Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gökdepede neşe gaçakçylaryna garşy operasiýa geçirildi


Gökdepede neşe gaçakçylaryna garşy operasiýa geçirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:59 0:00

30-njy ýanwarda Ahalyň Gökdepede etrabynda kanun goraýjylar tarapyndan neşe söwdegärlerine garşy operasiýa geçirildi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, paýtagt Aşgabatdan 40 km uzaklykda ýerleşýän şäheriň eteginde ýarag sesleri hem eşidilipdir. Operasiýanyň netijesinde onlarça adam, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri-de saklandy. Eýrandan amala aşyrylan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça geçirilen operasiýa barada ilkinji bolup “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi. Neşir Aşgabadyň etegindäki Bagyr sebitinde hem operasiýanyň geçirilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG