Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Omikron' möwjemesi. Türkmenistanda ilat çäklendirilýär, gözegçilik edilýär we jerime sezewar edilýär, emma sebäpleri düşündirilmeýär


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň birnäçe sebitinde koronawirus keseliniň täze ýagdaýlary ýene köpelýär. Ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmeler häzir "omikronyň" ýaýrandygy barada habar berýärler. Häkimiýetler bolsa, koronawirusyň bardygyny henizem tassyklanoklar, emma ýaşaýyş nokatlary ýapýarlar, ýurt içindäki uçuşlary ýatyrýarlar we ýollara gözegçiligi güýçlendirýärler.

Aşgabatda hasaba durmadyklara paýtagta barmak indi gadagan edilýär. Welaýatlarda ähli ýollar petiklenýär we etraplar arasynda hereket çäklendirilýär. Ýurduň içinde uçar gatnawy günde bir gezege çenli azaldyldy. Bu barada 24-nji ýanwarda Azatlygyň ýanwarda Aşgabatdaky we welaýatlardaky habarçylary gürrüň berdiler. Ýurduň häkimiýetleri bolup geçýän ýagdaýlar barada resmi düşündiriş bermeýärler. Resmi maglumatlarda Türkmenistanda COVID-19 ýok diýilýär.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmelerine görä, Aşgabatda we birnäçe welaýatda koronawirusyň "omikron" görnüşi ýüze çykarylýar.

"Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda ýagdaý çylşyrymly. Käbir sebitlerde "omikronyň" möwç alan ýerleri bar. Häkimiýetler indi nähili hereket etmelidigini bilenoklar. Çäreleriň plany ýok. Hemme zat petiklendi we ýapyldy" - diýip, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen saglyk işgäri gürrüň berdi.

Bu döwürde sebitlerde etraplaryň arasynda hereket çäklendirilýär, polisiýanyň barlag postlarynda ulagly barýanlaryň gyzgyny ölçelýär we şäherlerde karantin çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlendirilýär.

Arassaçylyk we epidemiologiki stansiýalaryň hem-de keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gulluklaryň işgärleri, polisiýa wekilleri dükanlaryň we hyzmat ediş kärhanalarynyň girelgesini gyssagly möhürleýärler. Türkmenabatda adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gepleşen ýokanç keselleriň öňüni alyş gullugynyň işgärleri bu howlukmaçlygyň koronawirusyň möwç almagy bilen baglydygyny aýtdy.

Sanitariýa-epidemiologýa gullugynyň bir işgäri hususan-da, ýaňy-ýakynda Stambuldan ýörite uçurly gelen onlarça ýolagçyda koronawirusyň tapylandygyny aýtdy. 15-nji ýanwarda agşam, Türkmen howa ýollarynyň Boeing-777 uçarynda 250 töweregi ýolagçy Türkiýeden Türkmenabada bardy.

Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylarynyň 17-nji ýanwarda habar berşi ýaly "omikronyň" ýaýramagy bilen baglanyşykly dünýädäki dartgynly ýagdaý sebäpli Türkmenabadyň halkara howa menzilinde uçarly baran raýatlar güýçlendirilen howpsuzlyk taýýarlygy bilen garşylanypdyr. Ýolagçylar koronawirusy anyklamak boýunça synagdan geçirilipdir we hökmany 21 günlük karantine ýerleşdirilipdir.

Türkmenistan 15-nji ýanwarda, pandemiýanyň başyndan bäri üçünji gulplama girizdi. Ýurtda bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat pudagyna degişli kärhanalar, dynç alyş we tomaşa desgalary ýapyldy.

Bazarlaryň ýapyk duran wagtynda, häkimiýetler düzgün bozanlary anyklap, jerime salmak işini berjaý edýärler. Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, ýerli mal bazarynda awtoulagdan mal satmaga synanyşýanlara jerime salynýar.

Mekdeplerde jerime salmak çäreleri hem köpelýär. Eger okuwçy ýa-da mekdep işgäri maskasyz tutulsa, direktora jerime salynar. Sebitiň ähli edaralarynda girelgelerde dezinfeksiýa enjamlary oturdyldy we girýänleriň gyzgyny barlanýar. Jemgyýetçilik transportynda daşamaga rugsat berlen ýolagçylaryň sany azaldy. Bu barada hem Lebapdaky habarçylarymyz gürrüň berýär.

Maryda hem şuňa meňzeş ýagdaý dowam edýär. Gulplama sebäpli ilatyň ep-esli bölegi ýene-de girdeji çeşmelerini ýitirdi. Berk gadagançylyklaryň we ulag gatnawynyň çäklendirilmeginiň çäginde bikanun ulag hyzmatlaryna isleg artýar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, hususy taksileriň bahasy ýokarlandy. Hususan-da, Marydan Aşgabat şäherine bir taraplaýyn gitmek üçin adam başyna 1200 manat tölemeli bolýar. Bu Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça 342,8 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Häkimiýetler tarapyndan girizilen koronawirus çäklendirmeleri gitdigiçe köp adamlary girdeji çeşmesinden mahrum edýär. Pandemiýa başlaly bäri müňlerçe hususy kärhanalar ençeme aýlap ýapyklygyna durdy, on müňlerçe adam girdejisiz galýar. Bu döwürde döwlet edaralary we kärhanalar işgär sanyny azaltdy ýa-da işgärleri tölenmedik rugsada iberdi. Ýurduň içinde hereket etmek we daşary ýurda gitmek babatyndaky çäklendirmeler ýurduň ýaşaýjylaryny zähmet migrasiýasyndan hem mahrum etdi.

Türkmenistanda pandemiýanyň ýaramaz netijeleri bilen baglanyşykly ilata döwlet tarapyndan maddy goldaw göz öňünde tutulmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG