Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda prezidentiň aw awlamagy üçin emeli şert "döredildi", hereket, Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň "Türkmenistan bu gun" websaýtyndan alnan surat.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň "Türkmenistan bu gun" websaýtyndan alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda Mary welaýatyndan Lebap welaýatyna bardy. Prezidentiň sebite barmagy bilen, welaýatda hereket togtady we Internet arabaglanyşygy ýiti çäklendirildi. Mundan başga-da, Türkmenabat şäherinde we Farap etrabynda elektrik energiýasy kesildi. Şeýle-de, welaýatda döwlet baştutanynyň aw awlamagy üçin emeli şert döredildi. Prezidentiň sapary we onuň lebaplylaryň durmuşyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Habarçymyz Berdimuhamedowyň welaýata gelen güni sebitde hereketiň togtandygyny, köçelerde awtoulaglaryň we adamlaryň hereketiniň doly diýen ýaly çäklendirilendigini aýdýar.

"Ilata hyzmat ediş nokatlarynyň, şol sanda bazarlaryň tas ählisi ýapyldy. Uly köçelere ýekeje ulag hem goýberilmedi" diýip, habarçymyz efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de, welaýatda Internet hyzmatlary çäklendirildi, "Altyn Asyr" mobil telefon arabaglanyşygy we öý telefonlar tas işlemedi. Ýaşaýjylar IMO messenjerinden we VPN hyzmatlaryndan kadaly peýdalanyp bilmedi.

Mundan başga-da, prezidentiň welaýata gelmegi bilen, sebitde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlikler emele geldi.

4-nji ýanwarda, günüň ikinji ýarymynda Türkmenabadyň gündogar böleginde we Farap etrabynda elektrik energiýasy doly kesildi.

"Bu günortan sagat 12 töwereginden agşam sagat 6:20-ä çenli dowam etdi. Suw üpjünçiliginde we ýyladyş ulgamynda hem bökdençlikler emele geldi" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Welaýatyň Çärjew etrabynda-da elektrik üpjünçiligi wagtal-wagtal kesildi. Habarçymyz ümürli we ýagynly howada welaýatyň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly bökdençlikleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny aýdyp, 4-nji ýanwarda ýagyş ýagandygyny hem belledi.

"Ýagynly howada könelişen transformatorlar hatardan çykyp, ilaty toksuz goýýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Lebap welaýaty türkmen lideriniň saparyna 2-nji ýanwarda taýýarlyk görüp başlady. Türkmenabadyň tas ähli künjeginde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirildi. Köçelerdäki mahabat diňlerindäki plakatlar "Halkyň Arkadagly zamanasy" diýlen şygara çalşyldy.

TDH bu taýýarlyklar barada hiç zat aýtman, prezidentiň 3-4-nji ýanwarda ilki Mary, soňra-da Lebap welaýatyna sapar edendigini we bu sebitlerde "Galkynyş" hem-de "Malaý" gaz känlerine baryp görendigini habar berýär.

Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurduň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artýandygyny belledi. Ýöne resmi habarda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň anyk ady barada maglumat berilmedi.

Döwlet baştutanynyň awtoulagda "Malaýdan" Garagumyň jümmüşine tarap ýola düşendigi, ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklanyp, saýatly düýe çopany bilen söhbetdeş bolandygy hem habarda bellenilýär.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Lebabyň kanun goraýjy edaralarynyň bir işgäri prezidentiň saklanan ýerine welaýatyň goraghanasyndan ýüzlerçe towşanyň, sülgüniň we keýigiň getirilip, guma goýberilendigini we onuň aw awlamagy üçin emeli şert döredilendigini aýtdy.

"Şu gün agşam ara prezident häkimler bilen bilelikde alty tekerli ulagda aw awlady" diýip, kanun goraýjy prezidentiň 5-nji ýanwarda welaýatdan gitmegine garaşylýandygyny hem aýtdy.

Bellesek, Berdimuhamedow Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlar bilen hem tanşyp, çopan goşuna bardy. Şonda maryly çopanlar özleriniň kümelerinden we otlaglaryndan kowulandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen prezidenti Mara we Lebaba iş saparlaryny ýurtda pandemiýanyň arasynda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýitileşen, munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşan mahaly amala aşyrýar.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz dollaryň gara bazardaky alyş-çalyş bahasynyň ýene gymmatlandygyny habar berdi. 5-nji ýanwarda 1 dollaryň bahasy 25 manat 40 teňňä ýetdi. 3-nji ýanwarda onuň bahasy 21 manada deňdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG