Geçen aýyň başlarynda Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bir sany Türkmenistanda häkimiýetleriň güýçlendirýän “dil talaplaryna” gönükdirildi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen häkimiýetleriniň dil talaplaryna gaýtadan nazar aýlaýar. Gepleşigimize Pragadan ýazyjy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Söhbetdeşlige geçmezden ozal, maglumat üçin, häkimiýetleriň güýçlendirýän dil talaplaryna gysgaça ser salaly:
Noýabryň ahyrlarynda Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda ýerleşýän käbir çagalar baglarynda körpelere rus dilinde multfilm görkezmekligiň gadagan edilýändigini habar berdiler. Martyň başlarynda häkimiýetler Lebap sebitiniň käbir çagalar baglarynda körpelere türk dilinde multfilm görkezilmegini hem gadagan etdi. Eýsem, bu gadaganlyklar häkimiýetleriň diňe dil aladalary bilen baglymy, ýa-da çagalara umuman multfilm görkezmekligiň özi oňlanmaýarmy, bu soragyň jogaby barada resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir býujet işgäri “mundan beýläk çagalara diňe türkmen dilinde multfilm tomaşa etmäge rugsat berilýändigini” aýtdy. Bu bolsa häkimiýetleriň çagalar baglarynda esasan dil arassalygyny gazanmaklygy maksat edinýändiklerine yşarat edýär.
Şeýle talaplar diňe bir çagalar baglary bilen çäklenmedi. Dekabryň ortalarynda häkimiýetler dil talaplaryny täze belentikliklere çykaryp, toýlarda aýdymçylardan diňe türkmen dilinde aýdym ýerine ýetirmegi talap edip başlady.
Programmany diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň!
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.