Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýlere iýmit paýlandy, Maryda çörek almak üçin nobatlar we ýakalaşyklar döreýär


Azyk dükanynda nobat. Aşgabat (arhiw suraty)
Azyk dükanynda nobat. Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýjylar öýlerinde azyk paýyny aldylar, bu gezek döwlet bahasyndan satylýan önümleriň düzümi öňkülerinden tapawutlandy we gymmat boldy. Welaýatlarda ýaşaýjylara azyk öýlerine eltilmeýär. Şu günler Maryda çörek satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar gijelerine nobatda durýarlar, şeýle-de bolsa, çörek hemmä ýetmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky, Marydaky we Lebapdaky soňky ýagdaýlar barada habar berdiler.

Maryda çörek üçin nobatlar irden 4-de başlanýar. Adamlar satuwyň başlanmagyna birnäçe sagat öňünden garaşýarlar. Ýadaw we sowuk howada doňan adamlaryň arasynda dawa we ýakalaşyk döreýär.

10-njy dekabrda Marynyň 10-njy döwlet dükanynda ýüze çykan ýagdaýlaryň birinde ir sagat 6-a çenli nobatda eýýäm 100-den gowrak adam bardy. Tizara başlanan çörek satuwy çalt tamamlandy. Her bir alyja bir çörekden satylandygyna garamazdan, nobatda duran adamlaryň ýarysy çörek alyp bilmedi. Bu ýagdaý umytsyz alyjylaryň arasynda nägileligiň artmagyna sebäp bolup, soňy bilen ýakalaşyga getirdi.

"Köpler nägilelik bildirip, biri-birini günäkärledi. Olar kimiň ozal gelendigi barada jedelleşip başladylar, nobaty bozmakda aýyplandylar. Soňra dükana girdiler we satyjyny ýençdiler. Satyjy diňe 60 sany çöregiň gelendigini aýdyp, özüni aklamaga synanyşdy. Ol çöregi satuwa çykarandygyny we saglyk ýagdaýy sebäpli nobatda durup bilmeýän garry pensionerler üçin diňe 5 çöregi gapdala goýandygyny aýtdy - diýip, dükanda dörän ýagdaýa şaýat bolan çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Maryda 10-njy dükanyň ýolbaşçylaryndan we şäher häkimliginden düşündiriş alyp bilmedi.

10-njy dekabrda irden çörek satyn almagy başaran müşderilere bahasy 1 manatdan diňe 1 buhankadan satyldy. Birnäçe gün ozal şol bir dükanda her adama 0,5 manatdan iki çörek satylypdy. Bu dükanda çörek hepdede üç gezek satuwa çykarylýar. Käbir beýleki dükanlarda çörek her gün satylýar, ýöne ol hemmelere ýetmeýär.

Şeýle-de, alyjylar şol dükanda çörekden başga subsidirlenen bahadan başga azyk önümleriniň satmazlygyna-da gaharlanypdyr. Azyk önümlerini subsidirlenen bahadan satyn almak üçin ýaşaýjylar adatça ýaşaýan ýerlerindäki döwlet dükanlaryna ýüz tutmaly bolýar.

Täjirçilik dükanlarynda çöregiň we beýleki önümleriň bahasy birnäçe esse ýokary. Ýurduň ýolbaşçylarynyň ilatyň zerurlyklaryna ýyllarboýy göz ýummagy hem-de ykdysady ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşmagy Türkmenistanyň ilat köpçüliginiň garyplyk çäginden aşmagyna sebäp boldy. Subsidirlenen bahadan azyk köp maşgala üçin ýeke-täk iýmit çeşmesine öwrüldi.

Subsidirlenen bahasyndan azygyň ýetmezçiligi goňşy Lebap welaýatynda hem dowam edýär. Dekabr aýynyň başyndan bäri ýerli ýaşaýjylar azyk önümlerini satyn alyp bilmeýär. Adatça subsidirlenen önümler aýyň ilkinji ongünlüginde satylýardy. Häkimiýetler munuň yza çekilmeginiň sebäbini düşündirmeýän wagtynda, ilatyň arasynda aladalar barha artýar.

Bu aralykda Türkmenistanyň paýtagtynda azyk üpjünçiligi welaýatlara garanda, has amatly görünýär. Sebitlerden tapawutlylykda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna subsidirlenen bahadan azyk önümleri öýlerine eltilip berilýär.

"Irden azyk paýogyny, ýagny towuk budlary, ösümlik ýagy, 20 ýumurtga, şeker getirdiler. Bahasy 85 manat. Only daşaýanlar her bir kwartiranyň gapysyny kakyp çykýarlar" - diýip aşgabatly çeşme 10-njy dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, azyk paýy 2 kilogram towuk budundan ýagny 4 böleginden, bir çüýşe ösümlik ýagyndan, bir kilogram şekerden we 20 ýumurtgadan ybarat. Önümler döwlet bahasyndan satylýar, ýöne bu gezek kesgitlenen bahanyň möçberi öňküsinden has ýokary. Ondan öň azyk paýynyň bahasy 55-60 manat bolýardy.

"Bahalar ýokarlanmady, ýöne birbada birnäçe zat berdiler. Ýumurtga paýogyň umumy bahasyny ýokarlandyrdy. Geçen gezek 10 gün öň getiripdiler. Ýöne şonda ýumurtga ýokdy, onu soň getirdiler" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

Öýlere eltilýän harytlar üçin ýaşaýjylara kwitansiýa berilmeýär.

Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini öýe eltip bermek tejribesi, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň dükanlardaky nobatlaryň prezident kakasynyň abraýyny zaýalaýandygyny aýdanyndan soň başlanypdy.

Subsidirlenen bahadan azyk önümlerden düzülen paý her bir öýe niýetlenýär. Bir jaýda altydan gowrak adam hasaba alnan maşgalalara iki paýogyň berilmegi göz öňünde tutulýar. Köp çagaly maşgalalar diňe bir pasportyny görkezmek bilen çäklenmän, jaýda ýazga duran ähli ýaşaýjylary hasaba alýan öý kitabyndan göçürme hem bermeli bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG