Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ uýgur musulmanlarynyň kemsidilmegi sebäpli Hytaýa garşy has köp sanksiýa girizýär


Hytaý. Uýgur okuwçylary

ABŞ hökümeti 16-njy dekabrda Hytaýyň birnäçe biotehniki we gözegçilik firmasyna garşy sanksiýalar tapgyryny yglan etdi, Senat bolsa Hytaýyň günbatar Sinjiaň sebitinden import edilýän käbir harytlary gadagan edýän kanunlary tassyklady.

Sinjaň sebitinde ýaşaýan esasy etniki topar bolan uýgurlaryň adam hukuklarynyň basgylanmagy sebäpli, bu Pekine garşy görlen çäreleriň häzirlikçe iň soňkularynyň biri bolup durýar.

ABŞ-nyň Söwda we Gazna departamentleri 16-njy dekabrda hytaý kärhanalarynyň pekin režiminiň uýgurlara garşy alyp barýan işlerindäki roluna salgylanyp, sinhronlaşdyrylan jeza çärelerini yglan etdi.

Söwda departamenti, institutlarynyň we firmalarynyň eksport elýeterliligini çäklendirmek bilen, Hytaýyň Harby lukmançylyk ylymlary akademiýasyna we onuň hytaý harbylaryny goldamak üçin biotehnologiýa ulanýan 11 sany ylmy-barlag institutyna garşy sanksiýa girizdi.

Şu aralykda Gazna departamenti hem Hytaýyň sekiz sany tehnologiýa firmasyny, şol sanda dron, adamsyz uçar öndürýän DJI Technology Co Ltd kompaniýasyny maýa goýumlary boýunça gara sanawa girizdi. Bu barada departamentiň web sahypasynda habar berilýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi 17-nji dekabrda täze girizilen sanksiýalara reaksiýa bildirip, "Hytaý edaralarynyň we kärhanalarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini aýgytly goramak üçin zerur bolan ähli çäräni görjekdigini" aýtdy.

Bu çäreler, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin aýtmagyna görä, "ABŞ-nyň Hytaýy her hili ýollar bilen garalajak bolmakdan çekinmeýändigini” görkezýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG