Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Nazarbaýewiň wezipesini ýitirýän garyndaşy köpelýär


N. Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew (ortada)
N. Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew (ortada)

Ýurtda bolan görlüp-eşidilmedik syýasy başagaýlyklardan soň, hökümetiň öňki prezidentiň maşgala agzalaryny çetleşdirmek ýa-da gysmak tagallalaryny görkezýän hereketleriniň çäginde, Nursoltan Nazarbaýewiň ýene iki ýakyn garyndaşy wezipesini ýitirdi.

Gazagystanyň Milli telekeçiler palatasy "Atameken" 17-nji ýanwarda Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýewiň bu guramanyň başlyklygyndan çekilendigini habar berdi.

Nebite baý post-sowet ýurdunyň iň baý adamlaryndan biri bolan Kulibaýew Nazarbaýewiň ikinji gyzy Dinaranyň adamsy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şol gün Nazarbaýewiň ýegeni Samat Abişi hem Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gol çekdi.

Bu göçümler Nazarbaýewiň iki giýewisi iki sany iri energiýa kompaniýasyndaky uly döwlet wezipelerinden daşlaşdyrylandan soň edildi.

Mundan öň Nazarbaýewiň iň ýakyn ýaranlaryndan biri, Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Karim Masimow we onuň iki orunbasary döwlete dönüklik aýyplamalarynda aýyplanyp, gyssanmaç ýagdaýda tussag edildi.

Ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy başlanan ganly protestlerden soň girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünleri sebäpli, Gazagystanyň käbir bölekleri şindi hem adatdan daşary ýagdaý şertlerinde galýar.

Gazak resmileri hepdäniň ahyrynda bidüzgünçiliklerde azyndan 225 adamyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň 19 işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.

Şu aralykda žurnalistler Asem Žapişewa we Bella Orynbetowa häkimiýetleri öldürilenleriň atlaryny çap etmäge çagyrdy.

Hukuk goraýjy aktiwistleriň käbiriniň tassyklamagyna görä, pidalaryň köpüsi protestlere dahylsyz, bidüzgünçiliklere gatnaşmadyk, ýöne geçip barýan adamlar bolupdyr.

Tokaýew hiç hili jikme-jiklige geçmän, müňlerçe "daşary ýurtly terroristiň" Merkezi Aziýa döwletiniň söwda paýtagty Almaty şäherine hüjüm edendigini öňe sürdi we bu aýyplamany göni atyp öldürmek barada beren buýrugyny we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlaryny kömege çagyrmak kararyny esaslandyrmak üçin ulandy.

Kömege çagyrylan goşunlar geçen hepde, bir hepdeden hem az bolup, resmi maglumata görä, Gazagystandan çykmaga başlady.

7-nji ýanwarda Uralskda "rugsat berilmedik ýörişe gatnaşmakda" aýyplanan we 10 gün türme tussaglygyna höküm edilen žurnalist Lukpan Ahmedýarow tussaglykdan boşadyldy.

Ahmedýarow Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy bilen söhbetdeşlikde özüniň we protest sebäpli tussag edilen beýleki adamlaryň - garaşsyz synçy Beknur Sražanowyň, aklawçy Abzal Kuspanyň we aktiwist Dastan Bazenowyň dürli-dürli kameralarda ýerleşdirilendigini aýtdy.

Şeýle-de žurnalist ýörite tussaghanada bolan döwründe saklanan ýa-da tussag edilen adamlara zulum edilişini görmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG