Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kulibaýewiň guran jaýy, Gazagystandaky kleptokraiýa we Jýsan Bankyň «geň galdyryjy sahylygy»


Sunninghill Park, Bakhurst ýoly, Askot, Angliýa.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleri Timur Kulibaýewiň Angliýadaky köşgi we "Gazagystanyň baýlygyna eýelik edýän" kiçi toparlar barada ýazýarlar. Mundan başga-da, neşirlerde Hytaýyň Gazagystanda ýadro ýangyjyny öndürjek zawody gurmak meýilnamasy hem Gazagystanyň hökümeti tarapyndan "halas edilen" bankyň öz paýdarlaryna diwidend töläp başlandygy hakda aýdylýar.

1. KOROL MAŞGALASYNYŇ ŞÄHERIŇ ÇETINDÄKI KÖŞGÜNIŇ ORNUNDAN, «BAÝ GAZAGYŇ» GURDURAN TÄZE JAÝY

Iňlis metbugaty Gazagystanyň öňki prezidentiniň giýewisi, gazagystanly milliarderi Timur Kulibaýewiň 14 ýyl owal iňlis şazadasy Endrýudan satyn alan Sunninghill Park willasyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Bu ýerde, bäş ýyldan soň uly göwrümli gurluşyk işleri tamamlandy. Bir wagtlar şa maşgalasyna degişli bolan köşk 2016-njy ýylda ýykylyp başlandy diýip, iňlis žurnaly Tatler ýatlaýar. Ol köşgüň ornundan uzak wagta çeken, örän gymmat gurluşyk işleri ýaýbaňlandy, indi bolsa ol tamamlandy.

Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew alynky hatarda (iň öňde), daşary ýurtly maýadarlar bilen surata düşýär. Onuň arkasynda duran Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew, ol soňra «Samruk-Kazyna» fondunyň başlygy boldy. Astana, 2011-nji ýylyň 18-nji maýy.
Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew alynky hatarda (iň öňde), daşary ýurtly maýadarlar bilen surata düşýär. Onuň arkasynda duran Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew, ol soňra «Samruk-Kazyna» fondunyň başlygy boldy. Astana, 2011-nji ýylyň 18-nji maýy.

Netijede, birnäçe binalar, daşy haýatly bag bilen gurşalan täze köşk emele geldi. Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, “şäher etegindäki bu binany döwrebap görkezmek üçin”, kerpiç hem daş bilen bezäpdirler.

Jaýyň aşaky gatynda sport zaly, buz otagy hem sauna, şeýle-de kitaphana bilen myhman otaglary bar.

Täze binada biri-birine deň bolan iki derejeli uly dynç alyş eýwany, güneş terasy, suw çüwdürimleri hem-de bag-bagka üçin ýer bar. "Mundan başga-da tennis oýnalýan meýdançalar, dört awtoulag üçin garaž bilen birlikde, hojalyk hyzmatlaryna niýetlenen jaýlar, derwezede garawul otaglary we hyzmatkärler otagy bar" diýip, britan neşiri Times ýazýar.

Angliýanyň metbugaty: Kulibaýew iňlis şazadasynyň öňki mülk ýerinden, täze bina gurdy

Neşiriň maglumatyna görä, bu jaý HOK binagärlik kompaniýasy tarapyndan özgerdilipdir, olar Londonda BBC binasynyň gurluşygyna hem gatnaşypdy.

"Kulibaýew täze köşgüne göçüp gelermi, ony satarmy ýa-da kärendesine berjekmi – bu belli däl” diýip, Times gazeti sözüne goşýar.

Angliýanyň Berkşir graflygyndaky Askotyň golaýynda, 12 otagly willany Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta körpe ogly, şazada Endrýu we gelni Sara Fergusona 1986-njy ýylda bolan toý dabarasynda sowgat beripdi. Bu jaýda şazada 1996-njy ýyla çenli maşgalasy bilen ýaşady. 2002-nji ýylda är-aýal aýrylyşandan gysga wagt geçmänkä, "Şa aýalyň sowgady" satuwa çykaryldy. Sara Ferguson we onuň iki gyzy köşk satylýança, şol ýerde ýaşadylar.

“Sunninghill Park” satylandan bäri iňlis metbugaty bolýan ýagdaýy ýakyndan yzarlap geldi, sebäbi ol köp sorag döretdi. Willa bäş ýyllap satylman durdy. Ahyrynda "baý gazak" Timur Kulibaýew alyjy hökmünde hyrydar çykanda, onuň ofşor firmasy jaýa talap edilýän mukdardan, üç million funt köp töledi.

Nazarbaýewiň maşgalasynyň aşa baý durmuşy
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:01 0:00

Times neşiriniň ýatlatmagyna görä, jaýyň has gymmat bahadan satyn alynmagy köpleri geň galdyrýar. Neşir: "York gersogynyň Kulibaýewiň söwda şertnamalaryna goşant edendigi tiz wagtdan mälim boldy" diýýär.

Iňlis žurnaly Tatler: "Jaýyň bazara çykarylandan soň bäş ýyllap satylman durmagynyň Tesco supermarketi bilen deňeşdirilendigini göz öňünde tutsaň, ol gaty geň baha" diýip ýazdy.

"Nazarbaýew [Gazagystanyň şol wagtky prezidenti] bilen gaz tüpeňlemegi gowy görýän Endrýu (söwdada) bikanun [geleşigi] inkär etdi” diýip, Times ýazýar.

Aprel aýynda Forbes Timur Kulibaýewiň we onuň aýaly Dinaranyň (Nazarbaýewiň ortanjy gyzy) umumy baýlygyny 5,6 milliard dollar (hersine 2,8 milliard dollardan) diýip bahalady. Kulibaýewler özleriniň “Almex” kompaniýasynyň üsti bilen ýurduň iň uly täjirçilik banky bolan Halk bankyna eýeçilik edýärler.

54 ýaşly Timur Kulibaýew KAZENERGY diýilýän Nebit-gaz we energiýa toplumy guramalary birleşiginiň başlygy, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy hem-de Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Gazagystan boks federasiýasynyň başlygydyr.

Geçen ýylyň dekabrynda Britaniýanyň Financial Times gazetiniň habaryna görä, Kulibaýew Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän gaz geçirijisini gurmak baradaky şertnamanyň hem «gaýmagyny syrypdyr».

Golaýda Gazagystanyň Baş prokuraturasy iňlis gazetlerinde berlen maglumatlar boýunça geçirilen resmi barlag wagtynda, haýsydyr bir düzgün bozmanyň "ýüze çykarylmadygyny" mälim etdi.

2. «GAZAGYSTANYŇ BAÝLYGYNYŇ DEŇ ÝARYSYNA 162 ADAM EÝEÇILIK EDÝÄR»

Iňlis dilindäki Eurasianet çeşmesiniň “Bilermenleriň pikiri” podkastynda, Merkezi Aziýada kleptokratiýa we ABŞ bilen Angliýadaky korrupsiýa garşy kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Kolumbiýa uniwersitetiniň Harriman institutynyň bilermeni Maşa Udensiwa-Brenner kleptokratiýa ýagdaýlary boýunça derňewçi Tomas Meýn bilen geçirilen söhbetdeşlikde, häkimiýetdäki korrupsiýa meseleleri barada gürrüň açdy, şeýle hem Gazagystanda we beýleki ýurtlarda kleptokratiýanyň aýratynlyklary barada pikir alyşdy.

Britaniýaly barlagçy Tomas Meýn
Britaniýaly barlagçy Tomas Meýn

Meýn kleptokratiýanyň iň aýdyň mysaly hökmünde Gazagystany atlandyrdy (kleptokratiýa – hökümetden peýdalanyp aşa baýamak we syýasy täsiri

artdyrmak – Red.). Meýniň sözlerine görä, munuň sebäbi ilki seredäýeniňde Gazagystanda belli derejede "tertip" bar ýaly, ilatyň durmuş ýagdaýy goňşy ýurtlara garanyňda has ganymat görünýär, ýöne bilermeniň pikirine görä, "ýakyndan seretseňiz baýlyga we güýje kimiň gözegçilik edýändigini görüp bilersiňiz”.

«Gazagystanyň baýlygynyň deň ýarysyna diňe 162 adam eýeçilik edýär, bu adamlaryň ählisi nähilidir bir babatda birek-birege bagly hem biri-birine ýakyn. Başga söz bilen aýdylanda, bu syýasy toparlaryň berkleşen jemgyýeti, olar ýurtda girdeji gazanmagyň möhüm pudaklaryna gözegçilik edip, başga bir bäsdeşlere mümkinçilik bermeýär» diýip, bilermen aýdýar.

Bilermeniň sözlerine görä, nebit öndürýän Gazagystanyň häkimiýetleri, 15 ýylda üç rewolýusiýany başdan geçiren Gyrgyzystanda bolşy ýaly tolgunşygy islemeýär, olar halk gozgalaňynyň öňüni almak üçin, ösýän orta gatlaklara puluň belli bölegini berip, ýeterlik derejede paýhasly hereket edipdir.

Olarda Türkmenistan ýaly ýurtlara garanyňda, başgaça pikir ýöredýänleri yzarlamak az we repressiýa çäreleri pes. Şeýle-de bolsa, Gazagystan "kleptokratiýanyň aýdyň mysaly" hasaplanýar. “Sebäbi adamlar ýurduň liderini üýtgedip bilmeýärler. Düzgün baýlyk çeşmeleriniň gözegçiligine esaslanýar, şonuň üçin syýasy plýuralizme ýol berilmeýär" diýip, bilermen hasap edýär.

Mundan başga-da, “Bilermenleriň pikiri” podkastyndaky söhbetdeşlikde Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewanyň we onuň ogly Nuraly Aliýewiň eýeçiligindäki gymmat bahaly gozgalmaýan emläkleriň tussag edilmegi barada pikir alşyldy. “Gelip çykyşy düşündirilmedik baýlyga” garşy order (UWO — Unexplained Wealth Order) Jenaýata garşy milli göreş agentligiň talaby boýunça berlipdi. Geçen ýylyň ýazynda, Londonda geçirilen kazyýet diňlenişiginde, baş kazy Nazarbaýewanyň aklawçylarynyň Londondaky kaşaň emläkleriň "dogruçyl pul" bilen satyn alnandygyny "subut edendigini" nazarda tutdy.

Meýn Londonyň Ýokary Kazyýetiniň Gazagystanyň häkimiýetleri tarapyndan berlen resminamalara we beýanatlara köp bil baglaýandygyny aýtdy. Derňew işleriniň birinde bir kazy: "Eger Gazagystan bar zat tertipli diýse, diýmek, hemme zat tertipli" diýipdir.

Meýn "eli uzyn" adamlaryň gaty gymmat aklawçylary işe almazlygy we talaplary ýerine ýetirip bilmezligi üçin, syýasy nukdaýnazardan ýagdaýy gyssagly üýtgetmeli diýip hasaplaýar.

Şeýle-de bolsa, bilermen täze kanunyň we şübheli emläge garşy orderiň peýda berjekdigine ynanýar, beýle çäreleriň maksady Angliýada gozgalmaýan emläk üçin ummasyz pul goýýan kleptokrat şahsyýetleriň baýlygyň çeşmelerini kesgitlemekdir. Bu kanun iňlis adam hukuklary guramalaryna "ozal jogapsyz galdyrylan meseleler barada sorag bermäge hem-de öň açylmadyk maglumatlary almaga" mümkinçilik berer.

3. GAZAGYSTAN BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞAN HYTAÝ RUSSIÝANY «GYSÝAR», ABŞ-dan HOWATYR EDÝÄR

ABŞ, Hytaý we Russiýanyň arasyndaky diplomatik dartgynlyk Gazagystanyň daşary gatnaşyklaryny kynlaşdyryp biler. Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda ýadro ýangyjy baradaky şertnamadan soň, Diplomat neşiri şeýle netijä geldi. Makalanyň awtorynyň pikirine görä, Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky şertnama Waşington ýa-da Moskwa biperwaý garap bilmez.

Neşiriň maglumatyna görä, aprel aýynda Hytaý Gazagystanyň milli ýadro energiýa kompaniýasy “Kazatomprom” bilen ýadro ýangyjyny bilelikde öndürmek barada şertnama baglaşdy. Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki umumy ýadro energiýasy topary (CGNPC) we “Kazatomprom” bilelikde Ulba ýadro ýangyç stansiýasyny gurmak üçin, kärhana döretmek barada ylalaşdylar. 435 million dollar maýa goýumyndan soň, Hytaý kärhananyň 49% önümine eýe bolar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we HHR ýolbaşçysy Si Jinpin. Pekin, Hytaý, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we HHR ýolbaşçysy Si Jinpin. Pekin, Hytaý, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

«ABŞ-nyň Hytaý harby güýçleri bilen arabaglanyşygy sebäpli CGNPC garşy ozal sanksiýalar girizendigi göz öňünde tutulanda, Waşingtonyň Gazagystan bilen baglaşylan şertnamadan alada galjagy geň däl. Hytaýyň döwlet korporasiýalarynyň dünýäniň strategiki çeşmelerini satyn alýandygy barada Amerikanyň Birleşen Ştatlary köpden bäri alada edip gelýär» diýip, Gregori Kstanos ýazýar. Bilermenler Hytaýyň “Bir guşaklyk – bir ýol” infrastruktura taslamasyna maýa goýmak arkaly strategiki çig mal boýunça öňdebaryjy orny eýelemegine alada bildirýärler. Ondan öň Hytaýyň Milli ýadro korporasiýasy Namibiýada dünýädäki ikinji uly uran magdany “Rossinga” eýe bolupdy. "Hytaý hökümeti daşary ýurtlarda emläk edinmek arkaly strategiki çeşme zynjyryny döredýär" diýip, bilermen ýazýar.

Awtoryň aýtmagyna görä, Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky şertnama Russiýanyň häkimiýetlerini-de ynjalykdan gaçyrar. “Ýadro ýangyjyny öndürmek üçin täze kärhana açan “Kazatomprom” dünýä ýadro materiallary bazarynda Russiýa bilen bäsleşer. Hytaý Russiýany Gazagystanyň ykdysadyýetiniň strategiki pudaklarynda eýeleýän esasy ornundan kem-kemden mahrum edýär we bu şertnama oňa iň uly zarba bolup biler" diýip, Diplomat neşiriniň awtory öz pikirini jemleýär.

4. «SALGYT TÖLEÝJILERIŇ HASABYNA» HALAS EDILEN BANKYŇ «SAHYLYGY»

Soňky ýyllarda hökümetden ep-esli maliýe goldawyny alan Gazagystan banky paýdarlara 430 million dollar möçberinde diwidend töledi. Bilermenler bankyň “salgyt töleýjileriň hasabyna” tygşytlanan “sahylygyna” haýran galýarlar. Bu hakda Bloomberg agentligi ýazýar.

Gürrüň Jýsan Bank hakda barýar. "Düzgünnama laýyklykda, Gazagystanyň ömürlik lideri Nursoltan Nazarbaýewiň döreden fondy tarapyndan satyn alnan bu bank [paýdarlara] goýum üçin peýdany 2020-nji ýyldan töläp başlady".

Stesnabankyň bir şahamçasy. Astana, 2018-nji ýylyň 12-nji sentýabry.
Stesnabankyň bir şahamçasy. Astana, 2018-nji ýylyň 12-nji sentýabry.

Öň Tsesnabank ady bilen tanalýan Jýsan Bank 2019-njy ýylyň fewral aýynda “First Heartland Securities” tarapyndan satyn alyndy. Bu kompaniýa “Pioneer Capital Invest-iň” eýeçiligindäki “First Heartland” kompaniýalar toparynyň bir bölegidir. “Pioneer Capital Invest” Nazarbaýew uniwersitetine (16.06%), Nazarbaýew intellektual mekdeplerine (9,46%) we Nazarbaýew gaznasyna (74,48%) eýeçilik edýär. 2009-njy ýylda döredilen fonduň paýdary Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bolup durýar.

Jýsan Bank ýakynda Gazagystandaky ýene bir iri maliýe guramasy - ATF Banky satyn aldy. Onuň eýesi Galymžan Esenow, ol Gazagystanyň hökümetinde işleýän Ahmetžan Yesimowyň giýewisi, öň Almaty şäheriniň häkimi bolupdy. Ol golaýda «Samruk-Kazyna» milli abadançylyk gaznasynyň başlygy wezipesinden çekildi. Şeýle hem ol Nazarbaýewiň ýakyn garyndaşy.

“Bank tarapyndan diwidendleriň yzly-yzyna iki ýyl tölenmegi, aýratyn-da, üýtgedilip gurmakdan soň, seýrek duş gelýän ýagdaý, üstesine-de pandemiýa döwründe" diýip, S&P Global toparynyň bilermeni Irina Weliýewa aýdýar. Onuň sözlerine görä, köplenç maddy taýdan dikeldilýän

banklara üç ýyldan bäş ýyla çenli diwidend, ýagny goýuma peýda tölemek gadagan.

Londonda ýaşaýan analitik we "Prism Polital Risk Management" barlaglar merkezini esaslandyryjysy Keýt Mallinsonyň pikirine görä, Jýsanyň ýakynda döwlet tarapyndan maliýe goldawyny alandygyny, üstesine-de Gazagystanyň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda 2,6% pese gaçandygy göz öňünde tutulanda, bankyň öz paýdarlaryna şeýle tölegleri bermek karary "sahylyk".

«Sorag ýüze çykýar: COVID-19 pandemiýasy we nebitiň bahasynyň arzanlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolan bank salgyt töleýjileriň maliýe goldawyndan soň, 2019-njy ýylda ýarym milliard dollar töweregi diwidend töleýär?» diýip, Mallinson aýdýar.

2007-2008-nji ýyllardaky dünýä maliýe krizisinden soň, Gazagystanyň hökümeti banklary maliýeleşdirmek üçin, milliardlarça dollar sarp etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG