Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşýar. 28-nji dekabr, 2021 ý. Sankt-Peterburg. Russiýa.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşýar. 28-nji dekabr, 2021 ý. Sankt-Peterburg. Russiýa.

Milady kalendarda 21-nji dekabr onsuz hem iň uzyn gije hasaplanýar, ýöne 2006-njy ýylyň 21-nji dekabra geçilen gijesi türkmen syýasatynda, belki-de, has uzaga çeken gije boldy. Bar bolan resmi maglumatlara görä, şol gije Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy. Nyýazowyň ölüminden soňra, onuň orunbasary, wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda häkimiýet başyna geldi. 11-nji fewralda Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemegine 15 ýyl dolýar.

Ýurdy “demir penje” bilen dolandyran Nyýazowyň tarpa-taýyn ölümi, islendik awtoritar ýurda mahsus bolan bir meseläni, yztutar meselesini ör boýuna galdyrdy. Ýurda gyssagly döwlet başy gerekdi. Baş kanuna görä, prezident haýsydyr bir sebäbe görä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary öz-özünden Mejlisiň başlygyna geçmelidi, ýöne bu beýle bolmady. Halk Maslahaty 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda gyssagly ýagdaýda nobatdan daşary mejlis geçirip, Konstitusiýanyň 60-njy maddasyna üýtgetmeleri girizdi. Bu üýtgetmelere laýyklykda, eger-de prezident haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetrip bilmeýän bolsa, onda prezident saýlanylýança Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeli edildi. Şeýlelikde, şol wagtky hökümet başlygynyň orunbasary Gurbanguly Berdimuhamedowa ýol açyldy. Ol ilki prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirdi. 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda bolsa, Merkezi saýlaw komitetine görä, 89,23% ses alyp, prezident wezipesine saýlandy. Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda kasam kabul edip, wezipä girişdi. Ýöne şu wagta çenli Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi bilen türkmen halky ýagşydan-ýamandan täze döwre gadam basdy. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri elmydama diýen ýaly Berdimuhamedowyň dolandyryşyny diňe mazamlamak bilen gümra bolýar. Ýöne halkara we ýerli synçylar, garaşsyz media guramalary, galyberse-de, ýurt raýatlarynyň ençemesi türkmen halkynyň indi ençeme ýyl bäri ýaramaz ykdysady şertlerden, agyrlaşan amatsyz durmuş şertlerinden, barha diýdimzorlaşýan dolandyryşdan, syýasy we raýat azatlyklarynyň ýyl-ýyldan berk çäklendirilmeginden ejir çekýändigini aýdýarlar.

Elbetde, şaýatlara we arhiw maglumatlaryna görä, Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda onuň şahsyýet kulty örän gözçykgynç dabaralandyrylýardy. Döwrüň emeldarlary we kanun çykaryjylary tarapyndan resmi taýdan “türkmeniň başy – Türkmenbaşy” yglan edilen Nyýazowyň şahsyýet kulty onuň çar künjege oturdylan heýkelleri, döwlet edaralarynda asylýan portretleri, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda tas ýat tutulýan kitaplary bilen has-da dabaralandyrylýardy. Nyýazow türkmen senenamasyna göz dikip, aýlaryň we günleriň atlaryny üýtgetdi, raýatlaryň ömrüni müçelere böldi, ýanwar aýy Türkmenbaşy boldy, noýabr Sanjar boldy, garaz ähli aýlaryň atlary üýtgedildi, pars dilinde penşenbe atlandyrylýan dördünji gün “sogap güni” boldy, şenbe “ruh güni” boldy, beýleki günleriň hem atlary üýtgedildi... Orta bilim dokuz ýyla getirildi... Ýokary bilimiň möhleti gysgaldyldy... Pensiýalar we döwlet kömek pullary gysyldy... Saglyk işgärleri köpçülikleýin işden çykarylýardy... Neşekeşlik, ogurlyk ýaly sosial problemalar tutuş ýurda tas “gan gusdurýardy”. Üstesine, Nyýazow ömürlik ýurdy dolandyrmalydy. Umuman, Türkmenbaşy aradan çykanda ilatda Berdimuhamedowa umyt baglamaga esas bardy. Galyberse-de, ikinji prezident reforma wadalary bilen häkimiýet başyna gelipdi.

Azatlyk Radiosy 8-nji fewralda Glasgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Luka Ançeski bilen Berdimuhamedowyň dolandyryşynyň 15-nji ýyl dönümi dogrusynda söhbetdeş boldy.

“Men özümiň doktorlyk dissertasiýamy Türkmenistan barada ýazdym. Şonuň üçin, men 2003 – 2006-njy ýyllar aralygynda bu ýurda ýakyndan syn edýärdim, her gün diýen ýaly habarlary yzarlaýardym. Haçan-da, 2006-njy ýylyň dekabrynda Nyýazow aradan çykanda örän şok ýagdaýy boldy. Sebäbi, Nyýazow post-sowet Merkezi Aziýada aradan çykan ilkinji “birinji nesil” prezident boldy; Nyýazow, ebletde, olaryň arasynda iň bir diýdimzorydy; şeýle-de, Türkmenistany Nyýazowsyz göz öňüne-de getirmek örän kyndy. Şonuň üçin, örän şok ýagdaýy boldy. Bu heniz hem meniň ýadymda. Biz Merkezi Aziýa boýunça iş alyp barýan adamlar bilen gürleşýärdik. Biz onuň ýarawsyzdygyny bilýärdik, ýöne tarpa-taýyn aradan çykar öýtmändik. Nyýazow ölenden soňra, biz Berdimuhamedowyň wezipä bellenjekdigi barada myş-myş eşidip başladyk. Men türkmen syýasatyny öwrenýändigim sebäpli, onuň kimdigini, onuň saglyk ministri bolandygyny, wise-premýer bolandygyny bilýärdim, ýöne ol prezident bolar öýtmändim. Men onuň yztutar bolmaga mümkinçiligi bardyr öýtmeýärdim, ýöne ol yztutar bolaýdy” diýip, Ançeski aýtdy.

Glasgow uniwersitetiniň Ýewraziýany öwreniş merkeziniň professory Luka Ançeski
Glasgow uniwersitetiniň Ýewraziýany öwreniş merkeziniň professory Luka Ançeski

Ozallar Nyýazowyň kölegesinde galyp, syýasy giňişlikde kän bir tanalmadyk Berdimuhamedow ilkibaşlarda halka belli bir derejede erkinlik wada berýärdi, Internet elýeterliligini wada berýärdi, daşary ýurtlara ýollaryň açyljakdygy aýdylýardy. Ýöne aradan 15 ýyl soň, häzir, Türkmenistan, halkara hasabatlara görä, raýatlaryň esasy azatlyklaryny, söz azatlygyny, metbugat azatlygyny, din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde, ilata iň haýal Internet hödürlemekde tanalýar. 2016-njy ýylda Serhetsiz reportýorlar guramasy Gurbanguly Berdimuhamedowy Internetiň ganym duşmanlarynyň sanawyna goşdy.

Eýsem, Berdimuhamedow ilki wezipä girişende, halkara jemgyýetçiligi, halkara akademiýa wekilleri we synçylar onuň dolandyryşyny nähili garşylady?

Ançeskiniň gürrüň bermegine görä, käbir günbatar akademikleri, ylym işgärleri, hususan-da Demirgazyk Amerikadan bolan käbir akademikler, syýasaty öwrenijiler Berdimuhamedowyň wezipä gelmegini oňyn garşylap, onuň ýurtdaky ýagdalary üýtgetjekdigine ynam bildiripdirler:

“Soňra, bir tüýsli çekeleşikler, debatlar başlady, hususan-da, Demirgazyk Amerikada alnyp barlan ylym işlerinde Berdimuhamedowyň ýurtda ýagdaýlary üýtgetmäge garaşylýandygy aýdyldy. Hatda bir topar görnükli professorlar ‘Berdimuhamedow ýagdaýlary üýtgeder’ diýýärdiler. Siňe seredip, gözleg geçirseň şeýle maglumatlary tapmak mümkin. Sebäbi olar Berdimuhamedowyň aýdýan zatlaryna ynanýardylar. Men asla giň gerimli özgertmelere garaşmadym. Sebäbi, aslynda-da men ýagdaýlara biraz pessimist çemeleşýän, ýöne şol bir wagtda men türkmen syýasatynyň sazlamalaryna (konfigurasiýasyna) düşünýärdim: eger-de, olar şonuň ýaly kişini häkimiýet başyna getirýän bolsalar, olar muny ýagdaýlary üýtgetmek üçin däl-de, saklap galmak üçin edýärler. Bu şeýle-de boldy. Men hatda Berdimuhamedow döwründe açyklyga synanyşyk hem edilmedi diýip bilerin. Ýöne, akademikleriň belli bir bölegi, hatda käbir syýasatçylar, karar kabul ediji adamlar örän uly umyt bagladylar. Ýöne men özüm barada aýtsam, asla, nähilidir bir özgerişiň boljakdygyna ynanmadym. Görşümiz ýaly, bolup geçen wakalar meniň mamladygymy görkezdi” diýip, Ançeski aýtdy.

Synçylara görä, ýurduň ykdysady kuwwaty soňky ýyllarda juda pese gaçdy, giň ýaýran işsizlik sebäpli ýurdy terk eden ýüzlerçe müň raýat daşary ýurtlarda galdy, ilatyň ep-esli bölegi subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galdy. Ýöne muňa garamazdan, resmiler we media serişdeleri, synçylara görä, ýurtda dowam edýän kynçylyklary ýaşyrmak bilen gümra bolýarlar, dowam edýän kynçylyklary aç-açan boýun almaýarlar.

Türkiýe: türkmenistanly migrant ýurda dolanmak üçin prezidentden ýardam soraýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:07:33 0:00

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Luka Ançeski Türkmenistanda Nyýazow döwri bilen Berdimuhamedow döwrüni deňeşdirýär, syýasy we ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşandygyny aýdýar:

“[Berdimuhamedow döwründe] ýagdaýlar negatiw tarapa özgerdi. Nyýazow bilen ilat arasynda nähilidir bir sosial pakt, durmuş ylalaşygy bardy. Syýasy we sosial azatlyklaryň öwezi her niçik-de bolsa ykdysady mümkinçilikler bilen dolunýardy – ilata ýeňillik ulgamlary hödürlenýärdi, adamlar elektrik energiýasy üçin, gaz üçin pul tölemeýärdi, ilata ýeňillikli azyk önümleri hödürlenýärdi” diýip, Ançeski aýtdy.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt hödürlenen elektrik togy, gaz we beýleki ýeňillikler tölegli edildi.

Ekspertiň ynanjyna görä, Nyýazow döwründe-de, Berdimuhamedow döwründe-de ilat giň ýaýran korrupsiýadan ejir çekdi.

Galyberse-de, ekspertiň ynanjyna görä, Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrýan ýyllary, umuman aýdylanda, tutuş dünýäde global awtoritarçylygyň ýoň bolup barýan döwürlerine gabat geldi.

Berdimuhamedow 2012-nji ýylda ikinji möhlete, 2017-nji ýylda üçünji möhlete prezident yglan edildi.

Nyýazowyň ölüminden soňra onuň şahsyýet kultunyň dabaralandyrylmagy Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň dabaralandyrylmagy bilen çalşyryldy.

Türkmenistanyň Mejlisi 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” yglan etdi. Prezident Berdimuhamedow halkyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny aýdýar, döwlet mediasy Türkmenistanyň ilatynyň “berkarar we bagtyýar zamanada” ýaşaýandygyny gaýtalaýar. Berdimuhamedowyň wezipä gelmeginden soňra ýatyrylyp, üç ýyl gowrak mundan ozal gaýtadan dikeldilen we soňra üýtgedip gurlan Halk Maslahaty bolsa ýakyn günlerde ýurduň 30 ýyllyk geljegini maslahat etmäge taýýarlyk görýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG