Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak häkimiýetleri bidüzgünçilikde ölenleriň sanynyň 227-ä ýetendigini aýdýar


Almaty. 5-nji ýanwar, 2022.

Soňky birnäçe günüň içinde Gazagystanyň lukmançylyk edaralarynda ýurtda bolan bidüzgünçilikler wagtynda ýaralananlaryň ýene ikisi wepat boldy diýip, respublikanyň saglyk ministri Ažar Giniýat 18-nji ýanwarda aýtdy.

"Lukmançylyk guramalarynda ýogalanlar barada aýtsak, bu san şu günki günde 177 näsaga ýetdi" diýip, Giniýat aýtdy.

Saglyk ministrligi ozal bidüzgünçilikler netijesinde lukmançylyk guramalarynda ýogalanlaryň sanynyň 175 adam bolandygyny habar berdi.

Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, 15-nji ýanwara çenli morglara - meýithanalara 225 adamyň jesedi getirildi.

Şeýlelikde, respublikada bidüzgünçilikler wagtynda ölenleriň sany 227 adama ýetdi. Biraz öň prokuraturada anyklaşdyrylmagyna görä, bular "deslapky häsiýete eýe" bolan resmi sanlar bolup durýar.

Saglyk ministriniň sözlerine görä, "ýurtda bolan terrorçylyk hereketinden bäri ejir çeken adamlaryň 2739 sanysy medisina kömegini sorap, saglyk edaralaryna ýüz tutdy”.

Ýurduň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, häzirki wagtda 200 adam hassahanalarda bejergi alýar we 14 hassanyň ýagdaýy agyr, olar iň agyr hassalaryň bölümlerinde saklanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG