Syýahatçy hökmünde şol sebite baran hytaýly bloger Sinjiang awtonom sebitindäki musulmanlar üçin gurlan "täzeden terbiýeleýiş lagerleri" atly töwerek-daşy bilen gizlin saklanýan ýerleriň birnäçesini wideo düşürdi. Pekin resmi taýdan olaryň bardygyny inkär edip gelýär.
Blogçy resmi kartada bolmadyk jeza ulgamynyň ýerleşýän jaýlaryny görüpdir: olaryň daşy beýikligi sekiz metrlik diwarlar bilen gurşalan, olaryň gapdalyndan töwerege gözegçilik diňleri gurlupdyr diýip, "Häzirki zaman" kanaly habar berýär.
Hytaýdaky "täzeden terbiýeleýiş lagerleriniň" bardygyny ynsan hukuklaryny goraýjylar hem-de şol lagerleriň öňki tussaglary 2017-nji ýyldan bäri aýdyp gelýärler. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, ol lagerlere Sinjiangda ýaşaýan ýerli etnik toparlaryň wekilleri – uýgurlar, gazaklar, gyrgyzlar we yslam dinini kabul edenler zor bilen iberilýär. Şeýle jeza beriş edaralary, aýratyn-da, Hytaýyň günbataryndaky awtonom sebitde, ýagny asly hytaýly bolmadyk ilatyň köplükde ýaşaýan ýerlerinde gurlupdyr.
Şeýle "lagerlerde" bolup çykan bendirler tussaglykda saklanýanlaryň yzygiderli gynamalara we zorluga duçar edilýändigi, kemsitmeler, şol sanda jynsy zorluklar barada gürrüň berýärler, aýallarda çaga galmazlygyna garşy mejbury sterilizasiýa geçirýärler, adamlary hiç bir höküm çykarmazdan, hakyky türme şertlerinde nämälim möhlete çenli azatlykdan mahrum edýärler. Üstesine her gün kommunistik propagandanyň täsirine sezewar edýärler.
Resmi Pekin bu aýyplamalaryň ählisini ret edýär. Ol ýeriň türmeler bolman, eýsem "täzeden terbiýeleýiş lagerleridigini", onuň "hünär okuw merkezidigini" öňe sürýär. Şol ýerde saklanýan "ekstremistleriň" hamana täze hünärleri we hytaý dilini öwrenýändigini aýdýarlar.
Guanguan lakamly hytaýly blogçy syýahatçy hökmünde sebite aýlanyp ýörkä, Sinjiangda şeýle gizlin desgalaryň käbirini wideo ýazga geçirip bildi.
“Indi daşary ýurtly žurnalistlerine Sinjianga barmak gaty kyn. Şonuň üçin men ol ýere gidip biljekdigime karar berdim" diýip, ol düşündirýär.
Guanguan öz ýoluny Hami şäherine syýahatyna başlaýar. Şol ýerde ol, hamana, syýahatçylyk ýolundan ýalňyşyp, tötänleýin öz awtoulagy bilen nädogry ugra öwrülen ýaly gidýär. Uzak gitmän ol hytaý nawigatorynda görkezilmedik obýekti tapýar: tikenli simleriň aňyrsynda bir haýat uzalyp gidýär. Onuň girelgesiniň gapdalynda "Tussaghana merkeziniň 13-nji bölümi" diýen ýazgy bar.
Blogçy ýene şuňa meňzeş, daşyna tikenek sim aýlanan iki obýekti görýär. Olar Sinjiang welaýatynyň Mory-Gazak etrabynda ýerleşýän eken. Olaryň derwezesindäki ýazgyda: "Hünär okuw merkezi" hem-de "Tussag astynda saklanýan merkez" diýen ýazgy bar eken. Ol edaralaryň biriniň garşylykly burçlarynda gözegçilik diňleri bolup, daşy beýik diwar bilen gurşalypdyr.
Guanguan tapylan lagerleriň golaýynda uzak durmaga, üstesine-de oňa ýakyn barmaga het edip, golaýlaşyp bilmändir.
Sinjiang-uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçide blogçy birbada "lager" bolmagy mümkin diýdirýän birnäçe obýekti tapýar. Toplumyň
biriniň alnyndan giň ýol geçýär, ýöne ol ýer hem hytaý nawigatorlarynda görkezilmändir. Toplumyň binalary tutuş köçäniň ugrunda giden kilometr ýeri eýeleýär, onuň daşyny belentligi sekiz metre ýetýän diwar gurşaýar, girelgeleriň alnynda polisiýa barlag nokatlary hem gözegçilik diňleri bar. Binalaryň biriniň diwarynda, tikenek simleriň aňyrsynda "Zähmet arkaly reforma" şygary asylypdyr.
Urumçidäki başga bir tussaghanany wideo düşürmek üçin, bloger golaýdaky seýilgähde, bir depäniň üstüne çykýar. Ol ýerden gözegçilik kameralary bilen enjamlaşdyrylan kazarmalaryň we diwarlaryň aýdyň görünýändigini aýdýar. Blogçy toplumyň howlusynda gezip ýören ýekeje adamy hem görüp bilmändir.
“Ýöne jaýlaryň depesinde aşak ýagtylyk geçirýän aýratyn gapaklar bar. Bu, megerem, tussaglaryň kameralardan boşadylan mahaly diňe jaýyň içinde gezelenç etmegi üçin, ýagtylyk berýän gapaklar bolsa gerek" diýip, Guanguan çak edýär.
Umumylykda, blogçy Sinjiang welaýatynyň sekiz şäherine aýlanyp görüpdir hem "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lageri" bolmagy ähtimal 18 obýekti tapypdyr. 2020-nji ýylda “BuzzFeed News” neşiri şular ýaly lagerleriň kartasyny düzdi, Hytaýda olaryň 260-dan gowragy bar. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň hasap etmegine görä, Hytaýdaky şular ýaly ýapyk düzgünli desgalaryň hemmesi bir wagtyň özünde bir milliona çenli adamy öz içine alyp biler.
Associated Press habar gullugynyň maglumatyna görä, Hytaýyň iň uly tussaghana merkezi, belki-de, bütin dünýäde iň uly bolan tussaghana Sinjiang welaýatynyň Dabançeň sebitinde ýerleşýär: ol ýerde takmynan 10 müň adamy saklap bolýar. Guanguan hem ony surata düşürmäge synanyşypdyr, ýöne onuň töweregine barandan soň, özüni ýoluny azaşan syýahatçy hökmünde görkezip bilmejekdigine düşünipdir.
“Ol ýerde gizlenere ýer ýok, şonuň üçin men ony depäniň üstünden durup aldym. Özümiň görülmegimden howatyr edip, ýerimden turmaga het edip bilmedim" diýip, Guanguan düşündirýär. Bloger "gaýtadan terbiýeleýiş merkeziniň" golaýynda, düýbünden täze lageri hem görüp bildi: oňa entek adam salynmandyr.
Hytaýly blogçynyň Sinjiangdaky "lagerler" baradaky wideosynda ýüzüni görkezýändigi üçin, abunaçylaryň köpüsinde onuň howpsuzlygy babatynda, howsala döretdi. Şeýle-de bolsa, onuň gatnaşmagy bilen düşürilen täze wideolar kanalda peýda bolmagyny dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.