Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Stambul: Türkmen ýaşulysy aeroportdan çykaryldy, onuň ýerine başgalar bardy


Stambulyň aeroporty

Stambulyň aeroportunda iki hepdeden gowrak wagtlap oturan türkmen ýaşulysy howa menzilini terk etmäge mejbur edildi, onuň ýerine beýleki türkmenler bardy. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýeden öz watanyna aşmaga synanyşýarlar.

Türkmenistanly 60 ýaşly Ibragim Begjanow 30-njy ýanwarda Stambulyň aeroportyny terk etmäge mejbur edildi. Bu onuň aeroportdan çykman oturan 17-nji günüdi.

Türkmenistana dolanmaga mümkinçiligiň döremegine garaşan ýaşuly aeroportdan çykarylmagy bilen bagly ýagdaýy barada gürrüň berdi: "Aeroportda işgärleri geldi. 'Biziň kanunymyz boýunça, bilediňiz ýok bolsa, bu ýerde oturmaň' diýdi. Men öýe gitjek, başga gitmäge ýerim ýok diýdim. 'Siz bärde boş oturýaňyz, baryň konsullygyňyza ýüz tutuň' diýdiler".

Ibrahim Bejanow aeroportdan çykamagyny talap edip ýanyna baran adamlaryň aeroportuň wekilleri we polisiýa işgärleri bolup, özlerini tanadandygyny we olar bilen gepleşigiň iki sagada golaý uzaga çekendigini aýdýar: "Hawa, [özlerini] tanatdylar aeroportuň işgärleri, polisiýa-da geldi. Olar güýç ulananok, ýöne söz bilen... Biz iki sagat gepleşip durduk. Iň soňunda-da, bolýar, çykaly diýdim, başga çärämiz ýok".

17 günläp Stambulyň aeroportunda oturan türkmen raýaty Ibragim Begjanowyň aeroportdan çykarylmagyndan soň, 1-nji fewralda şol ýere başga türkmenler bardy. Stambuldaky türkmen aktiwistleriniň gürrüň bermegine görä, 2-nji fewralda Stambulyň halkara aeroportunda azyndan üç sany türkmenistanly watanyna gitmäge mümkinçiligiň döremegine garaşyp otyr.

Türkiýä işlemek üçin 2019-njy ýylda baran Ibragim Begjanow Stambulyň aeroportuna 14-nji ýanwarda barypdy we Türkmenistana gitmäge mümkinçilik döreýänçä şol ýerde galmakçy bolupdy. Ýaşulynyň Stambulda ýaşamaga ýeri bolmansoň, ol diňe öz watandaşlarynyň kömegine daýanýar.

Ibragim Begjanow beýleki türkmenistanlylaryň ony agyr günde ýeke goýmandygyny, ýaşamak üçin ýer, azyk we pul bilen goldandygyny gürrüň berdi. Ol özi ýaly adamlaryň örän köpdügini aýdyp, türkmen hökümetiniň bu meselä üns bermegini isleýär.

Ibragim Begjanow indi Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy bilen habarlaşmaga synanyşýar. Ýat ýurtda agyr ýagdaý düşen ýaşulysy öz ýurdunyň diplomatiki edarasyndan şu çaka çenli kömek sorap ýüz tutmanlygynyň sebäbini düşündirip, munuň netije berjegine ynamynyň ýokdugyny aýdýar. Ol özüniň we beýleki türkmenistanlylaryň ozalky tejribelerine görä, türkmen ilçihanasy we konsullygy bilen harlaşmagyň gaty kyndygyny, türkmen resmileriniň kömek soraýan raýatlar bilen gepleşmekden köplenç ýüz öwürýändigini ýa-da haýbat atýandygyny aýtdy.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary türkmen hökümetiniň guraýan ýörite uçarlaryna münmek üçin ilçihanalaryň üsti bilen düzülýän sanawlara ýazylmaly bolýar. Hususan-da, Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlary konsullygyň üsti bilen ýazylan sanawlaryndaky nobatlarynyň bir ýylyň dowamynda öňe süýşmeýändigini, gürrüň berdiler. Şol bir wagtda-da, birnäçe müň dollara Türkmenistana gaýtmak mümkinçiligini döremegi teklip edýän araçylaryň peýda bolandygy habar berilýär.

"Turkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri Stambulyň Aksaraý böleginiň "Türkmen" etrabynda Türkmenistandan baran adamlaryň watanyna dolanmak isleýänleri gözleýändigini we uçara münmäge kömek bermegi hödürleýändigini habar berýär. Neşiriň 31-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, araçylar Türkmenistana uçarly gitjek ýolagçylaryň sanawyna girizmek üçin 1200 dollar soraýarlar. Şeýe-de, neşir täze peýda bolan bu araçylaryň Türkmenistana gitmäge hakykatdan kömek edip biljekdigini ýa-da olaryň hilegärdigini anyklap bolmandygyny belleýär.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda adaty uçar gatnawy iki ýyla golaý wagt bäri ýok. Koronawirus pandemiýasynyň başyndana bäri ýatyrylan uçar gatnawynyň haçan ýola goýuljagy belli däl. Türkmen hökümetiniň ýurduň daşynda galan raýatlar üçin 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri guraýan ýörite uçarlary bir-iki aýda bir gezek gatnaýar we bar bolan islegleri kanagatlandyrmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG