Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidentine gynanç bildirdi


Harasatdan soňky görnüş

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda turan güýçli harasat zerarly çekilen ýitgiler we ejir çekenler babatda gynanç hatyny iberdi.

Döwlet baştutany gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna türkmen halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanç bildirip, medet beriji sözleri aýtdy, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

ABŞ-nyň Kentukki ştatynda gopan harasat tapgyrynda azyndan ýüz adam heläk boldy. Gözleg we halas ediş işleriniň dowamynda ölenleriň sany artýar. Mundan öň 70 töweregi adamyň ölendigi habar berildi.

“Amerikanyň sesiniň” habaryna görä, Milli gwardiýanyň iki ýüz esgeri ilata kömek bermek üçin iberildi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden federal serişdeleri harasatdan has kän zyýan çeken sebitlere gönükdirmegi buýurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG