Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri täze çäklendirme girizýärler, lukmanlar koronawirus keseliniň köpelendigini aýdýarlar


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýene çäklendirme girizildi. Bazarlaryň, restoranlaryň we jemgyýetçilik desgalarynyň ýene bir köpçülikleýin ýapylmagy bu gezek hem resmi bildiriş ýa-da düşündiriş bolmazdan bolup geçdi. Lukmanlar COVID-19 keseliniň ýene-de köpelýändigini aýdýarka, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky koronawirusy henizem agzamaýarlar.

Geçen dynç günlerinde tutuş ýurt boýunça dükanlaryň, bazarlaryň we kafeleriň köpüsi ýapyldy. Sebit merkezlerinde 16-njy ýanwarda iri bazarlaryň esasy derwezeleri gulplandy. Diňe azyk dükanlary bazarlarda işlemegini dowam etdirdirýärkä, bazara girmek üçin dar girelgeler galdyryldy. Aşgabatda gulplama çäreleri bir gün öň başlandy.

Azatlygyň Lebap welaýatdaky habarçysynyň sözlerine görä, Farapda ýerli daýhan bazarynda söwda nokatlarynyň we kafeleriň gapylary ýerli sanitariýa epidemiologiýa stansiýasy tarapyndan möhürlenipdir. Goňşy Marydaky ýagdaý hem şuňa meňzeýär.

Maryda söwda, nahar we hyzmat pudagyndaky kärhanalaryň hemmesi diýen ýaly ýapyldy. Atelýeler, dellekhanalar, kafeler, restoranlar we toý mekanlary näbelli wagtlyk işini bes etdi. Ilata toý we ýas dabaralaryny geçirmek gadagan edildi. Telekeçiler çäklendirmeler barada işe baranlarynda bilip galdylar.

Aşgabadyň ýaşaýjylary bolsa, çäklendirmeleriň girizilendigine ilkinji bolup bildiler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary täze karantin çäklendirmelerinden bihabar bolup, 15-nji ýanwarda irden söwda merkezlerine, geýim bazarlaryna, restoranlara we dükanlara baranlarynda, olaryň karantin sebäpli ýapyk durandygyna göz ýetirdiler.

“Bu meni geň galdyrdy. Mysal üçin, Magtymguly köçesindäki "Parahat" medeni we güýmenje merkezinde bir gün öň, anna güni agşam (14-nji ýanwarda) toý mynasybetli dabaralar geçirildi. Şenbe güni irden ol eýýäm ýapyldy. Şenbe güni ýene bir toý dabarasy bolmalydy. Işçileriň biri diňe işe gelenlerinde ony ýapmak buýrugyny alandyklaryny aýtdy. Fewral aýyna çenli hemme zadyň ýene ýapylandygy aýdyldy. Soňra "Berkarar" söwda merkezine bardyk, ol ýerde-de ýapyk boldy. Şo wagta çenli täze karantin barada şäherde hemme kişi eýýäm bilýärdi "- diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda nobatdaky bu gulplama ýene-de ilata öňünden duýdurylmazdan başlandy. Öňki gezeklerinde bolşy ýaly, bu gezek-de ýurduň häkimiýetleri duýduryş ýa-da düşündiriş bermezden karantini girizdiler. Şol bir wagtyň özünde, koronawirusyň ýurtda resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdýan ýurduň ýolbaşçylary häzirki karantiniň näçe wagt dowam etjekdigini hem mälim etmeýärler.

Bu aralykda, Azatlyk bilen gizlin söhbetdeş bolan saglyk işgärleri we sebit lukmançylyk merkezleriniň resmileri täze koronawirus tolkuny barada habar berýärler. Bu kesel orta mekdepleriniň we uniwersitetleriň okuwçylarynyň arasynda köplenç duş gelýär. Sebitdäki ýokanç keseller we reanimasiýa bölümlerinde hassalar üçin ýeterlik ýer ýok.

Marynyň hassahanalarynda işleýän birnäçe lukmanyň sözlerine görä, keselhanalara diňe adatdan daşary ýagdaýlarda hassalar kabul edilýär. Sebit saglygy saklaýyş bölüminiň buýrugy bilen lukmançylyk edaralary ýokary taýýarlyk derejesine getirilýär.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň aýtmagyna görä, şu günler koronawirusa garşy sanjymlara has köp üns berilýär. Türkmenistanda COVID-19 garşy waksinasyny etmek hökmanydyr. Ýurtda Russiýada we Hytaýda öndürlen waksinalar resmi taýdan hasaba alyndy.

Marydaky saglyk işgärleri sanjymyň iki dozasyny almadyk ýerli ilata köpçülikleýin sanjymyň edilmegine garaşylýandygyny, öňümizdäki günlerde saglygy saklaýyş edaralaryň işgärlerine bolsa waksinanyň üçünji dozasyny etmegiň planlaşdyrylýandygyny habar berdi. Saglygy saklaýyş işgärlerine bu barada 14-16-njy ýanwar aralygynda pudak ýolbaşçylary, häkimlikleriň işgärleri, lukmançylyk işgärleri we kanun goraýjy edaralaryň wekilleri tarapynda gatnaşylan ýygnaklarda habar berlipdir.

Azatlygyň çeşmeleri ýygnakda tassyklanan düzgünleriň dezinfeksiýa çärelerini, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň şahsy arassaçylyk talaplaryny berjaý edişine gözegçiligi öz içine alýandygyny habar berdiler.

Her bir edarada işgärleriň arassaçylyk talaplary berjaý edişine gözegçiligi we işleýänlerden başga adamlaryň bina girmezligini gurnamak işleri göz öňünde tutulýar. Her işgäriň şahsy derman gapyrjagynda 4 sany maska, lukmançylyk ellikleri, "Oksolin mazy", antiseptik bolmaly. Mekdeplerde çagalary kiçi toparlara bölüp, bilim bermek meýilleşdirilýär we çagalar baglarynda çagalaryň toparlarynyň 14-15 adamdan geçmezligi göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň resmileriniň adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azatlyga aýtmagyna görä, keselçiligiň köpelmegi sebäpli ýakyn hepdelerde hereket çäklendirmeleriniň girizilmegine we ýurduň içinde ýaňy ýakynda ýola goýlan yzygiderli howa gatnawynyň gaýtadan bölekleýin ýatyrylmagyna garaşylýar. Dört aýa golaý wagtlap dowam eden öňki gulplama dekabr aýynyň birinji ýarymynda ýatyryldy.

Häzirki karantin çäklendirmeleri gümrük hyzmatlaryna-da täsir etdi. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet gözegçilik nokatlarynda ulaglary we ýükleri dezinfeksiýa etmek boýunça çäreler güýçlendirilipdir.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýda çäklendirmeleriň girizilmegi, sebäbi we möhleti barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG