Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarlar: Orsýet ýolbaşçylygyndaky KHŞG-nyň esgerleri Gazagystana geldi


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Facebookda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) parahatçylyk saklaýjy güýçleriniň Gzagystana iberiljekdigini aýtdy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Facebookda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) parahatçylyk saklaýjy güýçleriniň Gzagystana iberiljekdigini aýtdy.

Rus habar beriş serişdeleri öňki Sowet Soýuzynyň birnäçe döwletiniň gatnaşmagynda guralan harby bileleşigiň, Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) ilkinji goşun bölümleriniň, görlüp-eşidilmedik garşylyk tolkunynyň güýçlenmegi bilen, Gazagystanda herekete başlandygyny habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Nowosti” habar gullugy 6-njy ýanwarda parahatçylygy goraýyş güýçleriniň harby-howa bölümleriniň Merkezi Aziýa ýurduna gelip girendigini aýtdy. Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy hem bu barada habar berdi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji ýanwar güni giçlik Russiýa, Ermenistan, Belarusiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly post-sowet ýurtlarynyň gatnaşmagyna düzülen KHŞH-a öz ýurdundaky ýagdaýlara goşulyşmagyny sorap, ýüz tutdy.

Protest tolkunlary dört gün mundan ozal, nebite baý ýurduň günbatar Mangystau sebitinde ilatyň köp ulanýan ulag ýangyjynyň, suwuklandyrylan nebit gazynyň (LPG) bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli döredi we, syýasy nägilelikleri hem öz içine alyp, Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlere we şäherçelere ýaýrady.

Tokaýew zorlukly wakalaryň ýüze çykmagynda daşary ýurtda tälim alan "terrorçy" toparlary günäkärledi.

XS
SM
MD
LG