Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputaty Ýaňulbaýewleriň "kellesini kesmegi" wada berýär


“Gynamalara garşy komitetiň” ozalky aklawçysy Abubakar Ýaňulbaýew

Döwlet dumasynyň Çeçenistandan saýlanan wekili Adam Delimhanow Instagramda berlen göni ýaýlymda ozal federal kazysy bolup işlän Saidi Ýaňulbaýewiň maşgala agzalarynyň "kellesini kesmegi" wada berdi.

Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleri ozal onuň aýaly Zarema Musaýewany zor bilen Nižni Nowgoroddan alyp gidipdiler.

Delimhanowyň çeçen dilinde aýdan sözleriniň rus diline terjime edilen ýazgysy 1ADAT telegram kanalynda neşir edildi.

"Bilip goýuň, gije-gündiz, janymyzy, emlägimizi we nesillerimizi gaýgyrman, biz sizi kelläňizi kesip öldürýänçäk yzarlarys. Biziň siz bilen hakyky duşmançylyk we gan dawamyz bar. Bu şu wideony rus diline terjime edenlere-de degişlidir”diýip, Delimhanow aýtdy.

Kazynyň ogly, “Gynamalara garşy komitetiň” ozalky aklawçysy Abubakar Ýaňulbaýew "The Insider" habar gullugy bilen sşhbetdeşlikde Döwlet dumasynyň wekiliniň sözlerine "çynlakaý garalýandygyny" aýtdy. Ol maşgalanyň bu jenaýat barada şikaýat etjekdigini, ýöne "Derňew komitetiniň jogap berjegine” şübheli garaýandygyny aýtdy.

Ýaňulbaýewa ady bilen hem tanalýan Zarema Musaýewa 20-nji ýanwarda Nižni Nowgoroddaky kwartirasyndan zor bilen alnyp gaýdylandan soň, onuň adamsy, pensiýadaky federal kazy Saidi Ýaňgulbaýew gyzy bilen Russiýadan gaçdy.

“Amnesty International” guramasy Ýaňulbaýewanyň tussag edilmegini "adam alyp gaçmak" diýip häsiýetlendirdi we Russiýanyň federal häkimiýetlerini Çeçenistandan "çogup çykan" bikanunçylyklar babatynda çärä görmäge çagyrdy.

Rus we halkara adam hukuklary toparlary Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowy birnäçe ýyl bäri adam alyp gaçmak, gynamak, eden-etdilikli öldürmek we LGBT jemgyýetiniň agzalaryny yzarlamak ýaly hukuk bozulmalaryna ýolbaşçylyk etmekde aýyplaýarlar.

Ramzan Kadyrow 1-nji fewralda instagramda çap edilen wideo ýüzlenmesinde daşary ýurt döwletlerini Ýaňulbaýew maşgalasynyň agzalaryny “çykaryp kowmaga” ýa-da olaryň ýurda girmegine rugsat bermezlige çagyrdy.

Kadyrowyň ilki çeçen dilinde başlap, soňra ýuwaş-ýuwaşdan rus diline geçýän, soň çeçen dilinde tamamlanan wideoýazgysynda Ýaňulbaýewler "garakçylar" we "terroristler" diýip atlandyrylýar we "olary penalamak terrorçylara kömek etmekdir" diýilýär.

Mundan başga, Kadyrow Ýaňulbaýew maşgalasyna ýene bir gezek haklaşmak, öç almak haýbatyny atdy.

Ýanwar aýynyň başynda ol Ýaňulbaýewanyň "hukuk goraýjy edaranyň işgärine hüjüm edendigi üçin hakyky türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigini" we onuň tutuş maşgalasynyň "türmede ýa-da ýer astynda" bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Kadyrow Russiýanyň federal häkimiýetlerini “Gynamalara garşy komiteti” esaslandyran Igor Kalýapine, “Nowaýa Gazetanyň” Çeçenistanda adam hukuklarynyň bozulyşy barada köp ýazýan žurnalisti Ýelena Milaşina we “Dožd” teleýaýlymyna garşy derňew işini açmaga çagyryp aýdan öňki sözlerini gaýtalady. Kadyrow olary hem "terrorçy" diýip atlandyrdy.

Gynamalara garşy komitetiň hukuk aktiwistleri Ýaňulbaýewiň maşgalasyna edilýän güýçli basyşyň bu toparyň öňki aklawçysy Abubakar Ýaňulbaýewiň işi bilen baglanyşyklydygyny, sebäbi onuň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini öz maşgalasy babatynda edilýän adalatsyzlyklara goşulmaga we Kadyrowy işden aýyrmaga resmi ýagdaýda çagyrandygyny aýdýarlar.

Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 1-nji fewralda “prezidentiň bu ýagdaýa goşulmakçy däldigini” aýtdy.

“Kremliň bu meselä goşulmagynyň geregi ýok, sebäbi hukuk goraýjy gurluşlaryň işgärleri öz işlerini örän gowy berjaý edýär” diýip, Peskow aýtdy.

Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 31-nji ýanwarda Abubakar Ýaňulbaýewiň dogany Ibragimiň adynyň, açyk terrorçylyk çagyryşlary sebäpli, gözlenýän adamlaryň federal sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Kreml tankytçylarynyň aýtmaklaryna görä, Çeçenistandaky separatistik duýgulary we zorlugy gözegçilikde saklamak üçin öňki gozgalaňçy serkerdä bil baglaýandygy sebäpli, Putin Kadyrowyň eden-etdiliklerine we hukuk bozmalaryna göz ýumýar.

Iki sany weýrançylykly postsowet urşuny başdan geçiren Çeçenistandaky yslam pitneçiligi Demirgazyk Kawkazyň beýleki musulman sebitlerine hem ýaýrady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG