Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ýene bir 'işini oňarmadyk' emeldary wezipesinden boşatdy


Gurbanguly Berdimuhamedow öz wezipä bellän emeldarlaryny hiç bir düşündiriş bermän, islän wagty işden kowup bilýär diýip, synçylar aýdýar. Arhiw suraty
Gurbanguly Berdimuhamedow öz wezipä bellän emeldarlaryny hiç bir düşündiriş bermän, islän wagty işden kowup bilýär diýip, synçylar aýdýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda nobatdaky kadr çalşyklaryna başlap, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Atamyrat Rejepalyýewi wezipesinden boşatdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji dekabrda gol çeken kararynda onuň “özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy” aýdylýar.

Habarda hiç bir jikme-jiklik aýdylmansoň, öňki häkimiň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky "azyk bolçulygy" talabyny berjaý edip bilendigi ýa bilmändigi belli däl.

Prezident Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine ozal Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Abdymuhammet Aramowy belledi.

Döwlet baştutanynyň ýene bir kararynda bolsa, Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasarynyň boşan wezipesine, Abdylla Annaberdiýewiň bellenendigi habar berilýär.

Mundan başga, prezident Didar Nurmuhammedowy Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.

Gol çekilen kararlarda soňky iki resminiň ozal nirelerde, haýsy wezipede işländigi aýdylmaýar.

Türkmenistan soňky üç onýyllykda yzygiderli kadr geldi-geçerligi bilen ýüzbe-ýüz boldy we ýaşaýjylar wezipä bellenýän we wezipesinden boşadylýan adamlar barada ýeterlik maglumat berilmeýändigini, olaryň işe bellenende hem, işden boşadylanda hem şol bir mazmunly, ýat tutulana meňzeýän sözleri gaýtalaýandyklaryny aýdýarlar.

Ozal jogapkär ýolbaşçylar diňe ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň karary bilen bellenen bolsa, soň häzirki prezidentiň karary bilen bellenýär we biraz wagtdan “işini oňarmadyk” ýa “düýpli kemçilik goýberen” öňki resmileriň işleriniň netijeleri, olary wezipä bellän döwlet baştutanynyň tejribesizlikleri barada anyk gürrüň edilmeýär.

XS
SM
MD
LG