Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Jelepçilikde aýyplanýanlar". Gyrgyzystanyň Gara-Balta şäherinde dört gyz öz janlaryna kast etmäge synanyşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Gara-Balta şäherinde dört gyz bilelikde öz janyna kast etmäge synanyşdy. Janyna kast etmezden öň galdyran ýazgysynda, olaryň biri jelepçilikde aýyplanýan "Internetdäki ýalan wideolar" sebäpli şeýle ädimi ädendigini mälim edýär.

Golaýda ýerli aktiwistler häkimiýetlere Gara-Baltadaky saunalary ýapmak talaby bilen çykyş etdiler hem öz ýüzlenmesini ýaýratdylar. Olar özlerinde ýaş gyzlaryň ýakyn hyzmatlaryny hödürleýän maglumatyň bardygyny aýdýarlar.

«EGER SIZ ÇÄRE GÖRMESEŇIZ, ONDA BIZ ÇÄRE GÖRERIS»

19-njy ýanwarda, agşam sagat takmynan 19:22-de Žaýyl etrap polisiýasyna dört gyzyň deslapky diagnoza görä, medisina däri-dermany bilen zäherlenip, janyna kast etmek synanyşygy sebäpli keselhana ýerleşdirilendigi barada, maglumat gowuşdy. Olar Tiz kömek gullugy bilen Gara-Balta şäher hassahanasyna ýerleşdirilipdir hem olara ilkinji medisina kömegi berlipdir.

Gara-Balta şäher hassahanasynyň baş lukmany Aýnura Ymaşewa 19-njy ýanwarda gyzlaryň öz janyna kast etmäge synanyşandygyny we munuň üçin köp derman içendiklerini tassyklady. Soňra olar Tiz kömek gullugyna ýüz tutupdyrlar, olardan iki gyz öz aşgazanyny ýuwupdyr. Beýleki iki gyz bu amaldan ýüz öwrüpdir. Baş wraç olaryň ýagdaýy kanagatlanarly diýdi.

Janyna kast etjek bolan gyzlar bilen habarlaşmak başa barmady. Olaryň biriniň hoşlaşyk haty sosial ulgamlarda ýaýradyldy we onda ol özüni öldürmek kararyna gelmeginde, jelepçilikde töhmet atýan adamlary günäkärleýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň biriniň sözlerine görä, geçen aý birnäçe erkek adam sauna gidip, ol ýerde işlemeýän gyzlary surata düşüripdir hem olary jelepçilik bilen meşgullanmakda aýyplapdyr. Hut şu ýagdaý hem olaryň öz janyna kast etmek synanyşygyna sebäp bolandyr diýip, ol ýaşaýjy çak edýär.

19-njy ýanwarda bir topar ýaş ýigit Gara-Balta şäher häkimliginiň ýanyna ýygnandy. Olar özlerini şäheriň aktiwistleri diýip atlandyrdylar hem saunalary ýapmagy talap edip, ýerli häkimiýetlere ýüz tutdular.

“Biz Gara-Baltanyň ýaşlar komitetiniň adyndan ýüz tutýarys. Gara-Balta şäherinde üç-dört saunanyň ýapylmagyny talap edýäris. Olar jelepçilik bilen meşgullanýarlar. Gyzlaryň we biziň uýalarymyzyň geljegi üçin, bu günäli işleriň bes edilmegini talap edýäris. Eger siz çäre görmeseňiz, onda biz çäre göreris!” diýip, prezident Sadyr Žaparowa, Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň başlygy Kamçýek Taşýewe we Içeri işler ministrligine ýüz tutdular.

Şol ýüzlenme sosial ulgamda ýaýrandan soň, gyzlar öz janyna kast etmäge synanyşypdyr. Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikirine görä, bu iki hadysa özara baglanyşykly gelýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Aziza Abdirasulowa jemgyýet gyzlaryň hukuklaryny goramalydygyny aýtdy:

“Her bir adamyň öz şahsy durmuşyny gurmaga hukugy bar. Beýlekileriň oňa goşulmaga we gorkuzmaga hukugy ýokdur. Bu ýerde janyna kast etmek synanyşygyna baş goşan gyzlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmak fakty bar. Olar polisiýa hem adam hukuklaryny goraýjylara ýüz tutup bilerler" diýip, Aziza Abdirasulowa belleýär.

Janyna kast etmäge synanyşan gyzlaryň işi ombudsman instituty tarapyndan hem derňeler. Ombudsmanyň orunbasary Albert Kolopow bu işiň agentligiň gözegçiligine geçirilendigini Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

“Biz bolan waka barada maglumatlary aldyk. Biziň işgärlerimiz derňewe başlarlar. Olaryň janyna kast etmegine sebäp bolan ýagdaýlar hökman derňeler" diýip, Kolopow aýdýar.

Žogorku Keneşiň deputaty Mirlan Samyýkožo ol ýaşaýjylaryň eden-etdiliklerine we howplaryna ýol berilmejekdigini aýtdy.

Mirlan Samyýkožo
Mirlan Samyýkožo

“Ýaş aktiwistleriň Gara-Baltadaky saunalaryň ýapylmagyny talap edýändigini eşitdim. Belki-de, ol ýüz tutmany häkimiýetlere we beýleki degişli taraplara iberen bolsalar gerek. Indi degişli edaralar muny öwrenmeli we kanun bozulmasy bar bolsa çäre görmeli. Ýöne özleriniň herekete geçjekdikleri bilen gorkuzmaklary artykmaç. Olaryň ol ýerde edýänleri, her bir adamyň öz wyždanyna bagly" diýip, deputat aýdýar.

Gyrgyzystanda mundan öň hem aktiwistler gyzlaryň özüni alyp barşyna gözegçilik etmekçi bolupdy. 2012-nji ýylyň ýazynda özlerini "watançy" diýip atlandyrýan bir topar adam Russiýadaky migrant gyzlary soraga çekdiler hem şonuň bilen birlikde, olary geýimlerini çykarmaga mejbur etdiler. Şondan bäri şuňa meňzeş birnäçe wideo peýda boldy. Şeýle-de bolsa, hüjümleriň pidalaryndan diňe iki sanysynyň kanun goraýjy edaralara ýüz tutandygy mälim.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG