Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan $150 million möçberindäki karz ylalaşygyna gol çekdi


1,5 milliard dollara düşen halkara deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi.
1,5 milliard dollara düşen halkara deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi.

Halkara Yslam söwda-maliýe korporasiýasy (ITFC) Türkmenistanyň hökümeti bilen 150 million dollar möçberinde üç ýyllyk çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi diýip, “TradeArabia” neşiri habar berýär.

Çarçuwaly ylalaşyk zerur harytlary import etmek, oba hojalygyna we dokma senagatyna goldaw bermek, hususy pudagy, hususan-da kiçi we orta derejeli telekeçiligi maliýeleşdirmek, Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynda söwdany goldamak we maliýeleşdirmek babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk tagallalaryny öz içine alýar diýip, habarda aýdylýar.

Onlaýn arkaly geçirilen gol çekmek dabarasyna arap tarapyndan Halkara Yslam söwda-maliýe korporasiýasynyň baş müdiri Hani Salem Sonbol, тürkmen tarapyndan Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow gatnaşdy.

Bu ylalaşyk Türkmenistanyň Halkara Yslamçy söwda-maliýe korporasiýasyna agza bolmak baradaky arzasynyň tassyklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Aşgabat bu gurama girmek üçin şu ýylyň sentýabrynda, onuň baş assembleýasynyň YÖB toparynyň ýyllyk ýygnagy wagtyndaky duşuşygynda arza berdi.

Şeýle-de, hökümetçi “Orient” neşiriniň maglumatyna görä, Yslam ösüş banky golaýda Türkmenistana deňiz transporty ulgamyny ösdürmek baradaky taslamany maliýeleşdirmek üçin 90,15 million dollar möçberinde serişde bermegi tassyklady.

Bu serişdäniň hususan-da Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň we milli deňiz flotynyň netijeliligini artdyrmak üçin ulanyljakdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň 1,5 milliard dollara düşen halkara deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi. Şol wagt bu gämi zawodynyň ýylda 4-6 gämi gurmaga kuwwatynyň ýetjekdigi, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň bolsa ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigi aýdyldy.

Synçylar bu desganyň Türkmenistanda milliardlarça dollar halk serişdesine gurlan we bu golaýlarda özüni ödemejek taslamalaryň diňe biridigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG