Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çärjewde ýasalan partlaýjynyň partlamasynda üç adam öldi, iki adam el-aýagyny aldyrdy


Lebapda Täze ýyl gijesinde partladylan ýasama partlaýjy üç adamy öldürdi.
Lebapda Täze ýyl gijesinde partladylan ýasama partlaýjy üç adamy öldürdi.

Türkmenistanda zawodda öndürilýän petardlaryň, partlaýjy enjamlaryň söwdasy gadagan bolansoň, çagalar we ýetginjekler Täze ýyl baýramçylygynda patlatjak partlaýjylaryny öýde ýasaýarlar. Lebap sebitiniň Çärjew etrabynda, Täze ýyl baýramçylygynda öýde ýasalan petardlaryň partlamasynda üç adam öldi we 20-den gowrak adam ýaralandy. Azatlygyň Lebabyň hukuk goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, öý şertlerinde öndürilen partlaýjy enjam azotda eýlenen kagyz bilen doldurylan awtoulag amortizatorynyň porşunyndan ýasalypdyr. Partlaýjy enjam ýasamakda güman edilip, ýerli kebşirleýji tussag edildi.

31-nji dekabr gijesi bolan güýçli partlama 12-nji orta mekdebiň golaýyndaky Guşçular obasyna ýaň saldy (halk içinde bu ýer Ptisesowhoz diýlip bilinýär), bu ýerde Täze ýyl arçasy bezelipdi.

Azatlygyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, öýde öndürilen enjamyň partlamasynda 14 ýaşly iki ýetginjek we 40 ýaşly bir adam wepat boldy.

Azyndan bir çaganyň goly goparyldy, partlaýjy paketiň gapdalynda duran uly ýaşly adamyň bolsa aýagy goparyldy. Ýene 20-den gowrak adam, çynlakaý gyýçak ýaralary sebäpli, Lebap welaýat keselhanasyna ýerleşdirildi.

Wakanyň bolan ýerinde, görnüşinden Täze ýyly bellemek ýörite ýasalan partlaýjylar bilen bellemek üçin ýygnanan onlarça adam bardy. Öýde ýasalan partlaýjy enjamyň partlamasynyň beýle güýçli bolup biljegine hiç kim garaşmandyr.

Bolan waka bilen baglanyşykly jenaýat işi gozgaldy we ýerli kebşirleýji partlaýjy enjam ýasamakda güman edilip, tussag astyna alyndy.

Azatlygyň hukuk goraýjy organlardaky çeşmeleriniň sözlerine görä, partlaýjy enjam azotda eýlenen kagyz bilen doldurylan awtoulag amortizatorynyň porşunyndan ýasalypdyr.

Azatlygyň çeşmeleriniň biri polisiýanyň derňew çärelerini dogry-düzüw, bolmalysy ýaly geçirip bilmeýändigini, sebäbi wakanyň bolan ýerine çagyrylan ýangyn söndüriji awtoulagyň pürken suwlarynyň galan yzlaryň ählisini süpürip ýok edendigini gürrüň berdi. "Örän kän gan bardy" diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu bolan wakadan soň dessine Çärjew töwereginiň interneti öçürildi we sebitdäki internetiň tizligi gowy haýallady. "Bu maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak üçin edilen iş boldy" diýip, biziň çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanda zawodda öndürilen partlaýjy enjamlary we feýerwerkleri satmak gadagan edildi. Türkmen çagalary we ýetginjekleri her ýyl, Täze ýyl baýramçylygyndan öň, Täze ýyl baýramçylygynda partlatmak üçin öý şertlerinde öndürilen partlaýjy serişdeleri ýasaýarlar.

Türkmenistandaky mekdepler her ýyl Täze ýyl baýramçylygyndan birnäçe aý öň çagalar bilen söhbetdeşlik geçirip, olara öýde ýasalan partlaýjylaryň howpludygyny düşündirýärler we bu işe baş goşmagyň, olary ýasamagyň jogapkärçiligini duýdurýarlar.

Geçen ýyl Aşgabat şäheriniň Hitrowka obasynyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramçylygyny partlaýjy enjamlary partlatmak bilen bellediler.

2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenabat şäherindäki ýaşaýyş jaýynda gaz syzmagy netijesinde bolan partlamada bir çaga öldi we 11 ýaşaýjy keselhana ýerleşdirildi.

Adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri Täze ýyl gijesinde Çärjewde bolup geçen pajygaly waka barada hiç hili maglumat bermediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG