Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Hindistana amala aşyrýan saparynda ýarag şertnamalaryny baglaşar


Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin esasan energiýa we ýarag söwdasyna gönükdirilmegine garaşylýan sammite gatnaşmak üçin 6-njy dekabrda Hindistana sapar eder.

Putiniň premýer-minister Narenda Modi bilen duşuşjak sapary onuň pandemiýa başlanaly bäri daşary ýurda amala aşyrýan ikinji sapary bolar. Has ozal, iýunda Putin ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Ženewada boldy.

Sapar Hindistanyň 5,4 milliard dollar möçberindäki ylalaşyk esasynda Russiýanyň öňdebaryjy S-400 how hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny kabul edip başlaýan wagty amala aşyrylýar. Bu ýagdaý Nýu Delini ABŞ sanksiýalarynyň nyşanasynda goýup biler.

Şuňa meňzeş beýleki bir ýarag söwdasy NATO ýarany bolan Türkiýä garşy ABŞ sanksiýalarynyň girizilmegine ýol açdy. Şeýle-de, bu söwda “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Akty” (Countering America's Adversaries Through Sanctions Act) esasynda Ankaranyň F-35 programmasyndan çykarylmagyna alyp geldi.

ABŞ “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Akty” esasynda Hindistanyň rus ýaraglaryny satyn almagyna kadadan çykma rugsat berip-bermezlik barada belli bir karara gelmedi diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 23-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy.

Hindistan Hytaýa garşy göreşmek maksady bilen Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklary giňeldýän mahaly, özüne kadadan çykma rugsat beriljegine ynanýan ýaly bolup görünýär.

Hindistanyň goranmak boýunça döwlet ministri Ajaý Bhatt geçen hepde parlamentde eden çykyşynda hökümetiň ABŞ-nyň görmegi ahmal çärelerinden habarlydygyny, ýöne şol bir wagtda, ýurduň gorag zerurlyklaryna laýyklykda, hökümetiň “özygtyýarly karar kabul etjekdigini” mälim etdi.

“Giň territoriýalary dowamly we netijeli howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmek üçin S-400-leriň operasiýa mümkinçilikleri güýçli” diýip, Bhatt aýtdy.

“Bu ulgamlaryň tanyşdyrylmagy bilen ýurduň howa hüjümlerinden goranyş ukyby örän güýçlener” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dünýäniň iň iri demokratiýasy Hindi-Ýuwaş umman sebitinde hytaý täsirine garşy çykýan ABŞ, Ýaponiýa, Awstraliýa we Hindistandan ybarat “Dörtlük” toparyň agzasydyr.

Hindistan Hytaýy özüne abanýan iň uly howplaryň hatarynda görýär. Ýadro ýaragy bolan bu iki ýurt 2020-nji ýylda dawaly Gimalaý serhediniň ugrunda çaknyşdylar. Çaknyşyklar iki tarap üçin onlarça adam ýitgisine getirdi.

Hindistan S-400-leri ýurduň demirgazyk-günbatar sebitlerine, Hytaý bilen hem-de ýadro ýaragly garşydaş güýç bolan Pakistan bilen aradaky serhede golaý sebitlerde ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. S-400-ler öňümizdäki ýylyň başlarynda işe başlar. Ulgamlary kabul etmek işleri 2023-nji ýyla çenli dowam eder diýip, The Times of India neşiri habar berdi.

Russiýa 2016-2020-nji ýyllar aralygynda Hindistanyň iň iri ýarag üpjünçisi boldy. Hindistanyň satyn alan rus ýaraglary Moskwanyň global ýarag eksportynyň 23 göterimini emele getirdi.

Ýöne, Stokgolm halkara parahatçylyk barlag institutyna görä (SIPRI), Hindistanyň ýarag importynda Russiýanyň paýy 2011 we 2015-nji ýyllar aralygy bilen deňeşdirilende 2016 we 2020-nji ýyllar aralygynda 70 göterimden 49 göterime peseldi.

Bu pese gaçyşlyk Nýu-Deliniň Fransiýadan, Ysraýyldan we ABŞ-dan hem harby ýaraglary satyn alyp, sowet döwründen galan tehnikalaryny ýa-da Russiýada öndürilen harby tehnikalaryny döwrebaplaşdyrmaga, özüniň ýaraglaryny diwesifikasiýalaşdyrmaga çalyşýan wagtlary boldy.

Şeýle-de, Modi ýurduň goranyş sektorynda “Hindistanda öndürilen” haryt nyşany boýunça öz programmalaryna hem üns berdi.

Putiniň Hindistana amala aşyrýan saparyna daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu we “Rosneftiň” başalygy Igor Seçin hem gatnaşar.

Geçen hepde Kremliň daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakow Russiýa bilen Hindistanyň 10 ylalaşyga, şol sanda energiýa pudagyndaky şertnamalara gol goýjakdygyny mälim etdi.

“Biz Hindistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris” diýip, Uşakow aýtdy.

Putin- Modi duşuşygynyň öňýany Hindistanyň goranmak ministri Rajnat Singh goranmak pudagynda we kiçi ýarag söwdasy boýunça birnäçe ylalaşyga gol çekilendigini Twitterde mälim etdi.

Şeýle-de, taraplaryň koronawirus pandemiýasyny we waksinalary hem ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar. Dünýäniň iň iri waksina eksportçysy Hindistan Russiýanyň COVID-19-a garşy Sputnik V sanjymyny makullady we ony eksport etmekçi bolýar.

Şeýle-de, Hindistan üçin Russiýa Merkezi Aziýada hem-de “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden soňra Owganystanda möhüm oýunçydyr. Hindistan we Pakistan öňden bäri Owganystana birek-birege garşy durmaga çalyşýar. “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen Hytaý hem Owganystana aralaşmaga çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG