Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz metbugaty: "Nazarbaýew maşgalasyna degişli" iki uçar BAE-den Bişkege geldi


 Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew. Arhiw suraty
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew. Arhiw suraty

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasyna degişli iki sany hususy uçar Bişkekiň Manas howa menziline gelip gondy.

Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugy “Bombardier Global Express” uçarynyň howa menziline gelendigini aýdýar. Flightradar24-iň habaryna görä, uçar takmynan 11: 20-de Bişkekde gonupdyr.

Neşiriň maglumatyna görä, "nazarbaýewski" atlandyrylan başga bir uçar takmynan sagat 22: 10-da Manas howa menzilindäki tehniki duralgada gondy.

Howa menziliniň wekilhanasynda aýdylmagyna görä, "Belki-de ekipaža dynç almak ýa-da ýangyç guýmak gerek bolandyr. Şeýle ýagdaýlarda ýolagçylaryň hiç biri uçardan çykyp bilmeýär, ýük düşürilmeýär".

Manas howa menziliniň metbugat gullugy Birleşen Arap Emirliklerinden bir Bombardier hususy uçarynyň gelendigini tassyklady.

Şeýle-de bolsa, metbugat sekretary söwda uçaryndaky ýolagçynyň şahsyýetiniň belli däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG