Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Ýolötene baranda Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi, çopanlar kümelerinden kowuldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň "Türkmenistan bu gun" websaýtyndan alnan surat.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň "Türkmenistan bu gun" websaýtyndan alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyna baranda, adamlaryň köçä çykmagy çäklendirildi. Şeýle-de, Internet we mobil telefon arabaglanyşygy kesildi. Döwlet baştutany welaýatyň çägindäki öri meýdanlar bilen tanşyp, çopan goşuna baranda, maryly çopanlar özleriniň kümelerinden we otlaglaryndan kowuldy. Bu aralykda, prezidentiň 4-nji ýanwarda Marydan Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary we Lebap welaýatlaryndan maglumat berýärler.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, 2-nji ýanwarda Ýolöten etrabynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, häkimligiň we polisiýanyň işgärleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Olar etrabyň ýaşaýjylaryna 3-nji ýanwar güni hiç ýere çykmaly däldigini aýtdylar.

"Awtoulaglar saklandy we köçeler boşadyldy. Köp obada tok hem kesildi. Internet we telefon arabaglanyşygy ýiti çäklendirildi. Adamlar 2G, 3G we WiFi hyzmatlary arkaly imo messenjerini ulanyp, ýurduň daşyndaky we içindäki hossarlary bilen habarlaşyp bilmediler. Bir abonente 100 gezek jaň edip, 1 gezek aldyryp boldy we bu jaň-da 2 minuda ýetmänkä üzüldi" diýip, habarçymyz efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Etrapda Internetiň çäklendirilmegi netijesinde ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisinde tölegleri plastik bank kartlary arkaly amala aşyryp bolmady. Etrap ýaşaýjylary bankomatlarda pul nagtlaşdyrmakda, söwda nokatlarynda, dükanlarda, ulaglara ýangyç guýýan beketlerde we dermanhanalarda söwda etmekde kynçylyk çekdiler.

Türkmen lideri iş sapary bilen 3-nji ýanwarda Mary welaýatyna bardy. Onuň saparynyň öň ýanynda, Maryda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Mary şäheriniň köçeleri bölekleýin ýapylyp, ilatyň hereketi çäklendirildi. Marynyň köçelerinde gezip ýören itler we pişikler köpçülikleýin awlandy.

TDH bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtman, Berdimuhamedowyň Marynyň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrandygyny habar berdi. Bu ýerde döwlet baştutany täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy.

Berdimuhamedow welaýatyň çägindäki öri meýdanlar bilen hem tanşyp, bu ýerdäki çopan goşuna bardy. Resmi habarda dowar sürüsiniň ýanynda ony etrabyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýewiň "mähirli garşylandygy" aýdylýar.

Çopan prezidenti garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, onuň "Şa gadamynyň ýaýlalara nur-bereket getirendigini nygtady" diýlip, habarda bellenilýär.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýolötenli çopanlar prezidentiň sapary döwründe çölüň içiniň kanun goraýjy edarlaryň işgärlerinden dolandygyny we özleriniň mal bakýan otlaglaryndan kowulandygyny aýdýarlar.

"Bize "prezident dikuçarly aýlanjakmyşyn, şonuň üçin mallaryňyzy daşyrakda bakyň. Ýüzüňizde hem maska bolsun" diýip, bizi giň çöl meýdanyndan hem kowdular" diýip, ýolötenli çopan anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

"Mallary nirä sürsek, öňümizden çykyp, gaýra tarap kowdular. Şol sebäpli birnäçe aýry goşuň maly bilen biziň mallarymyz garyşdy. Biz bu mallary saýgarmakda gaty kynçylyk çekdik" diýip, ol sözüne goşdy.

Şeýle-de, çopanlar özleriniň çörek, gowurdak, ýorgan, ýassyk we egin-eşiklerini goýup, ýatyp turýan küme jaýlaryny hem kanun goraýjylaryň eýeländigini aýdýarlar.

"Bu kanun goraýjylar 2-nji ýanwarda gelip, bizi kümelerimizden çykardylar we mallarymyzy alyp, "daş öri meýdanlara gidiň" diýip kowdular. Biz yzymyza gelenimizde, olar biziň bir aýda iýmeli gowurdagymyzy we çöregimizi iýipdirler. Olar bize "näme üçin ir geldiňiz?" diýip, "hany, çopanyň elinden bir çaý içip göreli" diýdiler. Biz olara çaý demläp bermedik. Olar öýlän sagat 4-de biziň goşumyzdan gitdiler. Şeýdip, olar biziň başymyza bela apady ýaly bolup gelip gitdiler" diýip, çopan belledi.

Bu aralykda, habarçymyza mälim bolan maglumatlara görä, prezident 4-nji ýanwarda irden Maryda bolup, günüň dowamynda onuň Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar.

Lebapdaky habarçymyz hem türkmen lideriniň 4-nji ýanwarda welaýata gelmegine garaşylýandygyny, onuň saparyna görülýän taýýarlyklaryň güýçli depginde dowam edýändigini habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, 2-nji ýanwardan başlap welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň tas ähli köçesinde we seýilgähinde giň gerimli ýowarlar geçirildi. Edara-kärhanalaryň öňi arassalandy.

"Bitarap Türkmenistan köçesi 3-nji ýanwarda petiklenip, ýoluň ugruna ak reňkde çyzyklar çyzylýar. Häzirki wagtda bu köçe tutuşlygyna ýapylyp, hereket çäklendirildi. Aeroportdan gaýdýan şa ýollaryň çatrygyndaky uly mahabat haýatlaryna "Halkyň Arkadagly zamanasy" diýlen şygar ýazylan plakatlar ýelmendi" diýip, 3-nji dekabrda habarçymyz ýerli ýaşaýjynyň anonimlik şertinde aýdan sözlerini getirdi.

Bellesek, döwlet baştutanynyň Mara we Lebab edýän saparlary, onuň ogly, Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň dört welaýatyna eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, prezident bu saparyny ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýitileşen, munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşan mahaly amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG