Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlarynyň öňýany Hytaý COVID-19-a garşy tagallalaryny güýçlendirýär


26-njy dekabrda hytaý resmileri koronawirusyň 162 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. (arhiw suraty)
26-njy dekabrda hytaý resmileri koronawirusyň 162 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. (arhiw suraty)

Hytaý özüniň çäginde COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär. Bu aralykda, beýleki ýurtlar koronawirusyň omikron görnüşiniň möwjemeginiň arasynda keselhanalaryň dolmagy, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Pekinde geçmeli Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 27-nji dekabrda Hytaýyň merkezi Şian şäherinde häkimiýetler dezinfeksiýa işerini alyp barýarlar. Pekinden 930 km uzaklykda ýerleşýän, 13 million ilatly Şian şäherinde häkimiýetler ýollara we binalara wirusa garşy ýörite ergin sepýärler. 27-nji dekabrda şäherde köpçülikleýin testler hem ýola goýuldy. Häzire çenli wirusyň omikron görnüşi bilen bagly hiç bir ýagdaý ýüze çykarylmady.

Hytaý serhet gözegçiligini güýçlendirip, uzak möhletli karantin we nyşanalaýyn petikleme çärelerini girizip “nol-COVID” strategiýasyny ýöredýär.

Emma bu çärelere garamazdan, 26-njy dekabrda hytaý resmileri koronawirusyň 162 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler.

Şol bir wagtda, dünýäniň beýleki döwletleri koronawirusyň omikron görnüşine garşy göreşýärler. 26-njy dekabrda Eýran Britaniýadan, Fransiýadan, Daniýadan we Norwegiýadan gelýän syýahatçylara 15 gün gadaganlyk girizdi.

XS
SM
MD
LG