Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Günbataryň Orsýete 'derhal' howpsuzlyk kepilligini bermegini talap edýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin howpsuzlyk kepilliginiň "haýal etmän" berilmegini talap edýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin howpsuzlyk kepilliginiň "haýal etmän" berilmegini talap edýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, rus goşunlarynyň Ukrainanyň alkymyna jemlenmegi bilen güýçlenen dartgynlylygyň arasynda, Günbatardan Russiýa “derrew” howpsuzlyk kepilliklerini bermegi talap etdi. Ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş eden Putin žurnalistiň Russiýanyň niýetleri baradaky soragyna jogap berip, Ukraina we NATO barada nägileliklerini bildirdi.

Rus resmileriniň şu aýyň başynda aýan eden talaplaryny nazarda tutup, “Siz bize kepillik bermeli. Siz! Özem indi gijikdirmän bermeli! Häzir!” diýip, Putin “Sky Newsiň” habarçylarynyň soragyna jogap berende aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu gezekki ýyllyk metbugat ýygnagyny rus goşunlarynyň Ukrainanyň golaýynda ýerleşdirilmegi we Kremliň niýetleri baradaky soraglaryň gürelen wagtynda geçirip, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ýurduň ykdysady ösüşini tijemek ugrunda edilýän tagallalary nygtamaga çalyşdy.

Ol ruslary sanjym almaga çagyrdy. Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Russiýa COVID-19 ýokuşmalaryny gözegçilik astynda saklamakda kynçylyk çekdi, muňa esasan ýurtda sanjym almaga ýaýdanýanlaryň köplügi sebäp boldy.

Şu wagta çenli ýurduň 146 million ilatynyň 50 göteriminden hem az adam doly sanjym edildi, ýogsa Russiýa bir ýyl mundan ozal koronawirus sanjymyny tassyklady we dünýäde ilkinjileriň biri bolup, olary öz halkyna elýeterli etdi.

Milli koronawirus maglumat merkeziniň maglumatyna görä, 23-nji dekabrda Russiýa 10,2 million adamyň bu derde ýolugandygyny, 300,000 adamyň bolsa ondan ölendigini habar berdi. Putin ýygnagyň açylyş pursatyndaky soraglaryndan peýdalanyp, Kremliň COVID pandemiýasynyň döreden ykdysady çökgünliginden üstünlikli geçendigini öňe sürdi.

Bu çäre Putiniň Russiýanyň syýasy durmuşynda oýnaýan roluny nygtamak üçin her ýyl diýen ýaly gurnalýan we TW arkaly köpçülige görkezilýän üç sany köpçülikleýin çäräniň diňe biri bolup durýar. Öňki ýyllarda bu metbugat ýygnagy üç sagatdan gowrak dowam eden bolsa, geçen ýyl 4 ½ sagat dowam etdi.

Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli, bu ýyl zala girjek žurnalistlerden üç sany negatiw synag testinden geçmek talap edilýär. Şeýle-de, guramaçylar “dezinfeksiýa ötüklerini” gurdular, bu entek synagdan geçmedik tehnologiýa bolup, içinden geçýän adamlara ergin sepip, dezinfeksiýa etmek üçin ulanylýar.

Bu ýyldaky metbugat ýygnagy rus goşunlarynyň Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlenmegi bilen, Ýewropanyň howpsuzlyk kepilliklerini düýpgöter täzelemegi talap edip, Kremliň NATO öz ultimatum sanawyny gowşuran wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Soňky hepdelerde ABŞ, NATO we Kiýew Ukraina bilen serhet ýakasynda we Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarym adasynda ýerleşdirilen 100 000 töweregi rus goşuny sebäpli howsala bildirdi.

ABŞ resmileri Moskwanyň mümkin bolan harby çozuşy planlaşdyrýandygyny aýdýarlar we, eger şeýle bolsa, bu birnäçe hepdäniň içinde bolup biler öýdülýär.

Gündogar Ukrainanyň käbir ýerlerinde Kiýew bilen Orsýet tarapyndan goldanýan söweşijileriň arasynda 2014-nji ýylyň başyndan bäri dowam edýän söweşlerde 13200-den gowrak adam öldi.

Ukraina serhediniň alkymyna gaýtadan jemlenen goşun bilen bagly aladalar Putiniň Ýewropada Sowuk uruşdan soň dörän ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgedilmegine getirjek talaplary öňe sürüp, ABŞ-dan we NATO-dan düýpli "howpsuzlyk kepilliklerini" talap etmegine getirdi.

17-nji dekabrda aýan edilen bu talaplar NATO-nyň gündogara tarap giňelmeginiň gadagan edilmegine we harby meselelere gezek gelende, özygtyýarlylygy çäklendirilen bufer döwletleri hökmünde, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň ýanyna gelmezlige çagyrýar.

Putin özüniň uruş islemeýändigini, ýöne täze uruş tursa, Kiýewiň we Günbataryň günäkär boljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Ol bu sözlerini delillendirjek bolup, ABŞ we Ukraina çäreleri barada esassyz çaklamalary öňe sürdi.

Kreml we ABŞ administrasiýasy geljek aýda howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG