Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda protestleriň dowamynda güman edilýän hukuk bozulmalar boýunça 100-e golaý jenaýat işi açyldy


Gazagystandaky hukuk toparlary protestler bilen baglylykda ýene-de müňe golaý adamyň henizem tussaglykda saklanýandygyny aýdýarlar. (arhiw suraty)

Gazagystan geçen aý bolan hökümete garşy ganly protestleriň dowamynda ýüze çykan bikanun tussag etmeler we beýleki hukuk bozulmalar bilen bagly 100-e golaý jenaýat işini açdy. Bu hem ýurduň içinde, hem-de halkara hukuk toparlary tarapyndan bu ugurdaky edilýän çagyryşlara gabat mälim edildi.

3-nji fewralda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasynyň şu hepde ilatyň bu ugurdaky arzalaryny derňemek baradaky çagyryşyny berjaý etjekdigini mälim etdi.

“Baş prokuraturanyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler bikanun derňew usullarynyň ulanylmagy we raýatlaryň hukuklarynyň beýleki bozulmalary baradaky şikaýatlar bilen baglanyşykly 98 jenaýat işini açdy” diýip, Daşary işler ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de onda: “Biz Gazagystanyň jemgyýeti tarapyndan we halkara derejede galdyrylan her bir ýagdaýy aýratynlykda seljermäge taýýar we islegli” diýip, bellenilýär.

Gazak resmileri protestleriň dowamynda we ondan soň 10 müňden 12 müň aralygynda adamyň saklanandygyny, emma olaryň köpüsiniň soňy bilen azat edilendigini aýtdylar.

Gazagystandaky hukuk toparlary protestler bilen baglylykda ýene-de müňe golaý adamyň henizem tussaglykda saklanýandygyny we olaryň gazaply ýenjilendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG