Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarçy: Gelmek üçinem, gitmek üçinem para bermeli


Aşgabat aeroporty. 2019.
Aşgabat aeroporty. 2019.

9-njy dekabr gijesi Aşgabatdan Stambula uçan türk uçaryna 100-den gowrak türkmenistanly mündi, ýolagçylaryň galan 70-e golaýy türk raýatlary boldy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Şeýle-de şol gün Türkmenabatdan Moskwa uçan rus uçaryna, göçüp gitmek üçin resmi rugsat alan onlarça türkmenistanly mündi. Moskwa gidenleriň biletleri 8-nji dekabrda, Türkmenabatda satyldy, emma Stambula gidenleriň biletleriniň haçan we nähili ýagdaýda satylandygy belli däl, bu ýerde paranyň uly rol oýnandygyny çaklamak bolar diýip, habarçy belledi.

Gözi bilen gören şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, türk we rus uçarlaryna bilet alyp bilen adamlaryň ýüz-gözlerinde bir tarapdan gussa bolsa, ikinji tarapdan uly begenç görünýär.

Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy soňky wagtlarda Türkmenistandan aýda ortaça iki uçar gatnawyny gurnaýar we bu, yzygiderli uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyna garmazdan, soňky iki ýylda Türkmenistandan Orsýete ymykly göçüp gidýän adamlara uly kömek boldy.

Resmi maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Orsýete Türkmenistanyň 21 680 raýaty göçüp geldi.

Bu adamlaryň aglabasy, 19 431 raýat Türkmenistandan pandemiýa aladalary esasynda girizilen çäklendirmelerden öň çykypdyr.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa Orsýete Türkmenistanyň 1323 raýaty göçüp geldi diýip, Türkmen Helsinki gaznasy rus çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

COVID-19 çäklendirmeleri zerarly ýatyrylan uçar gatnawlary soňky iki ýylda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň maşgala aýraçylyklaryny öňki ýyllardaka garanda hem has güýçlendirdi we, aktiwistleriň ýollaryň açylmagy baradaky çagyryşlaryna garamazdan, aldajy wirusyň ýurda aralaşmagynyň öňüni alandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri, näme üçindir, uçar gatnawlaryny dikeltmäge gyssanmaýar.

Şol bir wagtda, käte juda seýrek ýagdaýda guralýan uçar gatnawlarynyň hem diňe para beren raýatlar üçin elýeterli bolýandygy aýdylýar. Emma bu meseläni resmi taýdan tassyklatmak başartmaýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, daşary ýurda uçýan uçarlara münmek üçin köplenç “para bermeli” bolýar.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan we göçegçi durumy bolan türkmen raýatlarynyň köpüsi häzir maşgalalary bilen Orsýete gitdi. Şeýle-de ol düýn, 9-njy dekabrda Stambula giden türkmen raýatlarynyň hem köpüsiniň maşgalalary bilen göçüp barýan adamlar bolandygyny aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy çagalary bilen göçüp barýan adamlaryň käbiri bilen söhbetdeş boldy, ýöne olaryň hiç biri anyk ‘para berdik’ diýip aýtmady.

Daşary ýurda göçüp gitmek üçin Covid-19 synagyndan geçen we iňlis diline geçirilen synag sertifikat alan bir raýat, jaýyny satyp, ymykly göçüp barýandygyny gürrüň berdi.

Ýakynda goňşusy Orsýete göçüp giden bir aşgabatlygynyň Azatlyk radiosyna anonimlik şertinde aýtmagyna görä, puly bolsa, para berip, göçüp gitjek gaty kän.

Anonimlik şerinde gürleşen zähmet migrantlarynyň hem käbiri Azatlyga häzir ýurda dolanmak üçin, käbir tanyşlary ýaly, para bermekden başga alaç görmeýändigini, emma özünde ol puluň ýokdugyny aýtdy.

“Daşary ýurtdan gelmek üçin para bermeli, daşary ýurda gitmek üçin para bermeli, Covid-19 çäklendirmeleri migrasiýa gullugynyň işgärlerini millioner etdi” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG