Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iňlis diliniň derejesi "örän pes" diýilýän Özbegistanda, ene-atalar mugallymlar üçin köp pul harçlaýarlar


Illýustrasiýa suraty

Her ýyl EF English Proficiency Index barlag merkezi dünýäniň dürli ýurtlarynda iňlis dilini bilmek derejesini düzýär. Dünýäde iňlis dilini bilmek derejesi boýunça Özbegistan bu ýyl ýene-de “örän pes” diýilýän ýurtlaryň hatarynda galdy. Häzirki wagtda özbegistanlylaryň has köprägi öz çagalarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmegine üns berýärler. Mümkinçiligi bolan ene-atalar çagalaryny üçin, ýörite mugallym tutýarlar ýa-da dil kurslaryna iberýärler.

Bilermenleriň pikirine görä, iňlis diliniň öwrenilişini ýokarlandyrmakdaky päsgelçilikleriň biri okuw kitaplarynyň pes hilli bolmagy, ikinjisi iňlis dili mugallymlarynyň bilim derejesiniň pesligi.

"Yza galaklaryň" arasynda has öňe saýlanan

Iňlis dilini bilmek indeksini düzen EF English Proficiency merkeziň beren derejesinde, Özbegistan 122 ýurduň arasynda 88-nji orny eýeledi. Bu iňlis dilini bilmek meselesinde, ýurduň pozisiýasynyň soňky bir ýylda üýtgemändigini görkezýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan 96-njy orunda, Gyrgyzystan 101-nji, Täjigistan 103-nji orunda, Türkmenistan bu ölçege girip bilmändir.

Reýting ilatyň iňlis dilini bilmek derejesine baglylykda 5 kategoriýa bölünýär ("gaty ýokary", "ýokary", "orta", "pes", "gaty pes").

Bu ýylky sanawyň başyny Gollandiýa, Awstriýa, Daniýa, Singapur we Norwegiýa ýaly ýurtlar düzýär, olaryň ilatynyň iňlis dilini bilmek derejesi “gaty ýokary”. Sanawyň aşagynda Liwiýa, Ruanda, Kongo, Günorta Sudan we Ýemen bar.

Iňlis dili derejesinde Merkezi Aziýadaky goňşularyndan öňe geçendigine garamazdan, Özbegistan iňlis dilini iň pes bilýän ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Bilermenler muny iňlis dilini ýaramaz bilýän ýurtlaryň onlarça ýyl bäri rus dilini öwrenmäge ünsi jemleýändikleri bilen düşündirýärler. Rus diliniň esasy merkezi bolan Russiýa EF English Proficiency indeksinde 51-nji orunda durýar.

Käbir özbegistanlylar bilen söhbetdeşlikde, Azatlyk Radiosy ýurduň ýaşaýjylarynyň çagalaryna bütin dünýäde “halkara we iň giň ýaýran dile” öwrülen iňlis dilini öwretmäge has köp üns berýändiklerini öwrendi.

Iňlis dili üçin, aýda 200 dollar

Daşkendiň ýaşaýjysy Şoira Gulamowa dört çaganyň enesi. Azatlyk onuň bilen söhbetdeş bolanda, uly oglunyň Özbegistanyň Milli uniwersitetinde ikinji kursda okaýandygyny, ikinji çagasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň liseýinde bilim alýandygyny aýtdy. Üçünji çagasy – gyzy orta mekdebiň 3-nji synpynda, dördünjisi çagalar bagyna gatnaýan eken.

– Çagalarymyzy iňlis dilinden goşmaça kurslara iberdik. Meniň adamym her çaga üçin, aýda 500 müň sum (takmynan 50 dollar) töledi, jemi alanyňda, 2 million sum bolýar. Biz çagalarymyzyň daşary ýurtda okamagyny isleýäris. Munuň üçin bolsa iňlis dili boýunça halkara synagyndan geçmeli. Olaryň mekdep okuwynyň çäginde alýan bilimi beýle synagdan geçmäge mümkinçilik bermeýär – diýip, ol ene aýdýar.

Şoira Gulamowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Daşkentde ýüzlerçe dil kursy bar. Olaryň arasynda okuw üçin aýda bir million (takmynan 100 dollar) baha soraýanlary-da bar.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda ortaça aýlyk haklary 3 million sum (takmynan 300 dollar) töweregi bolupdyr.

Mugallymlaryň bilim derejesi örän pes

Kaşgaderýa sebitiniň Kasan etrabynyň mekdepleriniň birinde, iňlis dili mugallymy bolup işleýän D.Ş. pikirine görä, Özbegistanyň iňlis dilini bilmek boýunça halkara derejesinde gaty pes ball alandygynyň sebäbi, oba mekdeplerde iňlis diliniň öwredilişiniň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly. Onuň sözlerine görä, pes hil ilkinji nobatda mugallymlaryň bilimleriniň pes derejesine bagly.

– Käbir kärdeşlerimiziň barlag synagyndan geçip bilmedikleri baradaky gürrüňi häli-şindi eşidýäris. Ýöne şeýle kärdeşimiziň hiç zat bolmadyk ýaly, işlemegini dowam etdirýändigini-de görýäris. Onda näme üçin ýolbaşçylar synag geçirýärler, sertifikat berýärler, muňa hem öz wagtlaryny, hem biziň wagtymyzy sarp edýärler?! – diýip, Kasan mekdepleriniň biriniň mugallymasy gaharlanmak bilen soraýar.

Fergana şäherinden iňlis dili mugallymy Bahodyr Eliboýow mekdeplerde iňlis dilini öwretmek bilen baglanyşykly ýagdaýa görä, Özbegistanyň halkara reýtinginde pes orny eýeländigine geň galmaýandygyny aýtdy.

– Bu hakykatdanam dogry. Ýöne biziň ýurdumyzda iňlis dilini öwrenmäge höwes gaty ýokary. Muňa mysal edip, diňe Fergana sebitiniň Riştan etrabynda, on bäş dil merkeziniň bardygyny aýdyp bileris. Ol ýerde okaýan her bir okuwçy orta hasap bilen aýda bir ders üçin 100 müň sum (takmynan 10 dollar) töleýär. Eger her bir okuwçynyň merkeze gatnaýan jemgyýetçilik ulagyna aýda takmynan 100 müň sum sarp edilýändigini-de nazara alsak, daşary ýurt dilini öwrenmek üçin, ortaça aýlyk çykdajylar 200 müň sum bolýar – diýip, iňlis dili mugallymy Azatlyga gürrüň berýär.

Mekdep mugallymy: "Biz bir zat öwredýäris, döwlet komissiýasy başga zat talap edýär"

Şonuň bilen birlikde, Bahodyr Eliboýew iňlis dilini öwretmek we bu ugurda bilimleri barlamak meseleleriniň biri-birine bagly däldigine-de ünsi çekýär.

– Mekdep okuw kitaplary okuwçylaryň okamak we gürlemek endiklerini kemala getirmäge we ösdürmäge gönükdirilen, ýöne döwlet synag merkeziniň synaglary köplenç grammatika esaslanýar. Şonuň üçin iňlis dili mugallymlary has köpräk grammatika öwretmek üçin, elinden gelenini edýärler. Netijede, okuwçy iňlis diliniň grammatikasyna has gowy düşünip biler, ýöne bu dilde gürläp bilmez – diýip, Bahodyr Eliboýew aýdýar.

Iňlis dili we elektrik togunyň ýetmezçiligi

Eliboýewiň pikirine görä, iňlis dilini okatmagyň hiliniň ýokarlanmagyna päsgel berýän başga bir faktor, mekdepleriň material-tehniki bazasynyň gowşaklygy we elektrik togunyň ýetmezçiligi.

– Soňky ýyllarda peýda bolan köp sanly okuw esbaplarynyň goşundysynda audiodiňleýji (listening) CD ýok. Eger ol bolaýanda-da, elektrik togunyň kesilmegi sebäpli, sapak wagtynda mugallymlar olary okuwçylara diňledip bilmeýärler. Okamak we gürlemek (reading) sapaklary barada aýdylanda, her bir mekdep proýektor bilen üpjün edilmedik – diýip, Bahodyr Eliboýew düşündirýär.

Nähili-de bolsa, ol iň uly kynçylygyň mugallymlaryň sowatsyzlygynda bolup durýandygyna ynanýar.

– Iňlis dili mugallymlarynyň köpüsi ýokary okuwy şertnama esasynda gutaranlar. Gynansak-da, bilim pudagynda korrupsiýanyň ýaýramagy hem garyndaşparazlyk sebäpli, mekdeplerimizde pes derejeli kadrlar okuwçylara sapak bermegi dowam etdirýärler. Netijede, repetitorlyk tölegli kurslar bilimiň ýeke-täk daýanç çeşmesi bolup galýar – diýip, Fergana şäherinden bolan iňlis dili mugallymy Bahodyr Eliboýow Azatlyga gürrüň berdi.

Döwletiň gussagly boýun almasy

Özbegistanyň häkimiýetleri hem mekdep mugallymlarynyň arasynda iňlis diliniň derejesiniň gaty pesdigini boýun alýarlar.

Şu ýylyň 6-njy maýynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen wideo konferensiýada daşary ýurt dillerini öwretmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çärelere seredildi. Şonda 1,4 müň mekdepde dil öwretmegiň hiliniň aşa pesdigi bellenildi, bilim ulgamynda daşary ýurt dili mugallymy üçin 2 müňden gowrak boş iş orny bar, 53 müň mekdep mugallymynyň diňe 4%-nde milli we halkara dil şahadatnamalary bar.

Şol maslahatda 11 müň iňlis dili mugallymynyň 49%-de sertifikat synagyndan geçendigi mälim edildi.

Wideo konferensiýadan birnäçe gün soň, prezident Mirziýoýew “Özbegistan Respublikasynda daşary ýurt dillerini öwretmegi hil taýdan täze derejä çykmak we daşary ýurt dillerini öwrenmegi höweslendirmek çäreleri hakda" diýen karara gol çekdi. Ýurduň hökümeti bolsa "Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň meşhurlygyny netijeli guramak çäreleri hakda" karar kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG