Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olaf Şolz Merkelden soň Germaniýa ýolbaşçylyk eder


Angela Merkeliň çekilmegi bilen, Olaf Şolz 8-nji dekabrda Germaniýanyň kansleri bolar.
Angela Merkeliň çekilmegi bilen, Olaf Şolz 8-nji dekabrda Germaniýanyň kansleri bolar.

Angela Merkeliň wezipesinden çekilmegi bilen, Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetindäki uly syýasy özgerişligiň çäginde, Olaf Şolz 8-nji dekabrda Germaniýanyň kansleri bolup, merkezi çepçi koalisiýa ýolbaşçylyk eder.

63 ýaşly Şolz Bundestag tarapyndan resmi taýdan saýlanar we dört ýyllyk möhlete başlamak üçin prezident Frank-Walter Steinmeiere kasam eder.

Merkeliň ýolbaşçylygyndaky maliýe ministri we wise-kansler 26-njy sentýabrda geçirilen saýlawda Sosial-demokratlaryň öňüni çekip, ajaýyp ýeňiş gazandy we konserwatiw hristian demokratlaryny soňky 16 ýylda ilkinji gezek oppozisiýa goşdy.

67 ýaşly Merkel bäsleşige goşulmady we yzly-yzyna dört möhletden soň, syýasatdan dynç alyşa çykýar. Şolzyň Sosial-depmokratlar partiýasy "svetofor" diýilýän koalisiýa, tebigaty goraýjy Ýaşyllar we işewürlige tarapdar Erkin demokratlar bileleşigine ýolbaşçylyk eder.

Ideologiki we syýasat tapawutlaryna garamazdan, täze koalisiýa ykdysadyýeti ýaşyllaşdyrmagy, sanlaşdyrmagy çaltlaşdyrmagy, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini gazanmagy, iň pes aýlyk hakyny ýokarlandyrmagy we marihuanany kanunlaşdyrmagy maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG