Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepede neşe gaçakçylaryna garşy operasiýa geçirildi


Türkmenistanda neşe serişdeleri otlanýar
Türkmenistanda neşe serişdeleri otlanýar

30-njy ýanwarda Ahalyň Gökdepe etrabynda kanun goraýjylar tarapyndan neşe söwdagärlerine garşy operasiýa geçirildi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, paýtagt Aşgabatdan 40 km uzaklykda ýerleşýän şäheriň eteginde ýarag sesleri hem eşidilipdir. Operasiýanyň netijesinde onlarça adam, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri-de saklandy. Eýrandan amala aşyrylan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça geçirilen operasiýa barada ilkinji bolup “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi. Neşir Aşgabadyň etegindäki Bagyr sebitinde hem operasiýanyň geçirilendigini belledi.

Azatlygyň habarçylary Gökdepedäki operasiýanyň 30-njy ýanwarda öýländen soň başlanandygyny habar berdiler. Ýerli ilat ilki ýörite operasiýasynyň bikanun neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan jenaýatçylykly topara garşy alnyp barlandygyny çaklap bilmändir. Awtomatyň yzygiderli seslerinden soň, adamlar ýerli banklaryň biriniň talaňlanýandygy çaklapdyrlar.

Emma soňundan Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň neşe gaçakçylaryna garşy operasiýany geçirýändigi mälim bolupdyr. Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, operasiýanyň netijesinde onlarça adam, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri hem saklandy.

Aşgabatdaky habarçymyz tussag etmeleriň duşenbe güni hem, şol sanda paýtagtda-da dowam etdirilendigini gürrüň berdi.

Ýörite operasiýa barada ilkinji bolup, 1-nji fewralda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, ýörite operasiýa Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda hem geçirildi. Neşir umumy hasapda 30 adamyň, şol sanda bäş adamyň Bagyrda, 13 adamyň hem Gökdepede saklanandygyny belledi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” tussag etmeleriň ýurduň paýtagtynda hem geçirilendigini habar berýär.

“Olaryň arasynda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri, şol sanda polisiýa başlygy we etraplaryň biriniň ýol gözegçilik gullugynyň ýolbaşçysy hem bar. Neşe serişdeleriniň ýaýradyjylary we ulanyjylary hökmünde saklananlaryň arasynda telewideniýe işgärleri, belli aýdymçylar we sazandalar, şol sanda syýasatçylar hem bar” diýip, neşir öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Neşir derňewiň neşe önümleriniň Türkmenistana Eýrandan getirilendigini anyklandygyny hem nygtaýar. Türkmen tarapyndan neşe serişdeleri esasan Artyk atly sebitden kabul edilipdir.

“Aşgabadyň golaýyndaky mazarçylygyň guburlarynyň biriniň içinde 25 kg neşe serişdeleri gizlenip goýlan bir buky ýer tapyldy. Derňewçileriň maglumatyna görä, soňky döwürde Türkmenistana 300 kg golaý neşe serişdeleri getirilipdir. Olaryň uly bölegini entek tapmak başartmaýar” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” belleýär.

Azatlyk Aşgabatda we Gökdepede bolan tussag etmeler barada ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden we Içeri işler ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gökdepe Aşgabadyň 40 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, Ahal welaýatynyň adybir etrabynyň dolandyryş merkezidir. Gökdepe etrabynda Ahalyň täze paýtagtynyň hem gurulýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda ýygy-ýygydan ele salnan bikanun neşe serişdelerini otlamak çäreleri geçirilýär. Saklanan neşe gaçakçylarynyň tele-kameralaryň öňünde tobaly çykyşlary hem döwlet telewideniýesinde görkezilýär. 2020-nji ýylyň dekabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdelerini ýok etmek boýunça täze toplumy açdy.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi Eýrandan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň serhetleriniň üsti bilen ýurda metamfetaminiň uly tapgyryny getirip ele salnan özbek raýaty barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG