Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BYPOL. Bakiýewiň maşgalasy Lukaşenka para berýänleriň nädip ýokarky onlugyna düşdi


BYPOL_BAKIEV FAMILY_COLLAGE

Belarusdaky oppozisiýa guramasy BYPOL ýurduň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenka uly möçberde para beren adamlaryň sanawyny çap etdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň gelni awtoritar prezidente para berenleriň arasynda, iň ýokary 10 adamyň hataryna girdi, ol öz ýurdunda gaýybana ýagdaýda, uzak wagtlyk türme tussaglygyna höküm edilipdi. BYPOL toparynyň wekili, Belarusyň Derňew komitetiniň ozalky uly sülçüsi Igor Loban Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, Lukaşenka režiminiň Bakiýewler maşgalasyny nädip gorag astyna alandygyny gürrüň berdi.

Azattyk: Golaýda BYPOL öz derňewlerini çap etdi, onda Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň maşgalasy barada hem agzalýar. Maglumatlary nireden aldyňyz? Bu barada gürrüň beräýseňiz.

Igor Loban: Belarusdaky häzirki hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda, biz ýaly Lukaşenka režimine garşy çykýanlar bar, şonuň üçin BYPOL toparyna maglumat berýän ulgam gaty köp. Birdenkä bize para hökmünde berlen awtoulaglar barada maglumat gowuşdy. Şol sebäpden biz kimiň awtoulag para berendigini, munuň nähili bolandygyny we para berýänlerden iň ýokary 10 adamy kesgitlemek barada, kiçi çäkde derňew geçirmek kararyna geldik. Para berenleriň biri Aýžan Kenenbaýewa diýlip yglan edilen maglumatlar barada aýdanymda, ol meniň bilşime görä, Kurmanbek Bakiýewiň oglunyň aýaly. Hawa, hakykatdanam, biz bu graždaniniň iki ulagy para berendigini aýdyp bileris. Olaryň biri “Mercedes-Maybach S600 Pullman Guard М”, beýlekisi bolsa “Harley-Davidson” kysymly motosikli. Olaryň umumy bahasy takmynan 1,5 million dollara durýar.

Azattyk: Aýžan Kenenbaýewa şeýle gymmatly sowgatlary haýsy maksat bilen hödürläpdir?

Igor Loban: Biziň pikir edişimize görä, Belarusda Lukaşenka üçin berim ulgamy köp wagt mundan ozal döredilipdi, haçan-da döwlet bilen ýakyndan baglanyşykly bir düşewüntli iş ileri tutulanda ýa-da käbir adamlara howandarlyk etmeli bolanda, şeýle gymmat sowgatlary getirýärler. Ady agzalan graždanin hem şol düzgünden daşarda galyp bilmez. Elbetde, biz ol parany başga bir adamyň çykaryp, ol zenanyň muny gowşurandygyna düşünýäris. Bu şeýleräk ýagdaýda bolandyr. Ýöne paranyň Kurmanbek Bakiýewler toplumyndan hem onuň ogullaryndan çykan bolmagy mümkin.

Azattyk: 2018-nji ýylyň iýun aýyndan alan resminamalaryňyzda, Aýžan Kenenbaýewanyň ady görkezilýär. Görnüşi ýaly, şol wagtda ol Belarusda bolupdyrmy?

Igor Loban: Gaty dogry. Mundan başga-da, şol wagtda, 2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda, onuň elinde Belarusyň pasporty peýda boldy. Ýagny ol Belarusyň graždaninidir.

Kurmanbek Bakiýew öz maşgalasy bilen. Aýžan Kenenbaýewa – sagdan iň çetde.
Kurmanbek Bakiýew öz maşgalasy bilen. Aýžan Kenenbaýewa – sagdan iň çetde.

Azattyk: Dokumentleriň arasynda beýleki gyrgyz atlaryna ýa-da Gyrgyzystanyň graždanlaryna gözüňiz düşmedimi?

Igor Loban: Gynansagam, biz bu meselelere girişmedik. Emma meniň ýadyma düşüşine görä, açyk çeşmelerde-de bu maglumatlar çap edilipdi, Kurmanbek Bakiýew Belarusdan gaçybatalga aldy, soňra Belarusyň graždanini boldy. Bu örän düýpli mesele, ýöne biz ol ugurlara çuň aralaşmadyk, sebäbi Belarus režiminiň, şeýle-de, Belarusyň diktatorynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly barlanmaly jenaýat derňewleri köp.

Azattyk: Kurmanbek Bakiýewiň dogany Žanyş Bakiýewiň hem Belarusda bolýandygyny görkezýän köp maglumat, hatda wideolar bar. Munuň özi Bakiýewiň Lukaşenka režiminiň howandarlygyndan peýdalanyp, öz ähli ýakynlaryny şol ýere alyp barandygyny aňladýarmy?

Igor Loban: Men, belki, siziň bilen ylalaşaryn. Lukaşenkanyň Ýewropadaky iň soňky diktatordygy hiç kim üçin gizlin däl, elbetde, ol özi ýaly halkara jenaýatçylara höwes bilen gaçybatalga berýär. Şonuň üçinem men bu ýerde geň galdyryjy zat göremok.

Azattyk: Belarus ilaty bir ýyldan gowrak wagt bäri köpçülikleýin protestleri geçirip gelýär. Lukaşenkanyň peýdasyna bolmajak şertlerdäki üýtgeşmeleriň ýüze çykan halatynda, Bakiýew maşgalasynyň agzalary ýaly jenaýat jogapkärçiliginden gizlenýänlerde gorky-howsala döredýärmi?

Igor Loban: Bu örän düşnükli ýagdaý, Belarusda adalat höküm sürenden soň, kanunyň we tertip-düzgüniň dikeldiljekdigi äşgärdir. Şonda Belarus beýleki döwletleriň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, graždanlary ekstradisiýa etmek baradaky haýyşlaryna sereder. Ol Lukaşenkadan kepillik bolmazdan amala aşyrylar. Elbetde, ol adamlaryň muňa düşünjekdigi tebigy ýagdaý, režim ýykylan halatynda, gözlenýänleriň ýurduna ekstradisiýa edilmek ähtimallygy gaty ýokary bolar.

* BYPOL 2020-nji ýylyň oktýabrynda döredildi, ol Belarusda kanuny we tertip-düzgüni dikeltmek isleýän güýç ulanyjy gullugyň işgärlerini özüne birleşdirýär. Noýabr aýynda hökümetler bu guramany «ekstremistik toparlanyşyk» diýip ykrar etdi hem-de onuň agzalaryna garşy derňew işlerini başlatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG