Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede YD agzalaryna galp türkmen pasportlaryny satmakda güman edilýän biri türkmenistanly üç adam tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýede "Yslam döwleti" (YD) terrorçy toparynyň agzalaryna galp türkmen we türk pasportlaryny satmakda güman edilýän üç adam, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri we "Türkmen.news" neşiri habar berýär.

"CNNTürk" neşiriniň 4-nji fewralda çap eden habaryna görä, Stambulda türkmenistanly bir raýatyň YD toparynyň agzalaryny galp pasportlar bilen üpjün edýändigi anyklanandan soň, Stambulyň polisiýa müdirliginiň işgärleri tarapyndan reýdler gurnaldy.

"31-nji ýanwarda Şirinewler we Esenyurt etraplaryndaky salgylara amala aşyrylan reýdlerde üç adam tussag edildi. Salgylarda geçirilen gözlegleriň dowamynda iki sany noutbuk kompýuteri, galpdygy kesgitlenen 19 pasport we daşary ýurt raýatlary üçin taýýarlanylan 36 sany ýaşamaga rugsatnama (Türkçe: Ikamet izin belgesi) ele salyndy" diýlip, neşiriň habarynda tussag edilen üç şübheli adamyň sorag edilmeginiň dowam edýändigi bellenilýär.

Habarda galp pasportlaryň haýsy ýurtlara degişlidigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne neşiriň wideoreporatažynda polisiýanyň ele salan galp pasportlarynyň aglabasynyň Türkmenistanyň pasportydygyny görse bolýar.

Bu aralykda, 8-nji fewralda "Türkmen.news" neşiri Türkiýäniň "Posta" gazetiniň kagyz görnüşinde çap edilen habaryna salgylanyp, polisiýanyň gözleglerinde sekiz sany türk we 11 sany türkmen galp pasportlarynyň ele salnandygyny habar berdi.

Neşir türk gazetinde çap edilendigi aýdylýan habaryň suratyny paýlaşyp, onuň 5-nji fewralda köpçülige ýaýradylandygyny hem belledi. Şeýle-de, onda tussag edilen şübhelileriň beýleki ikisiniň Türkiýäniň we Müsüriň raýatlarydygyny hem aýdylýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada kommentariýa almak üçin Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Stambuldaky konsulhanasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji fewralda Türkiýäniň wagty bilen ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.

Bellesek, Türkiýede Merkezi Aziýanyň käbir raýatlarynyň "Yslam döwleti" (YD) terrorçy toparynyň agzalaryna galp pasportlary taýýarlamakda güman edilýändigi barada mundan birnäçe gün ozal hem maglumat peýda boldy.

1-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy "The Guardian" neşirine salgylanyp, Türkiýede galp pasportlary taýýarlaýan torlardan birine etnik özbegiň ýolbaşçylyk edýändigini habar berdi.

Britan neşiri tarapyndan geçirilen derňewleriň netijelerine görä, resmi wizalar ýerleşdirilen galp pasportlary ýasamak boýunça onlaýn-biznes YD topary bilen baglanyşykly şahslara Siriýadan Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşigine, Kanada we ABŞ-a aşmaga mümkinçilik döredýär.

Neşiriň 31-nji ýanwarda çap eden habarynda dürli ýurtlara degişli, ýokary hilli galp pasportlary taýýarlaýan özbek raýatynyň bulary uly mukdardaky pula, käte 15 müň amerikan dollaryna satýandygy aýdyldy. Şeýle-de, neşir Siriýa serhedinden bikanun geçen adamlaryň Stambul howa menzili arkaly daşary ýurtlara baryp ýeten azyndan 10 ýagdaýyny anyklap bildi.

"The Guardian" neşirine görä, bu söwda howply ekstremistleriň dünýädäki howpsuzlyk gulluklaryndan sypyp, öňki eden jenaýatlary üçin adalatdan gaçyp biljekdigini we terrorçylyk hereketlerini Siriýadan başga ýurtlarda dowam etdirip biljekdigini görkezýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara, barmak üçin wiza talaby bolmansoň, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky dil umumylygy sebäpli, Türkiýä çykmagyna sebäp boldy.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär. Şeýle-de, olar barada daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG