Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýolbaşçylygyndaky Harby bileleşik Gazagystandaky goşunlaryny yzyna çykardy


Almaty häkimiýetleri şäherdäki howpsuzlyk gözegçiligini güýçlendirip, köçelerde goýlan polisiýa işgerleriniň sanyny artdyrdy. 

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) goşunlary Gazagystandan çykmagyny tamamlady. Bu goşun bölümleri ýanwar aýynyň başynda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda bolup geçen ganly protestler arasynda, Merkezi Aziýa döwletiniň hökümeti tarapyndan çagyrylyp getirildi.

Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi Alekseý Borodawkin we Gazagystandaky KHŞG missiýasyna ýolbaşçylyk eden general Andreý Serdýukow 19-njy ýanwarda "parahatçylygy goraýyş operasiýasynyň" tamamlanandygyny we öňki sowet respublikasyna getirilen goşunlaryň "ählisiniň" çykarylandygyny aýtdy.

Gyrak-çetdäki Žanaozen şäherinde, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde başlanan kiçijik protestlerden soň bütin ýurdy gaplap alan tolgunyşykylar Almatyda we beýleki ýerlerde ganly çaknyşyklara sebäp boldy we KHŞG-nyň Russiýa, Ermenistana, Gyrgyzystana we Täjigistana degişli goşun bölümleri Gazagystana getirildi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şol wagt "daşary ýurtda tälim alan 20,000 terroristiň" Almaty şäherine hüjüm edendigini we ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin KHŞG-a agza ýurtlardan goşun çagyrandygyny aýtdy.

Tokaýew "terroristleriň" ýurtda hakykatdanam bolandyklaryny ýa-da protestlere meçew berendiklerini tassyklaýan hiç hili subutnama görkezmedi.

Gazak resmileri demonstrasiýa wagtynda 227 adamyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň 19 işgäriniň öldürilendigini habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler ölen adamlaryň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini, bidüzgünçilikler wagtynda ýiten adamlaryň onlarçasynyň şindi hem tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Almaty, 19-njy ýanwar, 2022 .
Almaty, 19-njy ýanwar, 2022 .

Bosgunlykdaky oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Ablýazow Gazagystanyň raýatlaryny şu gün Almatyda we beýleki şäherlerde nägilelik ýörişlerini geçirmäge çagyransoň, Almaty häkimiýetleri şäherdäki howpsuzlyk gözegçiligini güýçlendirip, köçelerde goýlan polisiýa işgärleriniň sanyny artdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG