Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýatynyň Stambuldaky öýünde 284 çüýşe galp alkogol içgisi tapyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türk polisiýasy türkmen raýatynyň Stambul şäherindäki öýünde 284 çüýşe galp markaly alkogol içgisini we olary doldurmak hem-de gaplamak üçin niýetlenen gap-gaçlary, enjamlary, abzallary we gapaklary tapdy.

"Sondakika.com" habar websaýtynyň 31-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, Ataşehir etrap polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy býurosyna bir türkmen raýatynyň Kaýyşdagy etrapçasyndaky öýünde spirtli içgileri satýandygy barada sebit ýaşaýjylary tarapyndan habar gelip gowuşdy.

Türk metbugatynyň habaryna görä, şondan soňra türk polisiýasy Türkmenistanyň raýaty Nizamiddin Ahmedowyň öýüne reýd geçirdi.

Reýd döwründe dürli markaly jemi 284 çüýşe ýasama alkogol içgisi ele salyndy. Şeýle-de, 155 litr etil alkogoly, 1 sany arassalaýjy enjam, olary doldurmak hem-de gaplamak üçin niýetlenen gap-gaçlar, enjamlar, abzallar, ýazgylar we gapaklar hem tapyldy.

"Salgydaky öýde ele salnan çüýşelerdäki içgilerden nusgalar alyndy we testden geçirilmäge iberildi" diýip, habar websaýty türkmen raýaty Ahmedowyň tussag edilendigini hem belledi.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň mart aýynda Stambulda onlarça türkmenistanly ýasama arakdan zäherlenip öldi.

Dekabr aýynda Stambulda bir türkmen studenti öli tapyldy. Şonda türk metbugaty sud-medisina barlag netijelerine salgylanyp, studentiň ýasama arakdan zäherlenip, ölendigini mälim etdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de olar barada türk metbugatynda çykýan maglumatlar hakda habar bermeýär. Hatda synçylar we Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi türkmen häkimiýetleriniň 2020-nji ýylyň martynda ýogalan onlarça türkmen raýatynyň jesetlerini ýurda getirmäge ýa-da Türkiýede jaýlamaga hem kömek etmändigini aýdýarlar.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik, munuň bilen bir wagtda azyk gytçylygy we gymmatçylygy ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara, barmak üçin wiza talaby bolmansoň, Türkiýä çykmagyna sebäp boldy.

Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirliginiň 25-nji noýabrda çap eden hasabatynda ýurtda kanuny ýaşaýyş rugsady bilen 117 müň 905 türkmenistanlynyň ýaşaýandygy habar berildi.

Ýöne synçylar Türkiýede kanuny ýa-da bikanun esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini aýdýarlar.

Soňky döwürde daşary döwletlerdäki türkmenistanlylaryň, dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, işlerini ýitirip, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi habar berilýär.

Azatlyk bilen gürleşýän türkmen migrantlarynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlar ugruny ýitirip, çykalga gözleýän adamlaryň her hili howply işlere baş goşmagyna, dürli sebäplerden, şol sanda käte öz janlaryna kast edip ölmeklerine hem getirýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we türkmen DIM-i Azatlygyň zähmet migrantlary baradaky habarlaryna reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG