Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň şäher kazyýeti Memorial Ynsan Hukuklary Merkezini ýapdy


Memorial Ynsan Hukuklary Merkeziniň Moskwadaky edarasy.
Memorial Ynsan Hukuklary Merkeziniň Moskwadaky edarasy.

Bir gün ozal Russiýanyň ýokary kazyýeti Halkara Memorialy ýapandan soňra, çarşenbe güni Moskwanyň şäher kazyýeti bu guramanyň şahamçasy bolan Memorial Ynsan Hukuklary Merkezini ýapmak barada höküm çykardy. Ýurt boýunça raýat jemgyýetini gysmak üçin döwlet tarapyndan edilýän administratiw çäreler ýylyň dowamynda güýçlendi.

Moskwa şäher kazyýetiniň kabul etmegine giňden garaşylan 29-njy dekabr karary guramanyň ýurduň berk çäklendiriji “daşary ýurt agenti” hakyndaky kanunyny bozandygy barada gelnen netijelere esaslanýar. Bu kanunçylyk hukuk toparlaryna, žurnalistlere, hukukçylara, raýat aktiwistlerine we beýlekilere garşy barha köp ulanylýar.

Bu kanun, beýleki talaplar bilen hatarda, “daşary ýurt agenti” hasaplanýan guramalardan özleriniň çap edýän, ýa-da ýaýlyma berýän ähli maglumatlaryny iriziji tagma bilen tagmalamagy talap edýär.

28-nji dekabrda Ýokary kazyýet Halkara Memorial guramasyny ýapmak barada höküm çykardy. Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öň ýany döredilen belent sarpaly gurama Stalin döwrüniň repressiýalaryny öwrenmek boýunça iş alyp barýardy.

Şeýle-de, Memorial käbir resmiler tarapyndan Sowet Soýuzyny “terror döwleti” hökmünde kemsitmekde aýyplanýardy.

Halkara Memorial hem özbaşdak, hem-de başga köpsanly sebit şahamçalaryNY, galyberse-de Memorial Ynsan Hukuklary Merkezini öz içine alýan guramadyr. Memorial Ynsan Hukuklary Merkezi Halkara Memorialyň Russiýadaky baş edarasydyr.

Hukuk goraýjy aktiwistler parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi Andreý Saharow we beýlekiler tarapyndan esaslandyrylan guramany ýapmak üçin kanuny esas ýok diýýärler.

“Biz bu gün Halkara Memoriala we Memorial Ynsan Hukuklary Merkezine garşy bir günde arza berilmeginiň tötänlikdigini eşitdik. Bu ýerde munuň şeýledigine ynanýan adam ýok bolsa gerek! Bu ýagdaý bolsa matlabyň syýasydygyny görkezýär. Döwlet Memorialyň aýdýan zatlaryny we edýän işlerini halamaýar” diýip, aklawçy Ilýa Nowikowyň kazyýetde aýdan sözleri sitirlenýär.

“Gämi aşak çümende onuň öz baýdagyny aşak çekmezligi, ýa-da ony meýletin aşak çekmegi örän derwaýysdyr” diýip, Nowikow sitirlenýär. “Memorial öz baýdagyny dik asmanda pasyrdadyp, aşak çümýär, bu baýdak ýatyrylmaz” diýip, ol belledi.

Memorial ilkibaşda Sowet repressiýasyny dokumentleşdirmäge üns berýärdi. Gurama gulag lagerlerine iberilen ýa-da sowet gizlin polisiýasy tarapyndan atylyp öldürilen müňlerçe pidany hasaba aldy.

Şondan bäri geçen onlarça ýylyň dowamynda topar ýurtda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyny görkezýän maglumatlary toplady, häzirki döwrüň adalatsyzlyklaryny dokumentleşdirdi.

Prezident Wladimir Putin bu toparyň “terrorçy we ekstremist guramalaryň” tarapyny tutup çykyş edýändigini aýdýar.

Günbatar hökümetleri we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler kazyýet kararyny aladaly garşylady.

“Biz bu gün Russiýanyň iň bir sylaglanýan ynsan hukuklaryny goraýjy guramalarynyň biri bolan Halkara Memorialy mejbury ýapmak barada çykarylan karary ýazgarýarys. Rus häkimiýetleri ynsan hukuklaryny goraýjylara we beýleki garaşsyz seslere basyş etmegi bes etmeli” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy.

Halkara Memorialyň “syýasy repressiýalar we ynsan hukuklarynyň bozulmagy babatdaky hakydany goramakda möhüm roly” bar diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy kazyýet kararyny ýazgaryp, Twitterde ýazgy galdyrdy.

“Daşary ýurt agentleri” hakyndaky kanun ilkibaşda 2012-nji ýylda kabul edildi we şondan bäri bu kanuna gaýta-gaýta üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu kanun daşary ýurt kömegini kabul edýän hem-de hökümetiň syýasy işler bilen meşgullanýandyklary üçin bellige alynmaly hasaplaýan hökümete degişli däl guramalardan özlerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde görkezmegini hem-de barlaglara tabyn bolmaklaryny talap edýär. Girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar media guramalaryny, özbaşdak žurnalistleri, hatda aklawçylary nyşana aldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy “daşary ýurt agenti” hasaplanan ilkinji media guramalarynyň hataryndadyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG