Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Omikron hadysalarynyň artmagynyň arasynda, Lebap 'karantine ýapyldy'


Türkmenistanyň öz çäginde koronaiwrus pandemiýasynyň ýeke ýagdaýyny hem ykrar etmeýär.

Türkmenistanda omikron hadysalarynyň möwjemeginiň arasynda, ýurduň esasy karantin zolaglary hem ýerleşýän Lebap welaýaty karantine ýapyldy. Bu barada ýerli häkimiýetler Türkmenistanyň beýleki künjeklerinden ýurduň gündogar welaýatyna aşmak isleýän raýatlara habar berýärler.

“Daşoguzdan Lebaba gitmek üçin soralýan COVID-19 kepilnamasyny almaga baranymda, olar ilki ýörite düzülen topardan degişli rugsatnama almalydygymy, diňe şondan soňra barlagdan geçip biljekdigimi aýtdylar. Ol topar ‘içerki migrasiýa’ diýlip atlandyrylýar. Olar Lebaba näme maksat bilen barylýandygy, haýsy salgyda wagtlaýyn duruljakdygy bilen gyzyklanyp, bu maglumatlary kompýutere girizýärler” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren daşoguzly ýaşaýjylaryň biri 27-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň Leýla diýlip üýtgedilip tutulmagyny, şeýle-de şahsyýetini aýan edip biljek beýleki jikme-jik maglumatlaryň hem aýan edilmezligini soran söhbetdeşimiz, ‘içerki migrasiýa’ diýilýän toparyň resmileriniň onuň arzasyny ret edendiklerini belledi.

“Olar maňa ‘Lebap karantine ýapyldy! Bar öýüňe gaýt! Ýagdaý gowulaşsa, şonda gidersiň’ diýip haýbatly kowup diýen ýaly yzyma gaýtardylar. Ikiçäk söhbetdeşlikde resmileriň biri häzir Lebaba diňe iş zerurlygy ýa-da ýakyn hossarlaryň biriniň ýogalan halatynda gitmäge rugsat berilýändigini aýtdy. Ol Daşoguzdan Lebaba gitmek isleýänleriň 80% töwereginiň yzyna gaýtarylýandygyny hem aýtdy” diýip, Türkmenabada söwda maksady bilen gitmek islän, 40 ýaşaryndaky Leýla gürrüň berdi.

Habarçylarymyz soňky günlerde ýurduň günorta Mary welaýatynda hem Lebaba aşmak üçin resmi rugsatnamany almaga barýanlaryň-da bu täze talap bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny we goňşy welaýata goýberilmeýändiklerini belleýärler.

Koronawirus pandemiýasynyň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri, bu ornaşdyrylýan täze çäklendiriji düzgünler barada hem açyk maglumat bermeýärler. Azatlygyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, ýurduň degişli häkimlikleri, şeýle-de saglygy saklaýyş edaralary ýurduň tutuş bir welaýatynyň karantine alnandygy baradaky maglumaty ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Bu soňky düzgün ýurtda koronawirusyň omikron hadysalarynyň göz-görtele köpelýändigi baradaky syzyp çykýan maglumatlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň çäklendiriji, petiklenme çärelerini güýçlendiren döwrüne gabat geldi.

Leýla ozal Daşoguzdan Türkmenabada hepdede bir gezek amala aşyrylan howa gatnawynyň hem ýatyrylandygyny, Lebabyň dolandyryş merkezine resmi ýagdaýda aşmak isleýänleriň, ilki Keriniň aeroportuna uçup, şol ýerden hem soňy bilen 200 km ýoly ulagda geçmeli bolýandyklaryny aýtdy.

“Indi resmi rugsatnamanyň berilmeýändigi sebäpli, köpler gumuň üsti bilen, bikanun ýollar bilen Lebaba aşjak bolýar. Hususy taksiçiler bir tarapyna adam başyna müň manat soraýarlar. Yzyňa hem şonça berip gaýtmaly. Emma bu hem howply. Kä halatlarda ulag çölde çägä batyp galýar, kä halatlarda-da polisiýa reýd geçirýär. Bu ýerdäki resmiler Lebabyň çäginde rugsatnamasyz ele düşenleriň jogapkärçilige çekiljekdigi bilen hem haýbat atýarlar” diýip, daşoguzly Leýla habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz soňky günlerde Lebapdan hem ýurduň beýleki künjeklerine, hususanda paýtagtda gitmek isleýänleriň-de uly bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar.

“Lebapdan Aşgabada gitmek üçin resmi rugsady almak, ABŞ-a ‘green card’-y alana döndi. Indi pandemiýany bahana edip, diňe bir Lebabyň däl, eýse beýleki sebitleriň ýaşaýjylaryny hem paýtagta getirmezlik tabşyrylypdyr” diýip, türkmenabatlylaryň biri 27-nji ýanwarda habarçymyza aýtdy.

Munuň bilen baglylykda, Azatlyk geçen hepdäniň aýagynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimiýetleriniň beýleki welaýatlardan sebite gelip işleýän içerki zähmet migrantlaryny öz ýaşaýan ýerlerine iberip başlandygy barada habar beripdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin gezmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugynyň bardygy”, şeýle-de “Aýry-aýry ýerleriň çäklerine girmegiň, şol ýerlerde gezmegiň çäklendirilmegi diňe kanun esasynda kesgitlenip bilinjekdigi” aýdylýar.

Emma Türkmenistanyň çäginde koronaiwrus pandemiýasynyň ýeke ýagdaýyny hem ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri, sebitara hereketleriň doly çäklendirilmegini esaslandyrýan kanuny esaslary ilat köpçüligine ýetirmeýärler, umuman, bu ugurdaky işler barada dymyşlygy saklaýarlar. Azatlygyň munuň bilen baglylykdaky sowallaryna hem jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG