Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Gazagystanda bolan wakalarda ölenleriň atlaryny çap etmegi talap edýärler


Oda gaplanan häkimlik. 5-nji ýanwar, 2022.
Oda gaplanan häkimlik. 5-nji ýanwar, 2022.

Žurnalist Asem Žapişewa we aktiwist Bella Orynbetowa ýekşenbe güni Gazagystanda bolan ýanwar wakalarynda ölenleriň atlarynyň aýan edilmegini talap edip, petisiýa ýaýratdy.

“Bizde derňew geçirmek ygtyýarnamasy ýok, ýöne biz eýýäm ölenleriň arasynda tötänleýin pidalaryň, köp çagaly ene-atalaryň bardygyny bilýäris. Şunuň bilen baglylykda, ölen we dereksiz ýiten 225 adamyň atlaryny çap etmegiňizi talap edýäris” diýip, talap hatynda aýdylýar.

Talap hatynyň awtorlary köp adamyň dereksiz ýitendigini, keselhanalarda bejergi almagyny dowam etdirýän adamlaryň onlarçadygyny we müňlerçe adamyň saklanandygyny, köp adamyň tussag astyna alnandygyny ýa-da administratiw tussaglyga höküm edilendigini belläp, sanlaryň ulalmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, talap hatynyň awtorlary häkimiýetleri wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň maşgalalaryna kömek bermäge çagyrýarlar.

"Häkimiýetleriň hemme ýerde aýdýan "Biz birgemiz" (Biz bile) diýen şygary boş sözler bolmaly däldir" diýip, petisiýada bellenýär.

Baş prokuratura altynjy gün ýanwar wakalarynda, deslapky maglumatlara görä, 19 howpsuzlyk işgäri bilen birlikde, jemi 225 adamyň öldürilendigini habar berdi.

Häkimiýetler parahat ilatdan, bidüzgünçiliklere gatnaşman öldürilen adamlaryň sany barada hiç zat aýtmady.

Almaty polisiýasynyň başlygy Kanat Taimerdenowyň bazar güni geçirilen brifingde aýtmagyna görä, ýanwar wakalarynda “149 sany graždan adam öldi, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bolsa 11 sanysy wepat boldy”.

XS
SM
MD
LG