Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ belarus resmilerini howa garakçylygynda aýyplaýar


 Mejbury gondurylan "Ryanair" ucary. Minsk, 23-nji maý, 2021
Mejbury gondurylan "Ryanair" ucary. Minsk, 23-nji maý, 2021

ABŞ-nyň häkimiýetleri "Ryanair" uçarynyň geçen ýylyň maýynda Minsk howa menzilinde mejbury gondurylmagy bilen baglylykda Belarusyň dört resmisine garşy dildüwşük gurmak bilen garakçylyk etmek aýyplamalaryny bildirdi.

ABŞ-nyň Adalat departamentiniň web sahypasynda habar berilmegine görä, “Belaeronawigtsiýanyň” baş müdiri Leonid Çuro, onuň orunbasary Oleg Kazýuçitsa, şeýle-de belarus KGB-siniň iki işgärine garşy aýyplama bildirildi.

Döwlet howpsuzlyk komitetiniň işgärleriniň ady aýdylmady, emma olaryň biri Andreý Anatolýewiç diýlip atlandyrylýar.

Amerikan häkimiýetleriniň habar bermegine görä, günäkärlenýänler Afinydan Wilniýusa uçan uçary gözegçilik astyna almak üçin toslama maglumaty, bortda partlaýjy enjamyň bardygy baradaky ýalan habary ulanypdyrlar.

Belarus häkimiýetleriniň belarusly oppozisiýa blogçysy Roman Protasewiçi we onuň ýanyndaky ýoldaşyny, rus raýaty Sofýa Sapegany tussag etmekleri üçin, olar ekipažy uçup barýan ugrundan sowulmaga we Minskde gonmaga mejbur etdiler.

Bu hili dildüwşük diňe bir halkara kadalaryny we ABŞ-nyň jenaýatçylyga garşy kanunlaryny bozman, eýsem bigünä ýolagçylaryň janyna howp salýar diýip, edaranyň habarynda bellenýär.

Şeýle-de, bu iş boýunça günäkärlenýänleriň Birleşen Ştatlarda 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG