Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ NATO ýaranlaryna esger iberýär, Baýden 5-nji maddany ‘mukaddes borç’ atlandyrýar


ABŞ-nyň Germaniýadaky esgerleri (arhiw suraty)
ABŞ-nyň Germaniýadaky esgerleri (arhiw suraty)

Birleşen Ştatlar, Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagy sebäpli dörän dartgynlylyklaryň arasynda, özüniň NATO ýaranlaryny goldamak üçin Ýewropa müňlerçe esgerini ýollaýar. Günbatar Russiýanyň goşun sanyny artdyryp, Ukraina hüjüm etmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigini belleýär.

Pentagon şu hepdäniň dowamynda Polşa, Rumyniýa we Germaniýa özüniň 3 müň harbysyny ýollajakdygyny mälim etdi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bu kararyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiginde oňa aýdan sözleri esasynda amal edilýändigini, şeýle-de munuň NATO-nyň 5-nji maddasyna laýyklykdaky “mukaddes borjy” äşgär edýändigini belledi.

“[Putin] dyzmaçlyk hereketlerini dowam etdirdigiçe, biz hem NATO ýaranlarymyzy we Gündogar Ýewropany özümiziň ol ýerde boljakdygymyzy, şeýle-de 5-nji maddanyň mukaddes borçdugyny kepillendireris” diýip, Baýden 2-nji fewralda CNN-iň habarçysyna aýtdy.

NATO-nyň esaslandyryjy ylalaşygynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, eger-de oňa agza bir döwletiň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine howp abansa, onda ýaranlygyň ähli agzalary şol döwlete hemaýata gelmäge borçludyrlar.

Pentagonyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, Birleşen Ştatlaryň 2 müňe golaý harby gullukçysy Polşa we Germaniýa ýerleşdiriler, şol bir wagtda Germaniýadaky 1 müň esger Rumyniýa iberiler.

Moskwa ABŞ-nyň bu hereketini ýazgaryp, munuň “harby dartgynlylygy artdyrjak, şeýle-de syýasy çözgütleriň gerimini azaltjak ýaramaz ädim bolandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG