Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Owganystandaky 'uruş jenaýatlarynyň' derňelmegine çagyrýar


"Talyban" tarapyndan gynalan esger
"Talyban" tarapyndan gynalan esger

“Amnesty International” guramasy “Talybanyň” awgust aýynda Owganystanda häkimiýeti ele geçireli bäri gynamalar we bikanun jezalandyrmalar esasynda öldüren adamlaryny hasaba alandygyny aýdýar.

"Talyban" agzalary "etniki we dini azlyklary, Owganystanyň öňki Milli Goranyş howpsuzlyk güýçleriniň esgerlerini we hökümete duýgudaşlyk bildiren diýip hasaplanan adamlary gynap öldürdi" diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň 15-nji dekabrda çap eden hasabatynda aýdylýar.

"Subutnamalar häkimiýetiň, “Talybanyň” aýdyşy ýaly, asudalyk bilen geçendigini däl-de, Owganystanyň halkynyň ýene bir gezek jany bilen hasaplaşandygyny görkezýär” diýip, Amnesty International guramasynyň baş sekretary Agnes Kallamardyň metbugat üçin habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda aýdylmagyna görä, hökümetiň ýykylmagy bilen dörän başagaýlykda “asuda ilatyň köpçülikleýin jebir-jepa çekmegine” getiren hüjümlere Owganystanyň ozalky goranyş güýçleri we ABŞ harbylary jogapkär bolup durýar.

Kallamard Haagadaky Halkara Jenaýat Kazyýetini, “munuň nirä alyp barýandygyna garamazdan”, uruş jenaýatlary baradaky subutnamalary derňemäge çagyrdy.

Amnesty International guramasy bu hasabaty taýýarlamak üçin subutnama toplanda Kabulda 1-15-nji awgust aralygynda 65 adam bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik geçirdi; awgustdan noýabra çenli aralykda bolsa 10 sebitde, gizlin programmalary ulanyp, ejir çeken adamlaryň we şaýatlaryň 36 sanysy bilen söhbetdeş boldy.

Şeýle-de hasabatda ýesirleri gynamak we beýleki ýowuz çemeleşmeler, Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçleriniň ilatly ýerlerde minomýot ulanmagy, ABŞ-nyň parahat ilatyň, şol sanda çagalaryň ölmegine sebäp bolan pilotsyz uçary bilen bagly wakalar, mümkin bolan uruş jenaýatlary hökmünde dokumentleşdirilýär.

"Talyban" tarapyndan amala aşyrylan hüjümleriň biri 6-njy sentýabrda, Panjşir welaýatynyň paýtagty Bazarakda, söweşiji toparyň ýurdy doly öz gözegçligine almagyna garşy durýanlaryň iň soňky mesgeninde bolup geçdi.

“Talyban” güýçleri tarapyndan takmynan 20 adam ýesir alyndy we iki gün tussaglykda saklandy. Amnesty International guramasy bu adamlaryň "gynalandygyny, azykdan, suwdan we lukmançylyk kömeginden mahrum edilendigini we jezalandyrylmak haýbaty bilen gorkuzylandygyny" aýdýar.

Tussag edilenleriň biri ýesirleriň ýerzeminde saklanyşy we ýaralylar saglyk kömegini soranda, “Talybanyň” olara: "Goý, ölsinler" diýip jogap berendigini gürrüň berdi.

Şeýle-de, "Talyban" 6-njy sentýabrda Urmaz obasyna hüjüm edip, Günbatar tarapyndan goldanýan hökümetde işlemekde güman edilýän adamlary ýüze çykarmak üçin öýme-öý gözleg, barlag işlerini geçirdi.

"Söweşijiler 24 sagadyň dowamynda azyndan alty raýaty esasan kellesinden, döşünden ýa-da ýüreginden ok atyp, sud etmezden öldürdiler" diýip, hasabatda bu hili ýagdaýda adam öldürmegiň uruş jenaýaty hasaplanmalydygy bellenýär.

Şaýatlaryň sözlerine görä, jezlandyrylyp öldürilen erkekleriň käbiri ozal Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda gulluk edenem bolsa, şol wagt olaryň hiç biri howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda ýa-da başga ýerde hiç bir duşmançylyga gatnaşmaýardy.

Şeýle-de hasabatda Spin Boldakda öňki hökümet bilen baglanyşykly adamlardan öç almak üçin guralan hüjümler we olaryň jezalandyrylyşy dokumentleşdirilipdir.

Amnesty International guramasy mundan ozal “Talybanyň” Gazni welaýatynda 13 sany etniki hazarany, şeýle-da, Daykundi welaýatynyň Kahor obasynda milli howpsuzlyk güýçleriniň 11 agzasyny öldürendigini dokumentleşdirdi.

Mundan başga, hasabatda ABŞ goşunlarynyň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň iýun-awgust aýlaryndaky zorlukly wakalaryň arasynda “parahat ilata zyýan ýetirilmeginiň dowam etdirilmegine” goşant goşandygy aýdylýar.

Hasabatda Kunduz şäheriniň etegindäki Zahail şäherçesine edilen iki minomýot hüjüminiň owgan milli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýar. Bu hüjümler iýun aýynda bolup, 20 ýaşly bir erkek bilen 12 ýaşly bir gyzyň ölümine sebäp boldy diýip, hasabatda bellemýär.

ABŞ-nyň pilotsyz uçary 29-njy awgustda Kabulda 10 adamy, şol sanda ýedi çagany öldürdi. ABŞ-nyň Howa güýçleriniň baş inspektory geçen aý geçirilen derňewde bu hüjümi "pajygaly ýalňyşlyk" diýip atlandyrdy.

Pentagon 13-nji dekabrda bu zarba üçin ABŞ harbylarynyň jogapkärçilige çekilmejekdigini aýtdy.

Waşington ölen adamlaryň garyndaşlaryna öwez puluny tölemek, şol sanda olaryň ABŞ-a göçmegine rugsat bermek meselesine seredýär.

Amnesty International guramasynyň bu hasabaty BMG resmisiniň Owganystandaky “Talyban” dolandyryşynyň ilkinji dört aýynyň dowamynda 100-den gowrak adamyň sud edilmezden öldürilendigi barada “ynamdar maglumatlaryň” bardygyny, aýallaryň iş hukuklarynyň ret edilendigini we ýaş oglanlaryň esgerlige alynýandygyny aýdan gününiň ertesi çap edildi.

XS
SM
MD
LG