläk eýeleri baradaky birleşdirilen maglumatlary özünde jemleýän Rosreestriň Tokaýewleriň emlägi barada maglumatlary haçan we näme üçin ýaşyrandygy belli däl.

XS
SM
MD
LG