Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Günbataryň öz aladalaryna üns bermeýändigini aýtdy. Jonson, Putin telefonda Ukrainany maslahatlaşar


Germaniýaly protestçiler Putini togtatmaga çagyrýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçiren duşuşygyndan soň Kremlde çykyş edip, Ukrainany NATO-a kabul etmeli däldigini, sebäbi bu ýurduň Krymy “harby ýollar bilen” yzyna gaýtaryp almak isleýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Russiýa bilen Ukrainada guryýer raketalaryny ýa-da söweş güýçlerini ýerleşdirmek boýunça özara ylalaşyk gazanmak üçin gepleşik geçirmäge taýýar diýip, Ispaniýanyň "El Pais" gazetiniň çap eden resminamalarynda aýdylýar. Bu habar Kremliň Waşingtony Ýewropadaky “dartgynlygy gyzdyrmagy” bes etmäge çagyran wagtyna gabat geldi.

Şu aralykda Putinniň Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson 2-nji fewralda telefonda gürleşip, ýygjamlanan diplomatiýa arasynda, Moskwanyň Ukraina bilen serhetde goşun toplap, çozuş howatyryny döretmegi bilen baglanyşykly dartgynlygy gowşatmaga synanyşjagy habar berildi.

Jonson 1-nji fewralda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşikler geçirmek üçin Kiýewe sapar etdi. Ol 100,000-den gowrak rus goşunynyň Ukrainanyň serhedine toplanmagyny, "belki-de, öz ömrüniň dowamynda Ukraina garşy görkezilen iň uly duşmançylyk" hökmünde häsiýetlendirdi.

“Ilkinji rus aýagy Ukrainanyň çägine geçen pursadyndan başlap”, Angliýada işe giriziljek sanksiýalar we beýleki çäreler toplumy taýýar edildi diýip, Jonson aýtdy.

Şeýle-de ol Günbatar ýurtlarynyň dialoga, "gepleşiklere ýykgyn edýändigini" aýtdy, ýöne sanksiýalaryň hem taýýardygyny belledi. Ol Russiýany yza çekilmäge we diplomatiýa ýoluny saýlamaga çagyrdy we munuň henizem mümkindigine ynanýandygyny aýtdy.

Putin 1-nji fewralda Ukrainanyň serhediniň golaýynda 100,000-den gowrak rus goşunynyň toplanmagy bilen ýüze çykan krizis barada ilkinji möhüm çykyşyny etdi.

Putin Kremliň “ABŞ-dan we NATO-dan alnan ýazmaça jogaplary üns bilen seljerýändigini", ýöne Russiýanyň esasy aladalaryna üns berilmejeginiň eýýämden bellidigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG