Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German media gözegçilik edarasy RT-niň nemes dilli gullugyny gadagan etmek kararyny goldady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Germaniýanyň media gözegçilik edarasy Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT media korporasiýasynyň ýurtdaky nemes dilindäki gepleşikleriniň ýaýlymyny bes etdirmek baradaky geçen dekabrda çykaran hökümini goldady. RT-niň zerur ygtyýarnamasynyň ýokdugy bellenilýär.

2-nji fewralda Germaniýanyň media gurluşlaryna lisenziýa berýän we gözegçilik edýän komissiýasy nemes dilindäki RT DE kompaniýasy tarapyndan hiç hili arzanyň tabşyrylmandygyny we oňa hiç hili ygtyýarlygyň berilmändigini aýtdy. Şeýle-de onuň “Ýewropanyň kadalary esasynda işini kanuny ýagdaýda dowam etdirip bilmegi üçin başga hiç hili ygtyýarnamasynyň ýokdugyny” hem bellenildi.

RT DE geçen dekabryň ortalaryndan bäri öz gepleşiklerini dürli kanallar, şol sanda satellitler we websaýty arkaly efire berip başlady.

Mundan soňky birnäçe hepdäniň dowamynda german media gözegçisi, degişli ygtyýarnamanyň ýoklugy sebäpli, RT DE-niň Germaniýada gepleşikleriniň ýaýlymyny amal edip bilmeýändigi barada karar çykardy.

RT DE özüniň Serbiýadaky ygtyýarnamasyna salgylanyp, özüniň Ýewropanyň kadalary esasynda hereket edýändigini aýdýar. Ol german media gözegçilik edarasynyň kararyny sudda şikaýat etjekdigini hem belleýär.

XS
SM
MD
LG