Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly generalyň öldürilmeginiň ýyl dönüminiň öň ýany, hakerler Ysraýylyň iri habar neşirini nyşana aldy


Demonstrantlar Bagdadyň köçelerinde eýran generaly Kasem Soleýmanini öldüren hüjümiň ýyl dönümini belleýär.
Demonstrantlar Bagdadyň köçelerinde eýran generaly Kasem Soleýmanini öldüren hüjümiň ýyl dönümini belleýär.

2020-nji ýylda bir ýokary derejeli eýranly generalyň ABŞ dron hüjümi bilen öldürilmeginiň ýyl dönüminden bir gün ozal, bir iri ysraýyl gazetiniň web-saýty hakerler tarapyndan nyşana alyndy.

2-nji ýanwarda “Jerusalem Post” gazetiniň web-saýtyna edilen hüjüm saýtda çap edilen makalany bir surat bilen çalyşdy. Suratda iki ýyl mundan ozal dron hüjümi bilen öldürilen eýranly general, Kasem Soleýmaniniň ýumrugyndan raketanyň düşüşi görkezilýär. Ýumruk ondaky ýüzük sebäpli Soleýmani bilen ilteşdirilýär.

Suratdaky nyşana Ysraýylyň Ýadro barlag merkezine meňzedilipdir.

Iňlis dilinde çap edilýän neşir özüniň döwülendigini Twitter arkaly tassyklady.

“Jerusalem Post” neşirine görä, hakerleriň gelip çykyşy, olaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilendikleri, ýa-da olaryň Eýrandandyklary ýa-da däldikleri barada maglumat ýok.

Beýleki bir ysraýyl media serişdesi bolan “Magaryf Online” neşiriniň Twitter hasaby hem nyşana alyndy.

Onlaýn haker hüjümi Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň “Kuds güýçleri” bölümine ýolbaşçylyk eden Soleýmaniniň hem-de yrakly leýtenant Abu Hamid al-Muhandisiň öldürilmeginiň ýyl dönüminde ýüzlerçe demonstrantyň Bagdat köçelerine çykmagyndan bir gün soňra amala aşyryldy.

Şol wagtky prezident Donald Tramp ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerine garşy edilýän hüjümlere jogap hökmünde 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda eýran generalyna dron bilen hüjüm edilmegini buýruk berdi.

XS
SM
MD
LG