Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan, Ankaranyň satyn alan rus raketa ulgamy sebäpli, ABŞ bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşandygyny aýtdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Häzirki ugur ABŞ-Türk gatnaşyklary üçin "oňaýlylygy" aňlatmaýar diýip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda eden çykyşynda aýtdy.

Türk lideriniň pikiriçe, Ankara bilen prezident Jo Baýdeniň täze administrasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar "dogry ädimlerden başlamandy”. Ol, eger-de NATO agzasy bolan Birleşen Ştatlar Türkiýäniň goranyş zerurlyklaryny üpjün etmäge kömekleşmese, Ankaranyň beýleki ýurtlara ýüz tutjakdygyny duýdurdy.

Türkiýäniň “Haberturk” gazeti Erdogana salgylanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky kynçylyklaryň Waşingtonyň Türkiýäniň Russiýada öndürilen S-400 raketa ulgamyny satyn almagyna bolan garşylygy bilen baglydygyny öňe sürýär.

"Men türk-amerikan gatnaşyklarynda sagdyn proses bolup geçýär diýip biljek däl" diýip, Türkiýäniň prezidenti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşyndan soň, žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Donald Trampyň administrasiýasy geçen ýyl aýagynda, Ankara Moskwadan S-400 ulgamyny satyn almak üçin milliardlarça dollara durýan şertnama baglaşandan soň, Türkiýäniň goranyş senagatyna garşy sanksiýa girizdi.

Bilermenleriň käbiriniň ynanjyna görä, S-400 raketa goranyş ulgamlary NATO we ABŞ tarapyndan ulanylýan F-35 uçaryna howp salýar. Bu uçarlar Türkiýede hem öndürildi.

XS
SM
MD
LG