Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i Gazagystandaky ýagdaýdan alada bildirdi, MHM işgär iberdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigini aýdyp, metbugat serişdeleri üçin maglumat çap etdi.

Daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan “Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygy nazarda tutup”, goňşy ýurtda “dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýändigini” aýdýar.

“Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys” diýip, Türkmen DIM-niň Metbugat gullugynyň çap eden maglumatynda bellenýär.

Türkmen mediasy adatça goňşy ýurtlarda bolýan tebigy hadyslar, syýasy wakalar hakynda maglumat bermekden saklanýar.

Şu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasynyň" maglumatyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň alty işgäri we Daşary işler ministrliginiň iki wekili 6-njy ýanwarda Gazagystana gitdi.

Olaryň wezipesi şol ýerdäki türkmen raýatlarynyň hal-ýagdaýyny ýerinde baryp görmek we zerur bolsa, olaryň öz watanyna göçürilmegini guramakdan ybarat.

Garaşsyz neşir Gazagystandaky türkmen raýatlary watanlaryna ewakusiýa edilen ýagdaýynda howa ýa-da demir ýol arkaly däl-de, awtoulag arkaly alnyp gaýdyljakdygyny belleýär.

Howpsuzlyk işgärleri we diplomatlar hem Türkmenistandan Gazagystana awtoulagly gitdiler, Almatydaky Türkmen ilçihanasynyň konsullyk bölümi şu günler ýapyk diýip, habarda aýdylýar.

Gazagystanda ýangyç bahalarynyň birden gymmatladylmagy bilen başlanan halk protestleri birnäçe günde bütin ýurdy gaplap aldy we, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň haýyşy esasynda, ýurda KHŞG-nyň parahatçylyk saklaýjy güýçleriniň getirilmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG